Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
Çap edildi 05.09.2025
55

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri!
Mähriban çagalar!

Sizi berkarar döwletimiziň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrýan şirin owazly aýdym-sazlaryňyz has-da belentden ýaňlansyn!

«Sözi paýhas bezär, sazy — sungat», «Ýyl görki bahar-ýazdyr, toý görki aýdym-sazdyr» diýen paýhasa eýeren halkymyz gadymy döwürlerden bäri aýdym-saz sungatyna aýratyn hormat goýupdyr. Gadymy Oguz türkmen döwletini, Parfiýa, Marguş, Gaznaly, Gürgenç, Seljuk, Osman şalyklaryny döreden merdana ata-babalarymyz dünýäniň aýdym-saz sungatyna uly goşant goşup, şowhunly baýramçylyklary hem-de toý-dabaralaryny gurapdyrlar. Gorkut ata, Aşyk Aýdyň pir, Babagammar, Berbat Merwezi, Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Garadäli Gökleň, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Nobat bagşy, Jepbar Hansähedow, Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow ýaly ýüzlerçe bagşy-sazandalarymyz bendi ediji mahmal owazlary, şirin sazlary bilen milli aýdym-saz sungatymyzy asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip, kämil derejä ýetiripdirler.

Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi baky ýörelge edinen türkmen halky milli saz gurallarynyň jadyly güýjüne maýyl bolup, iň süýji arzuw-hyýallaryny şirin mukamlarynyň hem-de aýdymlarynyň üsti bilen dünýä ýaýypdyr. Zehin bilen paýhasdan, söýgi bilen ylhamdan dörän, örän köpöwüşginli, çuňňur pelsepä ýugrulan milli aýdym-saz sungatymyz dünýäniň iň uly gymmatlygy bolan parahat we abadan durmuşy dabaralandyrýar, ynsana hormat goýmagy öwredýär, dostluk, parahatçylyk köprülerini gurýar, Watana, halka, külli adamzada bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär. Müňýyllyklardan gözbaş alýan milli medeniýetimiziň altyn hazynalary bolan Nowruz baýramynyň, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muny aýdyň subut edýär.

Aýdym-saz sungatymyzyň ýaşajyk saýrak bilbilleri!

Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş wekilleri bolan siziň çaga kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp sungat eserleriňizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ösüşleri, güneşli Diýarymyza bolan beýik buýsanç belentden ýaňlanyp, halkymyzyň geçen şöhratly taryhy ýoly dabaralandyrylýar. Bagtly çagalygyň hem-de iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda siziň hoş owaz bilen ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, baky berkararlygymyzy, gözel ýurdumyzyň we merdana halkymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýýan täsin sungatdyr.

Geljegimiz bolan ýaş nesillerimizde sungata söýgini terbiýelemek we ösdürmek, tebigy zehinlerini ýüze çykarmak hem-de kämilleşdirmek babatda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigi uly ähmiýete eýedir. Watansöýüji, dostluga, wepalylyga ygrarly, milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirýän, zehinli, başarnykly, arassa ahlakly bagtyýar çagalarymyz biziň guwanjymyz hem-de beýik geljegimizdir.

Ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň binýadynyň berkdigini kepillendirýän esasy şertdir. Şoňa görä-de, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagyna, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, ynsanperwer ýörelgelerimiziň, maşgala gymmatlyklarymyzyň hem-de milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegine döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlary hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr şäherçelerimizde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, döwrebap çagalar baglaryny, orta mekdepleri, ýörite sungat mekdeplerini hem-de çagalar sungat mekdeplerini giň gerim bilen gurýarys. Medeniýet ojaklarynyň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet we sungat ugurly bilim edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirýäris. Biz geljekde hem siziň döwrebap bilim almagyňyz, sport, döredijilik bilen meşgullanmagyňyz, zehiniňizi kämilleşdirmegiňiz üçin zerur bolan ähli tagallalary ederis.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri!
Mähriban çagalar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp wakasyna öwrüljek zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, çaga kalbyňyzda beslän päk arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, berkarar Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermegiňizi arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
05.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
05.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
05.09
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
05.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
05.09
Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi
04.09
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek
04.09
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
04.09
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany
top-arrow