Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary
Jemgyýet
Orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary
Çap edildi 25.05.2026
17

Düýn 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu dabara mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlaryň on müňlerçesi üçin täze durmuşyň başlangyjyny alamatlandyryp, ýakymly we tolgundyryjy pursatlara beslendi. Dabaranyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşmagy onuň şowhunyny has-da artdyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamaga möhüm wezipeleriň biri hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen orta mekdepleriň sany artýar, okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bilim ulgamyna innowasion sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär.

Häzirki döwrüň ýaşlary Garaşsyz Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly bolup, ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterjek nesillerdir, berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşjak geljekki hünärmenlerdir. Hut şonuň üçin hem olaryň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna, täzeçil tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ulgamda özgertmeleri amala aşyrmak, ony ýokary dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak meselelerine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Diýarymyzda ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Uçurymlara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda hem bilimlerini artdyrmaklary, hünär eýeleri bolmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netijesidir.

...Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy.

Soňra ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Dabaralaryň başynda Döwlet senasynyň ýaňlanmagy ýaşlaryň watansöýüjiliginiň, halkymyza wepalylygynyň we ruhubelentliginiň nyşanyna öwrüldi. Soňra hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.

“Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda özboluşly orun tutýan «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli mähriban uçurymlarymyzy durmuş ýolunda täze menzillere, belent maksatlara ruhlandyrýan dabaralary giňden ýaýbaňlandyrýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Gutlagda nygtalyşy ýaly, gözel Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, berkarar döwletimiziň ähli şäherdir obalarynda geçirilýän baý mazmunly çäreler «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda tutýan ornuny has-da ýokarlandyrýar. Belent döredijilik ruhuna ýugrulan bu dabaralar Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilimleri we ylymlary ele almaklary, zehin-başarnyklaryny kesp-hünärlere, zähmete gönükdirmekleri, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan nusgalyk işleri bütin dünýä aýan edýär.

Dabaranyň dowamynda uçurymlaryň ene-atalary, bilim işgärleri orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Uçurymlar hem bilim-terbiýe beren mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Mekdep ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

«Soňky jaň» dabaralary okuwçylaryň ýerine ýetiren täsirli çykyşlary bilen utgaşdy. Uçurymlar soňky jaňy kakdylar we täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurdylar. Dabaralaryň dowamynda asuda asmanymyzda parahatçylygyň buşlukçysy bolan ak kepderileriň peýda bolmagy bu nurana baýramyň iň şatlykly pursatlarynyň birine öwrüldi.

Dabaralara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary, işlemäge, okamaga, ýokary bilimli, täzeçil pikirlenýän, maksada okgunly ýaş nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy. Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, uçurymlar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda ak mermerli paýtagtymyza, Watanymyza, halkymyza, mekdep ýyllaryna bagyşlanan aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Soňky habarlar
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
25.05
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
25.05
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
25.05
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy
25.05
Orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary
25.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 526 müň dollaryndan gowrak boldy
25.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
25.05
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
top-arrow