Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 01.12.2025
2472

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwani ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ösdürilýän türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli dowam edip gelýän dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Abdulaziz Ahmad Al-Adwanini Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniniň ukyp-başarnyklary we tejribesi özüne ynanylan wezipäni Siziň makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow