Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde uýgunlaşmak kuwwatyny artdyrmak, howanyň üýtgemegine we tebigy betbagtçylyklara durnuklylygy pugtalandyrmak hem-de goragsyzlygy peseltmek” atly ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen hem-de BMG-niň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guralan duşuşyga foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň hem-de abraýly halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Howa bilen baglanyşykly mesele ykdysady ösüşe, durmuş taýdan abadançylyga we ekologiýa durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýän durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biridir. Howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmegi ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, tebigy landşaftlaryň üýtgemegi, beýleki ekologik wehimler aýratyn derwaýyslyga eýe bolýar. Şundan ugur alyp, Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik netijeli dialog hem-de ýokarda agzalan möhüm meseleler, şol sanda ony maliýeleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň hem-de jogapkärli orny eýelemek bilen, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek gerek. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem-de onuň çäklerinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän iri halkara çäreler onuň aýdyň güwäsidir.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň aýrylmaz böleginiň biri hökmünde kesgitlenilen howa we ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenen hem-de beýleki bir şanly senä — Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna gabat gelen Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna gatnaşmak bilen, olary ýerine ýetirmek, şol sanda oýlanyşykly tebigaty goraýyş syýasatyny durmuşa geçirmek, ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna innowasion “ýaşyl” we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri çözmek boýunça netijeli çäreleri görýär. Türkmenistanyň “Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasy” kabul edildi. Ol howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek we oňa uýgunlaşmak boýunça hereketleriň toplumlaýyn meýilnamasyny öz içine alýar. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy. Borçnamada göz öňünde tutulan maksatlardan we wezipelerden ugur alyp, 2025-2026-njy ýyllar üçin degişli “Ýol kartasy” taýýarlanyldy. Ony durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, sebit meselesine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan howa we ekologiýa meseleleri boýunça netijeli halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, munuň üçin özüniň oňyn tejribesini we mümkinçiliklerini hödürlemäge çalyşýar.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda uýgunlaşmak kuwwatynyň artdyrylmagy we howanyň üýtgemegine hem-de tebigy betbagtçylyklara durnuklylygyň ýokarlandyrylmagy ählumumy möçberde, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, suw meselesi, hususan-da, suwdan rejeli peýdalanmak, şeýle hem oba hojalygynda ekerançylygyň serişdeleri tygşytlaýjy usullaryny we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Mundan başga-da, ulag we logistika degişli meseleleri çözmek boýunça ylalaşykly çäreleriň görülmeginiň zerurdygy bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň köpüsi gazylyp alynýan baýlyklaryň uly gorlaryna, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda uly mümkinçiliklere eýe. Hususan-da, arassa energiýanyň ygtybarly we arzan çeşmelerine elýeterlilik DÇBÖBD-e parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen, önümçilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Munuň özi ilatyň saglygyna hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak üçin degişli strategiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda DÇBÖBD-e toplumlaýyn goldaw zerur bolup durýar. Şeýle çemeleşme düzümleýin özgertmeleri höweslendirmek, ykdysady taýdan esaslandyrylan taslamalary taýýarlamakda ýardam bermek we umuman, durnukly ösüş üçin uly ähmiýete eýedir.
Tebigy betbagtçylyklar barada irki duýduryş ulgamyny hem-de olaryň howpuny azaltmak strategiýalaryny işläp taýýarlamaga degişli meselelere-de garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň “Hemmeler üçin irki duýduryş” başlangyjynyň ähmiýeti bellenildi.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň gün tertibinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Ol işiň möhüm ugurlaryny kesgitläp, Durnukly ösüş maksatlarynyň, heläkçilik howpuny azaltmak boýunça Sendaý Çarçuwaly maksatnamasynyň, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň üstüni ýetirýär. Maksatnamada şeýle hem Howanyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak, ekologik wehimler bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ileri tutulýan maksatlar bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, onda howa babatda durnukly infrastrukturany döretmäge, biodürlüligi goramaga we ekologiýa ulgamyny dikeltmäge aýratyn üns berilýär.
Şeýle hem DÇBÖBD-niň howa babatda maliýeleşdirmäge elýeterliligini gowulandyrmak, amatsyz ýagdaýlary azaltmaga, howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmäge gönükdirilen netijeli uýgunlaşmak çäreleri bilen bagly strategiýalary işläp taýýarlamagyň, täze şertlerde bu ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmakda innowasion tehnologiýalary hödürlemek arkaly goldaw bermegiň möhümdigi nygtaldy. Şunda halkara maliýe institutlarynyň we hyzmatdaşlaryň ýokarda agzalan işe gatnaşmagy bilen bagly mesele barada durlup geçildi.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza şu duşuşygyň, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde geçirilýän köp sanly çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu çäreler ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge ýardam eder.