Baş sahypa
\
Sport
\
Aýrybaba dagynyň belentligine çykýan türkmen alpinistleriniň topary 2 müň metr belentlige galdylar
Sport
Aýrybaba dagynyň belentligine çykýan türkmen alpinistleriniň topary 2 müň metr belentlige galdylar
Çap edildi 15.02.2017
2874

Düzüminde TDH-niň hem habarçysy bolan bu topar Türkmenistanyň tugyny hem-de Aziada-2017-niň nyşanyny ýurdumyzyň iň beýik nokadyna elter, dag belentligine çykmak ýörişi ýetip gelýän milli baýrama – Döwlet baýdagynyň gününe hem-de Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna bagyşlanýar. Gyşyna dag belentligine çykmagyň öz aýratynlygy bar, ol tomus paslyna garanyňda başga usuly ulanmagy talap edýär, ýörişe gatnaşyjylara ýokary talaplary bildirýär. Ýörişe öňünden ykjam taýýarlyk görmek, bolup biläýjek ähli ýagdaýlary, ýolda ýüze çykjak garaşylmadyk hadysalary nazarda tutmak erkiňi pugtalandyrýar, özüňe bolan ynamyňy güýçlendirýär. Ýörişe gatnaşyjylaryň belentlige galdygyça, howa-da barha sowaýar. Daşky görnüş gözüň alnynda keşbini üýtgedýär, duman dargaýar. Asman gar sepeleýär, soňra gardan doly ýol başlanýar. Alpinistler özleriniň ýeňil bolmadyk goşlaryny arkasyna atyp, aýakgaplarynyň astynda heniz doly doňup ýetişmedik buz gatyşykly garyň şadyrdy sesini galdyrýarlar. Deňiz derejesinden bir ýarym kilometre golaý belentlikde ýerli ýaşaýjylar tarapyndan sarpa goýulýan Halpa baba atly täsin künjek ýerleşýär. Bu ýerleriniň tebigy gözelligine aralaşyp, Köýtendagyň ýaşaýjylarynyň oňa keramat hökmünde sarpa goýýandyklaryna düşünýärsiň. Bu ýerdäki her bir täsin künjek syrly taryhlar, keramatly gojalaryň atlary bilen baglanyşyklydyr, olara adamlar asyrlaryň dowamynda hormat goýup gelipdirler. Nesilden-nesle geçip gelýän rowaýatlar halkyň her bir daragta, bu ülkäniň ösümligine, onuň her bir daban ýerine örän aýawly çemeleşmegine ýardam beripdir. Biziň günlerimizde bolsa ýerli dag künjekleriniň “tumarlary” ekologlaryň – goraghananyň işgärleriniň netijeli işleri bilen baýlaşdyrylýar. Ädimme-ädim belende çykylýar, täsin seýrek arça tokaýlygy adam aýagy düşmedik täsin tebigatyň gözelliginden habar berýär. Goraghananyň hünärmenleriniň alyp barýan işleriniň netijesinde bu ýerleriň daglarynyň ozalbaşky görnüşiniň saklanyp galynmagy olaryň zähmetine hormat-sarpa döredýär. Daş-töwerekde gyş höküm sürýär. Toplanan garyň aramy astynda arçalaryň şahalary baş egýär. Ýöriş ýolunyň iki tarapynda hem agaçlaryň aňyrsynda, daglaryň arasyny çuň jülgeler kesýär, olar dagyň çür depesinde birikýärler. Ýaz paslynda Aýrybabanyň gardan ýasalan telpegi erän mahaly, Köýtendagyň ýaşyl eňňitlerinde köpsanly çeşmejikler joşup akyp başlaýar. Emma häzirki wagtda Köýtendagyň iň belent depesinden gözbaş alýan uly we kiçi çeşmeler dynç alýar, bahar paslyna çenli güýç toplaýar. Dagyň garlyk belentliginde bolsa ýörişe gatnaşyjylaryň aýak yzlary äşgär saýgarylýar. Emma ünsli seredilende garyň üstünde örten towşanlaryň, gemrijileriň, toýnakly jandarlaryň, hatda iri we ownuk ýyrtyjylaryň aýak yzlaryny saýgarmak mümkindir. Goraghananyň işgärleriniň alyp barýan tebigatyň ýyl ýazgylaryna laýyklykda goraghananyň çäklerinde burum şahly dag goçuna, geçigaplaňa... gabat gelmek mümkindir. - Bu gün belentlige galmak gowy türgenleşik boldy, ol belentlige öwrenişmäge ýardam berdi – diýip, biziň habarçymyz ýazýar. – Ýoluň ilkinji bölegi şeýle bir kert däldi, şeýle-de bu ýerde gar hem köp ýygnanmandy. Biziň egnimizdäki ýükümiz hem dagda birnäçe gün özbaşdak ýaşamak üçin diňe zerur zatlardan ybaratdy. Emma bir üşemeýärdik, hatda gyzyşýardygam. ... Iňrik garaldy. Ilkinji düşelgäni gurnamagyň wagty geldi. Ýörişe gatnaşyjylar ýörite piljagazlar bilen çadyr öý gurmak üçin meýdany gardan arassaladylar. On minut hem gemänkä sintetiki matalardan ybarat gurnama öýjagazlar peýda boldy, olar çyg geçirmeýär, dürli reňkli şekiller bilen bezelen alýumin we karbon gurnamalaryndan ybarat bolan öýjagazlar baglar bilen sazlaşýardy. Öňde - täze gün we ýoluň indiki bölegi.

Soňky habarlar
11.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy
10.08
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: döwrebaplyk, wajyplyk we jogapkärçilik
10.08
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
09.08
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
07.08
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
07.08
Dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
06.08
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.08
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň wi­se-prezidenti, Da­şa­ry iş­ler fe­de­ral de­par­ta­men­ti­niň baş­ly­gy­ny ka­bul et­di
05.08
Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da — döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry
05.08
Me­de­ni­ýet — gym­mat­ly milli mi­ras we pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti
top-arrow