Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda Küşt boýunça halkara ýaryşy tamamlandy
Sport
Aşgabatda Küşt boýunça halkara ýaryşy tamamlandy
Çap edildi 18.06.2025
61

Şu gün paýtagtymyzda üç gün dowam eden Küşt boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri jemlenilenden soň, Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşyna gatnaşyjylara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. 

Bu dabaranyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde halkara ýaryşyň netijeleri jemlenilip, onuň ýeňijilerine mynasyp bolan medallarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 

Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenilende, Watanymyz Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlarymyz aýratyn tapawutlanmagy başardylar. 

Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen 

halkara ýaryşynda küştüň rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabatyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçülerimiz – 3 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç, jemi 10 medallary gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. 

Bäsleşikde ikinji orna 2 altyn we 2 kümüş, jemi 4 medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri hem-de baýrakly üçünji orna 1    altyn we 1 bürünç, jemi 2 medal gazanan Gazagystan Respublikasyna wekilçilik eden zehinli küştçüler mynasyp boldular. 

Şunda, hususan-da, 8 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda 8 utuk toplan özbegistanly Larina Zarina I orun we altyn medal, Türkmenistandan 7 utuk toplan Jumaýewa Bägül II orun we kümüş medal hem-de Gazagystandan 6 utuk toplan Alemanowa Amira III orun we bürünç medal gazandylar. 

10 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Wepaýewa Läle 8 utuk toplap, I orna we altyn medala, Özbegistandan Nematjonowa Zarina 7 utuk toplap, II orna we kümüş medala, şeýle hem ýene-de Türkmenistandan Ruslanowa Dünýä 6,5 utuk toplap, III orna we bürünç medala mynasyp boldular. 

12 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlary Türkmenistanyň küştçi gyzlary: 8 utuk toplan Hupbyýewa Dilber I orun we altyn medal, 7 utuk toplan Baýramowa Aýa II orun we kümüş medal hem-de 6 utuk toplan Söýünowa Nurana III orun we bürünç medal eýelediler. 

8 ýaşly oglanjyklaryň arasynda Türkmenistandan Çaryýew Çaryhekim 8 utuk toplamagy başaryp, I ornuň we altyn medalyň, Özbegistan Respublikasyndan Erkinboýew Saýfutdin 7,5 utuk toplap, II ornuň we kümüş medalyň hem-de Täjigistan Respublikasyndan Saifiew Murodali 6 utuk toplap, III ornuň we bürünç medalyň eýeleri boldular. 

10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: 8,5 utuk toplan Özbegistandan Rajabow Abdurahmon I orun, şonça utuk bilen Türkmenistandan Awlüýäkulyýew Maksat II orun hem-de 6 utuk toplan Eýrandan Asghar Khatir Saniar III orun. 

12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa I orna 8 utuk toplap, Gazagystan Respublikasyndan Primbetow Nurassyl altyn medal hem-de 7,5 we 6 utuklary toplap, Türkmenistandan Batyrow Alyhan hem-de Hamrakulyýew Osman degişlilikde II we III orunlary hem-de kümüş we bürünç medallary gazandylar. 

Halkara küşt ýaryşynyň blis görnüşinde-de ata Watanymyz Türkmenistanyň küştçüleri birinji orny eýelediler. Ýaryşyň bu görnüşinde biziň ýaş küştçülerimiz 4 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç – jemi 9 medallary gazanmagy başaryp, özleriniň bu oýunlarda zehin taýdan tapawutlanýandyklaryny subut etdiler. 

Blis ýaryşynda ikinji orna 2 altyn we 1 kümüş – jemi 3 medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri hem-de baýrakly üçünji orna 3 kümüş we 2 bürünç – jemi 5 medal gazanan Gazagystan Respublikasyna wekilçilik eden zehinli küştçüler mynasyp boldular. 

Küşt ýaryşynyň blis görnüşinde, hususan-da, 8 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda 7,5 utuk toplan türkmenistanly Çaryýewa Anna I orun we altyn medal, Özbegistandan 7 utuk toplan Larina Zarina II orun we kümüş medal hem-de ýene-de Türkmenistandan 6,5 utuk toplan Isaýewa Laçyn III orun we bürünç medal gazandylar. 

10 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlary Türkmenistanyň küştçi gyzlary: 8 utuk toplan Ruslanowa Dünýä I orun we altyn medal, 7 utuk toplan Wepaýewa Läle II orun we kümüş medal hem-de 6,5 utuk toplan Muhammetberdiýewa Jumasoltan III orun we bürünç medal eýelediler.

12 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Baýramowa Aýa 9 utuk toplap, I orun we altyn medal, Gazagystandan     Kairbekowa Alina 7 utuk toplap, II orun we kümüş medal hem-de Gyrgyzystandan Ramisowa Adelina 6,5 utuk toplap, III orun we bürünç medal gazandylar. 

8 ýaşly oglanjyklaryň arasynda birinji we ikinji orunlary ýaş türkmen küştçüleri paýlaşdylar – 8 utuk toplan Çaryýew Çaryhekim I orna we altyn medala, Garlyýew Isa 7,5 utuk toplap, II orna we kümüş medala eýe boldular, III orna we bürünç medala bolsa 5,5 utuk toplan Gazagystandan Omurzakow Altair mynasyp boldy. 

10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: 7,5 utuk toplan Özbegistandan Rajabow Abdurahmon I orun we altyn medal, 6,5 utuk bilen Gazagystandan Mukaşew Alrami II orun we kümüş medal hem-de şonça utuk toplan Türkmenistandan Merdanow Myrat III orun we bürünç medal. 

12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa I orna we altyn medala 8 utuk toplap, Özbegistandan Husanow Islombek mynasyp boldy. Ikinji we üçünji baýrakly orunlary gazagystanly ýaş küştçüler paýlaşdylar – 8 utuk toplan Primbetow Nurassyl II orun we kümüş medal hem-de 6 utuk toplan Amangeldy Nuras III orun we bürünç medal eýelediler. 

Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki 

Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda küştüň RAPID we BLITZ görnüşi boýunça umumy medal hasabatynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş we 6 bürünç – jemi 19 sany medal gazanyp, birinji orun eýelemek bilen ýaryşyň ýeňijisi boldy. 

Ikinji orna 4 altyn we 3 kümüş – jemi 7 medal gazanan Özbegistan Respublikasyndan gelen ýaş küştçüler mynasyp boldular. Üçünji orny 1 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç – jemi 7 medallary gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň ýaş küştçi oglan-gyzlary eýelediler.

Baýrakly orunlary eýelän zehinli ýaş küştçülere olaryň mynasyp bolan medallary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen halkara ýaryşyna gatnaşyjylar Arkadag şäherine gelip, ilki bilen bu ýerdäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň binasynyň öňünde surata düşdüler. 

Soňra dabara gatnaşyjylar – Arkadag şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, wagyzçylar, halkara ýaryşyna gatnaşyjylar, şeýle hem Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri dabaranyň geçirilýän ýeri bolan “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanyna geldiler. 

Dabarada çykyş edenler Aşgabat şäherinde halkara küşt ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlap, bu bäsleşigiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýetini bellediler hem-de küşt sportunyň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi we wekilçilikli halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmäge döredilen hemme mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we ýokary netijeli sport hereketini ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň özenidir. Bu ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. 

Şunuň bilen birlikde, Aşgabatda ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde üç günläp dowam eden halkara küşt ýaryşynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň bütin dünýä üçin dost-doganlyk, asudalyk, abadançylyk, agzybirlik we jebislik goldawyny yzygiderli amala aşyrýandygyny äşgär edendigi bellenildi. 

Aşgabatda tamamlanan halkara küşt ýaryşy Türkmenistanyň ýokary derejeli ýaryşlary guramak üçin ähli şertleri bolan ýurtlaryň hatarynda orun alandygyny alamatlandyrdy, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi.

Aşgabatda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryşy sport diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň oňyn netijeler bilen begendirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi diýip, çykyş edenler aýtdylar hem-de ýaryşa gatnaşyjylary halkara sport çäresiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutladylar. 

Soňra Aşgabat şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşyna gatnaşyjylara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 

Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan we Özbegistandan ýaryşa gatnaşan 8, 10 we 12 ýaşly zehinli küştçi çagalar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlary bolan noutbuklary tüýs ýürekden hoşallyk bilen kabul etdiler. Şeýle hem sowgatlar ýaryşa gatnaşan çagalaryň ýany bilen Aşgabada gelen olaryň ata-enelerine, tälimçilerine we lukmanlaryna-da, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna gowşuryldy. 

Sowgatlaryň gowşurylyş dabarasyndan soň, bu ajaýyp dabara mynasybetli ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. 

Konsert maksatnamasynda Garaşsyz Watanymyzyň şu gününi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän eserler, bagtyýar çagalyk, ýaşlyk, joşgunly duýgular hem-de tansly kompozisiýalar bilen birlikde, daşary ýurtlaryň çagalar dünýäsine degişli dünýä belli aýdym we saz eserleri ýerine ýetirildi. Konsertiň ajaýyp çykyşlary halkymyzyň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp çärä öwrüldi. 

Daşary ýurt aýdymlaryndan utgaşdyrylyp sazlaşykly düzülen çykyşyň ýerine ýetirilmegi konserte gatnaşyjylar üçin hakyky aýdym-saz çemenine öwrüldi. 

Konsertiň ahyrynda türkmen halk aýdym-sazy we tansy «küştdepdi» ýerine ýetirildi. 

Şeýlelikde, halkara küşt ýaryşy üstünlikli tamamlandy. Myhmanlar taýýarlanylan konsert maksatnamanyň göwünleri joşduryp, ruhuňy göterýän pursatlary emele getirýändigini aýratyn şatlyk bilen bellediler. Şatlyk-şowhuna goşulyp, ýürek joşgunlaryny beýan eden myhmanlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňky habarlar
18.06
Aşgabatda Küşt boýunça halkara ýaryşy tamamlandy
17.06
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy
17.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
16.06
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
16.06
Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryşa badalga berildi
top-arrow