Baş sahypa
\
Sport
\
Milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi
Sport
Milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi
Çap edildi 24.04.2025
74

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Halkara ýaryşyň birinji gününde ýurdumyzyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy. Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş, Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar. Şu gün bolsa guşakly alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşda galan 10 medal toplumy ugrunda bäsleşildi.

Alyş — bu gyrgyz halkynyň milli göreşidir. Ol öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. “Alyş” sözi “Manas” şadessanyndan gelip çykýar. Gadymy döwürlerde pälwanlar öz aralarynda göreşmek islänlerinde, “Kel, alyşaly!” diýipdirler. Bu bolsa “Geliň, göreşeliň!” diýmegi aňladypdyr. Göreşiň bu görnüşine erkekler hem, zenanlar hem gatnaşyp bilýärler. Göreş diňe dik durmak ýagdaýynda geçirilýär. Her bir pälwanyň wezipesi garşydaşyny guşagyndan goýbermän ýykmakdan ybaratdyr. Soňky ýyllarda guşakly alyş göreşi hem, türkmen milli göreşi ýaly, bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 2002-nji ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Bişkek şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Alyş federasiýasynyň düzümine (WAF) häzirki wagtda Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň milli federasiýalarynyň 36-sy girýär.

Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşda erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört agram derejesinde guşakly alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Bu ýaryşda hem türkmen türgenleri 4 altyn, 5 kümüş we 5 bürünç — jemi 14 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda ýeňiji boldular. Sylapberdi Nuryýew (80 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Dawut Nazarow (100 kg-dan ýokary) altyn medala, Abdyresul Durdyýew (60 kg çenli), Kerwengeldi Jumagylyjow (80 kg çenli), Nobatgeldi Nazarow (100 kg çenli), Zöhre Gurbanmyradowa (60 kg çenli), Aýnura Faýzullaýewa (65 kg çenli) kümüş medala, Umyt Garagulow (60 kg çenli), Azymuhammet Orazmuhammedow (70 kg çenli), Kuwwat Hojamberdiýew (90 kg çenli), Hesel Orazgeldiýewa (55 kg çenli), Patma Garajaýewa (70 kg çenli) bolsa bürünç medala mynasyp boldular.

Toparlaýyn hasapda Özbegistanyň türgenleri 4 altyn we 5 kümüş medal bilen ikinji; Gyrgyzystanyň pälwanlary bolsa 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen üçünji orny eýelediler. Şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Belarusuň wekilleri bar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry tamamlanandan soňra, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Onuň dowamynda ýaryşda ýeňiş gazanan we baýrakly orunlary eýelän türgenlere medallar, şahadatnamalar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gowşuryldy. Pälwanlarymyzyň gazanan ýeňşiniň şanyna Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanyp, Watanymyzyň ýaşyl tugy dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy.

Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşyň maksatnamasynyň iki görnüşiniň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar. Türgenlerimiziň bu gazanan üstünligi ýurdumyzda sporty ösdürmäge berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz milli we halkara ähmiýetli giň gerimli sport taslamalaryny durmuşa geçirip, sporty milli taglymata öwürdiler. Şonuň netijesinde, berkarar Watanymyz iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryş dürli ýurtlardan gelen pälwanlaryň sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça ussatlyklaryny görkezmekleri üçin möhüm meýdança öwrüldi hem-de sportuň bu milli görnüşlerini wagyz etmäge, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edip, halkymyzyň mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dürli derejedäki ýaryşlary kabul etmek we üstünlikli geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nobatdaky gezek subut etdi.

Sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bu sport çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Soňky habarlar
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz!
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi
24.04
Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanyş dabarasyndaky çykyşy
23.04
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
23.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
23.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi
23.04
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
top-arrow