Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna beren interwýusy
Jemgyýet
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna beren interwýusy
Çap edildi 26.04.2025
107

Rizwan Han: Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän, 7 milliondan gowrak ilatly Türkmenistana syýahat etdim. Bu ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny belleýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edildi. Ýurduň Gündogar we Günbatar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagy gadymdan gelýän ýörelge bolup, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugrudyr. Bu ýurt Owganystana, Pakistana, Hindistana we Hytaýa gaz geçiriji ulgamlaryny çekýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Türkmenistanyň dünýäniň energiýa bazaryndaky ornuny giňeldýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan dünýäde we sebitde parahatçylygy saklamak babatdaky başlangyçlary öňe sürýär, howandarlyga mätäç çagalara, zenanlara goldaw bermek ýaly asylly işleri alyp barýar. Biziň esasy maksadymyz hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we onuň alyp barýan ynsanperwer başlangyçlary bilen tanyşmak bolup durýar. Bu barada gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen söhbetdeş bolduk.

— Hormatly hanym Oguljahan Atabaýewa, Arkadag şäherinde duşuşýandygymyza örän şat!

— Ilki bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Size we Siziň kärdeşleriňize “Türkmenistanda hoş gördük!” diýmek isleýärin.

— Türkmenistanyň çagalar meselesi boýunça öňe sürýän başlangyçlary barada aýdaýsaňyz!

— Eneligi, çagalygy goramak, ösüp barýan nesiller barada alada etmek Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi diňe bir milli syýasatymyzyň esasy bölegi bolman, eýsem, biziň milliligimiziň hem özenini düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletiň maddy we intellektual serişdeleriniň ösüp gelýän nesilleriň beden hem-de ruhy taýdan ösüşini goldamaga gönükdirilendigi hakyndaky berk garaýşymyz barada-da aýtmak isleýärin. Şeýle-de biz häzirki zaman şertlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, beýleki halkara institutlar bilen, şonuň ýaly-da, ikitaraplaýyn we sebit derejesinde ýakyndan işleşmegiň, giň halkara hyzmatdaşlygyň bu maksada ýetmäge ýardam etjekdigine düşünýäris. Bu bize tagallalary birleşdirmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri açýar, çagalar bilen bagly meselelerde syýasy we diplomatik goldawy üpjün etmek, serişdeleri jemlemek üçin şert döredýär.

— Men Merkezi Aziýa sebiti bilen indi 25 ýyl bäri tanyş. Bu sebitde maşgala we çaga gymmatlyklaryna ýokary derejede hormat goýulýar. Bu barada Siz nämeleri aýdyp bilersiňiz?

— Biziň haýyr-sahawat gaznamyzyň işleriniň esasynda türkmen halkynyň köpasyrlyk filosofiýasy, onuň baý ruhy medeniýeti, däpleri, adatlary ýatyr. Şol bir wagtda-da umumadamzat gymmatlyklary, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, adalatlylygyň we ynsanperwerligiň belent maksatlary biziň üçin esasy ýörelgeler, ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Häzirki wagtda bolsa haýyr-sahawat gaznamyzyň işiniň baş maksady çagalara ýardam bermek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak boýunça maksatlaýyn, örän anyk maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, olaryň saglygy üçin ähli zerur zatlar bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ýerde gürrüň lukmançylyk ugry we ýokary hilli bilimiň, sagdyn iýmitiň elýeterliligi, ekologik abadançylyk ýaly beýleki köp zatlar barada barýar. Bu toplumlaýyn wezipedir. Haýyr-sahawat gaznasy şol wezipäni ýerine ýetirmekde ýolgörkeziji bolup durýar. Gaznamyz bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.

— Hanym Atabaýewa, gaznaňyzyň döredilmeginiň esasy maksady nämede jemlenýär?

— Biziň gymmatlyklarymyzda.

— Bu gaznany döretmegiňize haýsy pikir sebäp boldy?

— Gaznamyz 2021-nji ýylyň 29-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Şu ýyl hem biz onuň 4 ýyllygyny belledik. Şanly waka mynasybetli halkara maslahat geçirildi.

— Gaznaňyzyň alyp barýan işine anyk mysallary getirip bilermisiňiz?

— Gazna aýratyn goldawa mätäç çagalara hemaýat bermek üçin giň gerimli işleri alyp barýar. ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda çagalar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen, amaly ähmiýeti bolan taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Şolara «Çagalara mähirli garaýyşly mekdepler» we «Çagalara mähirli garaýyşly hassahanalar» degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek hem-de eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak üçin zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek» atly taslama durmuşa geçirilýär.

— Gaznanyň döredilen gününden bäri nähili işler alnyp baryldy?

— Ilkinji nobatda, gaznanyň yzygiderli we işjeň ösýändigini bellemek isleýärin. Ol diňe bir Türkmenistandaky howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň beýleki döwletlerindäki şeýle ýagdaýdaky çagalara-da ýakyndan goldaw berýär. Häzirki döwürde gaznamyz Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýär. Şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň giň möçberli we uzak möhletli strategiýalaryny, maksatnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, olara işjeň gatnaşýar. Şolaryň hatarynda durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine wajyp orun degişlidir. Biziň gatnaşyklarymyzyň geografik we mowzuk taýdan gerimi barha giňeýär. Soňky döwürde Aziýadaky, Ýewropadaky, Ýakyn Gündogardaky haýyr-sahawat we ynsanperwer ugurly guramalar bilen gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de goýulýar. Gaznanyň hasabyna Türkiýe Respublikasynda bolup geçen pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini bermek bilen, saglygy goramak üçin zerur bolan enjamlar, egin-eşikler, iýmit önümleri ugradyldy. Mundan başga-da, Ukrainanyň, Palestinanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Primorsk sebitiniň çagalaryna ynsanperwerlik goldawy berildi. Ýene-de bir bellemeli zat, biziň gaznamyz Türkmenistanyň halkara ynsanperwerlik başlangyçlaryna hem işjeň gatnaşýar.

— Gazna ÝUNISEF, BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaly halkara düzümler bilen gatnaşyklary saklaýar. Siz hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýärsiňizmi?

— Elbetde, geografik taýdan biziň hyzmatdaşlarymyzyň gerimi barha giňeýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýaňy-ýakynda Ýewropanyň, Orta Gündogaryň, Aziýanyň ynsanperwer, haýyr-sahawat ugurly gaznalary bilen hem hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny görkezmek bolar. Mundan beýläk hem dünýäniň beýleki sebitleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmagy we berkitmegi maksat edinýäris.

— Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak şunda täze başlangyç bolup durýarmy?

— Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde bu düzümiň halkara derejedäki gatnaşyklaryny has-da berkidýändigimizi bellemek isleýärin. Ýokarda-da aýdyşym ýaly, gaznamyz Türkmenistanyň adyndan ýokary derejede ynsanperwerlik goldawlaryny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň haýyr-sahawat we ynsanperwer ugurly guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak zerur bolup durýar.

— Meniň pikirimçe, çagalaryň ýagty geljegi netijeli hyzmatdaşlygy talap edýär. Beýleki guramalardyr gaznalaryň şu babatdaky garaýyşlary nähili?

— Bu ugurda golaýda biz Monako Knýazlygynda saparda bolduk. Şeýle hem beýleki haýyr-sahawat we ynsanperwer ugurly guramalar biz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hoşaldyklaryny beýan edýärler. Çünki netijeli hyzmatdaşlyk — bu uly güýçdür, ýagny ol çagalara ýardam etmek esasynda tagallalary birleşdirýän güýçdür. Bütin dünýä boýunça çagalaryň geljegi göz öňünde tutulanda, biz hiç hili araçäk babatda bölünmeli däldiris, güýçlerimizi we tagallalarymyzy birleşdirmelidiris. Saglygy goraýyşda, bilim ulgamynda ýa-da durmuşyň beýleki ugurlarynda bolsun, munuň tapawudy ýok. Çagalaryň haýsy millete degişlidigine garamazdan, biz olara ýardam goluny uzatmalydyrys. Sebäbi çagalar — biziň geljegimiz. Şeýlelikde, gürrüň çagalar barada bolanda, meniň diňe düşünişmek we goldaw bermek göz öňüme gelýär.

— Günbatar ýurtlarynyň ilaty Günbataryň çäginden daşynda bu ugurda edilýän işlerden doly habarly bolmaýarlar. Şu babatda Türkmenistan barada näme aýdyp bilersiňiz?! Siziň özüňiz bu ugurda nähili habarly bolýarsyňyz?

— Men her gezek Türkmenistanyň adyndan we Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan wekilçilik edýändigimi aýdanymda, örän buýsanýaryn. Sebäbi beýleki ýurtlaryň wekilleri Türkmenistana gelip görmek isleýärler. Hemmeler biziň bilen hyzmatdaş bolmakdan we biz bilen işleşmekden hoşal bolýarlar. Bu hakykat.

— Men ilkinji gezek Türkmenistana gelmek bilen, iň gowy gören zadym Bitaraplyk derejesi bilen baglanyşykly. Siziň bitarap ýurt bolmagyňyzyň örän bähbitlidigine ynanýaryn.

— Hawa, şu ýylyň dekabrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny belläris. Biziň öňe sürýän ýörelgämiz parahatçylyk we oňyn dialog bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýörelge her bir edýän işimizde öz beýanyny tapýar. Türkmen halky her bir meseläni parahatçylykly ýol bilen çözmäge synanyşýar. Biz diňe oňyn parahatçylyk ýoluna eýerýäris, ýagny başga ýol bilen mesele çözmeýäris. Bu biziň zandymyzda we medeniýetimizde bar.

— Aşgabatdan 30 minut uzaklykda ýerleşýän Arkadag şäheri barada aýdanymyzda, bu ýerde gaznanyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bu şäherde nähili desgalar bar?

— Biziň gaznamyzyň esasy binasyndan uzak bolmadyk ýerde sagaldyş-dikeldiş merkezi hem bar. Bu merkez çagalaryň saglygyny dikeltmek üçin gije-gündiziň dowamynda işleýär. Ol ýerde çagalar saglygyny dikeldip, bejergi alyp bilýärler, lukmanlaryň maslahatlary bilen barlaglardan geçip bilýärler. Şeýle hem bizde 150 orunlyk çagalar bagy bar. Bu ýerde çagalar irki bilimini alýarlar. Men her gün ol ýere barýaryn, çagalar bilen gürleşýärin hem-de bu çagalar bagynyň işiniň gowy netije berýändiginiň şaýady bolýaryn. Çagalaryň täze zatlary öwrenýändigini görüp guwanýaryn. Sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler hakynda aýdylanda, munuň, hakykatdan-da, geljege uly goşantdygyny belläp bilerin. Men her gün şol merkeze gatnaýan çagalary görýärin, olar özlerini örän bagtly duýýarlar. Olaryň ýüzündäki gülkini we ýylgyrşy görüp, diňe kämilleşesiň hem-de olar üçin has gowy geljegi gurmaga goşant goşasyň gelýär.

— Her bir çagaly maşgala ýa-da çaga bilen iş salyşýan adam iki zada göz ýetirýär: biz çagalara bir zat öwredýäris we olar hem bize bir zat öwredýär.

— Elbetde!

— Siziň çagalardan öwrenen iň uly sapagyňyz näme?

— Munuň özi iň uly sapak. Men bu hakynda düýn hem pikirlendim. Çagalaryň bejergi alýan birnäçe ýerlerine aýlanyp gördüm. Bu ýerde ýüzlerçe çaga gaznanyň kömegi bilen dürli bejergileri alýar we olaryň arasynda iň çylşyrymly, agyr bejergiler hem bar. Muňa garamazdan, bu çagalaryň ýüzünde ýylgyryş, geljege bolan umyt görýärin. Olar şeýle agyr keseller bilen göreşseler-de, umydyny ýitirmeýärler. Biz uly adamlar hökmünde hem bu barada pikir edip görsek, gowy bolarmyka diýip pikir edýärin.

— Gazanan üstünlikleriňizi ýene 10 ýyldan nähili derejede görýärsiňiz? Nähili ösüşlere garaşýarsyňyz?!

— Elbetde, biziň bu babatda uly isleglerimiz bar. Häzirki wagtda hödürleýän işimiziň netijesini we göwrümini 10 ýyldan görmek, şeýle-de ony giňeltmek isleýäris. Sebäbi çagalara näçe köp kömek etsek, şonça-da bagtly bolarys. Biziň esasy borjumyz — hemaýat bermek. Biz mätäç çagalara kömek etmäge zerur ünsi çekýäris we ýene 10 ýyldan has köp çagalara goldaw bermek isleýäris. Belki, diňe Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde-de...

— Gaznanyň dünýä derejesindäki orny barada aýdaýsaňyz?

— Hawa, “dünýä derejesinde” — bu dogry söz. Şonuň üçin çagalara hemaýat berilmegi zerurdyr. Kömek gerek bolsa, goldaw bermäge ukyply we islegli bolmalydyrys. Olaryň niredediginiň, haýsy şertlerde bolandyklarynyň ýa-da haýsy kömege mätäçdiginiň tapawudy ýok. Biz diňe dünýädäki çagalara kömek etmäge taýýar bolmak isleýäris.

— Mysal üçin, şu söhbetdeşlikde dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenýän bolsaňyz, işiňizi goldamak üçin olar näme etmeli?!

— Mälim bolşy ýaly, ýakynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Bu forum bize güýçli halkara goldawymyzyň we ylalaşygymyzyň bardygyny görkezdi. Elbetde, ýene-de bir gezek meniň aýtmak isleýän zadym — biziň maksadymyz çagalara islendik görnüşde kömek bermek we olary zerur zatlar bilen üpjün etmekden ybarat. Bu barada tutuş Ýer ýüzüne, ähli guramalara, şol sanda ynsanperwer guramalara ýüzlenýäris.

— Bir söz bilen aýdylanda, şuňa meňzeş bir gurama döredeniňizde hünärmenler gerek bolar, şonda belki-de öz tejribäňizden teklip hödürläp bilersiňiz. Bu ugurda näçeräk tejribe toplamaly we haýsy tejribäni ulanyp bolar? Şu barada aýdaýsaňyz?!

— Hawa, aýdyşym ýaly, ýakynda geçirilen halkara forumda-da ýokary derejeli wekiller köpdi. Her duşuşykda diňe bilermenleriň bilimleri we tejribe alyşmak barada söhbet etdik. Käte bir zat öwrenmeli bolýarys, käwagt bolsa kömek edýäris. Bu biziň forumymyza gelen beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen söhbetdeşligiň esasy mowzugy boldy. Şol sebäpden, tejribesi bolan hünärmenler bilen tejribe alyşmagyň gaty möhümdigini aýdyp bilerin. Çünki çagalar bilen işlemek örän gyzykly. Şol bir wagtyň özünde-de gaty çylşyrymly. Biz haýyr-sahawat gaznasy hökmünde bilimlerini we bilim derejelerini ýokarlandyrmak üçin hünärmenlerimiziň bilimlerini kämilleşdirmäge ibermek bilen hemişe gyzyklanýarys. Şonuň üçin her gezek dürli ýurtlardan gelen wekiller bilen duşuşanymda, pursatdan peýdalanyp, tejribe alşyp ýa-da bilimlerimizi giňeldip biljekdigimiz dogrusynda pikirlerimizi paýlaşýarys.

— Hormatly hanym Atabaýewa, gyzykly söhbetdeşlik üçin Size hoşallyk bildirýärin! Bu söhbetdeşligiň biziň ýaýlymymyzyň tomaşaçylaryna Türkmenistanyň gazanýan uly üstünlikleri barada, döwletiň çagalaryň saglygy we abadançylygy üçin edýän aladasy, berýän goldawy barada köp täze zatlary bilmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

— Türkmenistan barada aýdan hoşniýetli sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk etmek, islendik netijeli teklipler üçin hemişe açykdygyny aýdyp bilerin. Size-de alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

— Wagt tapandygyňyz we beren interwýuňyz üçin Size ýene bir gezek hoşallyk bildirýärin.

Soňky habarlar
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.04
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
26.04
Halkara gözellik bäsleşiginde 1-nji orny eýeläp, “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ady alan atyň eýesin “Toýota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
26.04
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna beren interwýusy
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
Senagat howpsuzlygy çygryndaky kadalary we düzgünleri işläp taýýarlamagyň we tassyklamagyň Tertibi tassyklanyldy
25.04
Ahalteke bedewleri — milli we dünýä atşynaslygynyň täsin gymmatlygy
top-arrow