Geçen hepde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijeliligini şöhlelendirýän möhüm wakalara baý boldy. Bu maksatnamalar ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine halkara guramalar bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary berkitmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Geljek ýylyň bugdaý ekişine, gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işlerine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işlerine, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işlerine aýratyn üns çekildi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň zerurdygy bellenildi.
20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem ýurdumyzyň parahatçylygy üpjün etmäge, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berýändigi, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, daşky gurşawy goramaga gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýändigi aýdyldy. Türkmenistanyň bu başlangyçlary halkara derejede giň goldawa eýe bolýar.
BMG bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibinde parahatçylyk we howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer meseleler ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolan “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşine möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurt meýilnamalaryna esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen birnäçe bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi we geçirilýär. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar.
Öz nobatynda, diplomat Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylyk binýadyny berkitmek, şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işler, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak bilen bagly meseleler bar.
1-nji awgustdan başlap, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda welaýatlarda we etraplarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde okuwçylardyr talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramagyň teklip edilýändigi habar berildi. Awgust aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Sporty ösdürmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça işleriň çäklerinde Aşgabat şäherinde Abu-Dabi welosport klubunyň hem-de ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçiriler.
BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek Hökümet mejlisinde garalan aýratyn meseleleriň biri boldy. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şeýlelikde, Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi, 2027 — 2037-nji ýyllary “Birleşen Milletler Guramasynyň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmegi teklip etmegi, BMG-niň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek boýunça geňeşmeler geçiriler.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlär.
Dünýä derejesinde ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýän Türkmenistan 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň» maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin ählumumy seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer. Ýurdumyz 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer.
Türkmenistanyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler we Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjy öňe sürler. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy institusional esasda ösdürmäge hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny ilerletmäge gönükdirilen täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy bolan Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny hödürlär. Mundan başga-da, Türkmenistan gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça teklip bilen çykyş eder. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek boýunça geňeşmeler geçiriler.
Zenanlaryň we ýaşlaryň dialogyny ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistan bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny mundan beýläk-de ilerletmegi, onuň BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasy we Zenanlar düzümi bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyny giňeltmegini dowam etdirer. Mundan başga-da, halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda ýaşlaryň işjeňligi artdyrylar hem-de Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işi goldanylar. Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen baglylykda, Türkmenistanda halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklip ediler. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin agzasy, BMG-niň beýleki düzüm birlikleriniň we komissiýalarynyň agzasy hökmünde işini işjeň dowam etdirer.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň dowamynda 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna, guramanyň beýleki saýlawly wezipelerine ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barlar. Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda ýaýratmak we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli hem-de halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly harytlary we intellektual önümleri öndürmäge gönükdirilen senagat-tehnologik guşaklygy kemala getirmek boýunça taslamanyň üstünde işlemegiň wagtynyň gelendigini, iki ýurduň serhedinde Gündogar — Günbatar ugry boýunça özboluşly iri üstaşyr geçelgä öwrüljek ulag-logistika merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. «Türkmenistan — Özbegistan» Ýokary geňeşiniň döredilmegi geljekde döwletara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmäge mümkinçilik berjek ileri tutulýan başlangyçlaryň biri bolup biler.
Geçen hepdede Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi bilen özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary kesgitlenildi. Şunuň bilen bir hatarda, şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň teklipleri esasynda milli mirasymyzyň üç gymmatlygyny ÝUNESKO-nyň sebit we halkara sanawlaryna girizmek üçin resminamalaryň taýýarlanylandygy hem-de hödürlenilendigi bellenildi.
Şeýlelikde, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly halk lukmançylygyndaky däpleri hem-de tahýa taýýarlamagyň sungaty we ony geýmegiň däpleri hödürlenildi, VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym, akyldar sopy Ybraýym Edhemiň durmuşy we filosofiýasy barada ýurdumyzyň golýazmalar gaznasynda saklanylýan ýazuw gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna girizilmegi teklip edildi.
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda toparyň 2026-njy ýylyň geçen döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi hem-de öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik möwsümi dowam edýär. Şu ýyl ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler. 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende, birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň girizilmeginiň hasabyna, 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy. Mundan başga-da, orta hünär okuw mekdeplerinde-de täze hünärler açyldy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara dostluk günleriniň çäginde guralan “Beýik Ýüpek ýoluna “Arirang” arkaly medeni syýahat” atly çärede üstünlikli çykyş edip, halkara festiwalyň ýadygärlik nyşanyna mynasyp boldular.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli dialogy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.