Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
“Oguzhan” köşkler toplumynda giňişleýin düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Syýasy habarlar
“Oguzhan” köşkler toplumynda giňişleýin düzümde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Çap edildi 06.03.2017
1327

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ikiçäk gepleşikleri tamamlanandan soň, ýokary derejedäki gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bähbitleriň umumylygy hem-de özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga syýasy erk-islegiň bolmagy bilen şertlenendir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady. Energetika hem-de ulag ulgamy hyzmatdaşlyk etmegiň strategiki ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Bu babatda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň üstünlikli mysaly eýýäm bar – 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistandan Hytaýa çekilip ulanmaga berlen gaz geçirijisiniň bir bölegi Özbegistanyň çäklerinden geçýär. Taraplar söwda-ykdysady aragatnaşyklary, işewür jemgyýetçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy ugrunda çykyş etdiler. Gepleşiklerde ekologiýa babatda, ýagny suw hojalyk meselelerinde hem-de çölleşmäge garşy göreşmekde ikitaraplaýyn derejede we halkara görnüşinde özara hereketleriň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyk etmegiň, ynsanperwer, ylmy we sport hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanlary möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakynlygy ýa-da gabat gelýänligi hem Türkmenistany we Özbegistany tapawutlandyrýandygyny nygtadylar. Bu bolsa sebitde durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmek babatda tagallalary birleşdirmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynyň “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow