Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň ýygyndy topary - Tailandda jiu-jiutsu boýunça iri ýaryşlaryň ikisiniň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn ikinji orunda
Sport
Türkmenistanyň ýygyndy topary - Tailandda jiu-jiutsu boýunça iri ýaryşlaryň ikisiniň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn ikinji orunda
Çap edildi 19.02.2017
2587

Şu gün Tailandyň paýtagtynda sportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça “Grand Slam” halkara ýaryşy hem-de ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşy tamamlandy. Biziň watandaşlarymyzyň görkezen çykyşlary üstünlikli boldy: ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üsti medallaryň 44-si bilen ýetirilip, olaryň 11-si altyn, 18-si kümüş we 15-si bürünç medallardan ybarat boldy. Bu görkeziji umumy toparlaýyn çykyşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ikinji orna çykardy. Bangkok şäherine Malaýziýadan, Indoneziýadan, Singapurdan, Iordaniýadan, Tunisden, Wýetnamdan we beýleki ýurtlardan türgenleriň ýüzlerçesi geldiler. Ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça tutluşyklar hem-de görkezme çykyşlarynyň “ne-waza” we “duo” diýen ugurlary boýunça geçirildi. Türkmen toparynyň düzüminde Kemal Meredow, Myrat Gimmiýew, Döwran Myradow, Nasibjan Izbasarow, Maral Öwezgeldiýewa, Ýalkym Nuryýew, Kemal Meredow, Jelilmuhammet Hojamyradow, Gülbahar Madreýimowa, Angelina Filippowa, Sabina Agajanowa we Leýla Kuliýewa hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar.

Soňky habarlar
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
top-arrow