Şu gün paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmen halyçylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.
Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň — ajaýyp halyçylyk sungatynyň şöhratyny belende göterýän senedir. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerimize wepalylygymyzy görkezýär we şöhraty dünýä dolan türkmen halylaryna, olary dokaýan ussat halyçylaryň çekýän asylly zähmetine goýulýan belent hormatyň nyşany hökmünde bellenilip geçilýär.
Türkmen halylarynyň nagyşlarynda halkymyzyň taryhy, pelsepesi we dünýägaraýşy beýan edilendir. Gözelligi, nepisligi, köpöwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň asylly ýörelgeleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Haly gölleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde hem çuňňur many bar. Bu nyşanlar türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini alamatlandyrmak bilen, ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygyň, gazanylýan üstünliklere buýsanjyň, nurana geljege ynamyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de haly gölleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezeglerinde, binagärlik keşbinde giňden ulanylýar. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň iň uly haly göli ýerleşdirilen bina hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alandygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halylar tutuş adamzadyň medeni hazynasynyň ajaýyp ýadygärligi hökmünde ykrar edildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
...Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat sergi ýaýbaňlandyryldy. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada, açyk asmanyň astynda halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olarda nepis türkmen halylarynyň waspy ýetirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. “Türkmen zenanynyň zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydygy bellenilýär. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygydyr, törlerimiziň bezegidir, halkymyzyň guwanjydyr. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden dörän bu gadymy sungatymyz dünýäde doly ykrar edilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper haly kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan ajaýyp halylarydyr haly önümleri baýramçylyk mynasybetli guralan serginiň baş bezegine öwrüldi. Arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylar, gadymy usullar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlanan döwrebap haly önümleri, ussat zenanlaryň elinden çykan palaslar, kilimler, dürli görnüşli sowgatlyk önümler, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary göreni haýrana goýýar. Şeýle-de sergide ýurdumyzyň halyçylyk bilen meşgullanýan telekeçileri öz işlerini görkezdiler. Telekeçi zenanlaryň haly önümleri gözelligi, nepisligi, aýratyn çeperçilik çemeleşmeleri bilen myhmanlaryň ünsüni çekdi. Görkezilýän önümleriň hatarynda nusgawy gölli, dürli şekilli halylar, güberçekli halylar bar. Olaryň arasynda gadymy türkmen halylarynyň gaýtadan dikeldilen nusgalary esasynda döredilen täze nepis görnüşleriniň hem bardygyny bellemek gerek. Sergä gatnaşýan myhmanlara köp sanly haly we haly önümlerini synlamak bilen bir hatarda, milli halyçylyk sungatynyň däpleriniň gadymy kökleri, türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, şöhraty dünýä dolan türkmen halyçylyk sungatynyň köpöwüşginli ugurlary bilen tanyşmaga, halkymyzyň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary barada maglumat almaga-da mümkinçilik döredildi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly ada mynasyp bolanlar milli mirasymyzy gorap saklamagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini buýsanç bilen nygtadylar. Olar döredijilikli zähmet çekmek, gadymy sungatyň inçe tärlerini geljek nesillere ýetirmek, zehinli halyçylary taýýarlamak babatda ähli mümkinçilikleriň döredilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekillerini, ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynyň işgärlerini, dünýäniň ylmy, işewür jemgyýetçiliginiň agzalaryny, alymlary, halyşynaslary bir ýere jemlän mejlisde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki mümkinçilikleri baradaky çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda türkmen halysynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuna üns çekildi. Bellenilişi ýaly, haly türkmeniň köňül nagşy we milli buýsanjydyr. Türkmenleriň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen halysy taýsyz owadanlygy, nepisligi bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halylara salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Gelin-gyzlarymyz türkmen sährasynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni, ýaşaýyş-durmuş şertlerini nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler.
Halylaryň gözellik dünýäsini özünde jemlemeginde tebigy boýaglara möhüm orun degişlidir. Tebigy boýagdan dokalan halylar hiç wagt solmaýar, gaýta ýyllar geçdigiçe ýüzi açylyp, has owadanlaşýar. Türkmen halylarynyň bäş müňýyllyk taryhy bolup, ol halkymyzyň ösen aň-düşünjesiniň, baý medeniýetiniň subutnamasydyr. Türkmen halylary dürli-dürli gölleridir nagyşlary bilen göreni haýran galdyrýar. Dünýäde türkmen haly sungatyna kämil gymmatlyk, ajaýyp sungat hökmünde baha berilýär. Olaryň gadymy nusgalary dürli ýurtlaryň belli muzeýleriniň, sergi we çeperçilik zallarynyň esasy gymmatlyklaryna öwrüldi. Türkmen halylary milli gymmatlyga gadyr goýýanlary haýran galdyryp, Ýer ýüzünde uly şöhrata eýe boldy. Bu çeper senedi giňden wagyz etmek, gadymy haly nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. El haly sungatynyň ussatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesilden-nesle geçip gelýän döredijilik ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýärler. Olaryň dokaýan ajaýyp halylary döwlet edaralaryny, medeniýet merkezlerini, beýleki binalardyr desgalary bezeýär.
Çykyş edenler gadymy däpleriň giňden wagyz edilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň el halylarynyň gözelligi baradaky “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynyň bütin dünýäni türkmen halyçylyk sungaty bilen içgin tanyşdyrýandygyny bellediler. Soňra Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi “Halyçylyk sungaty — milli mirasymyz” we “Geçmişden eşidilýän ýaň — türkmen halysy” atly bölümçelerde dowam etdi.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň ahyrynda haly we haly önümleriniň sergisine, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däplerini ösdürmek ugrundaky tagallalary, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda döredilýän amatly şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.