Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda maldarçylyk pudagyny döwrebap esasda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda maldarçylygy, hususan-da, dowardarçylygy, guşçulygy, düýedarçylygy ösdürmek işi ýerli howa şertlerini, ot-iým üpjünçiligini göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly üns berilýär.
Maldarçylyk, guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenilişiniň usullaryny kämilleşdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmak bilen bagly döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýar et we süýt önümlerini öndürmek üçin doly önümçilik tapgyrly iri maldarçylyk, guşçulyk toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işe girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz maldarçylyk toplumynyň edara binasyna baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Edara binasynda hünärmenleriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Iş otaglary zerur enjamlar, şol sanda kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, olar bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz edara binasynyň sanly ulgam bölümine bardy. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimizi bölümiň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu bölümde toplumyň çäginde we önümçilik binalarynda alnyp barylýan işlere, idedilýän mallara sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek üçin ähli şertler döredildi.
Maldarçylyk toplumynda saklanýan iri şahly mallar baradaky maglumatlar ýörite boýunbaglardaky çiplerde ýerleşdirilip, mallara berkidilýär. Çiplerde her malyň tohum ugry, saglyk ýagdaýy, gündelik sagylýan süýdüň mukdary, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler we beýleki birnäçe maglumatlar jemlenendir. Bölümdäki ýörite ekranda mallaryň saklanýan ýerlerini görmek, her bir mal baradaky maglumat bilen tanyşmak bolýar. Beýleki ekranda bolsa maldarçylyk toplumynyň esasy girelgesinden giriş-çykyşa gözegçilik edilip, hasaba alynýar. Ýene-de bir ekranda bolsa topluma degişli oba hojalyk tehnikalary bilen ýerine ýetirilýän önümçilik işlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik bar.
Hünärmen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, öndürijilikli zähmet çekmäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz toplum bilen tanyşlygyny dowam etdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumynyň işi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.
Wise-premýer hormatly Prezidentimize Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulmagy teklip edilýän, ýylda 15 million ýumurtga we 1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň taýýarlanan şekil taslamalary barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça döwlet syýasatynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilendigini belläp, toplumda döredilen döwrebap şertleriň önümçiligi ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz barlaghana bölümi bilen tanyşdy. Bu ýerde hünärmen bölümde ornaşdyrylan enjamlar bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi ýaly, barlaghanada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Bolgariýanyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Olar taýýarlanylýan iýmleriň, goşundylaryň, däneli iýmleriň hilini we ýokumlylygyny tiz wagtda barlamaga, iýmleriň çyglylygyny anyklamaga, suwuklyklaryň turşulygyny kesgitlemäge, takyk ölçegleri geçirmäge, süýdüň ýaglylygyny, belogyny, dykyzlygyny, laktoza düzümini anyklamaga niýetlenendir. Olar barlaghanada ýerine ýetirilýän işleri döwrebap usulda guramaga ýardam berýär. Hünärmen pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de ýaş hünärmenleriň zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertlere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hünärmene üstünlikleri arzuw edip, toplumyň naharhana binasyna bardy. Naharhanada döredilen döwrebap şertler aşpezlere dürli tagamlary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň iri şahly mallary saklamak üçin niýetlenen birinji bölümine bardy. Bu ýerde iri şahly mallar üçin döredilen amatly şertler hem-de döwrebap tehnologiýalar mallaryň önüm berijiligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumda işleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz maldarçylyk toplumynyň sagym bölümine baryp gördi. Bu bölümde bir wagtyň özünde 40 baş sygyrdan önüm almaga mümkinçilik bar. Ýokary ygtybarlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan sagym enjamlarynyň kömegi bilen her sygyrdan alynýan süýdüň möçberiniň hasabaty ýöredilýär. Sygryň saglyk ýagdaýynda haýsydyr bir üýtgeşmeler ýüze çykan halatynda, sagym enjamy awtomatik usulda öçýär. Bölümde arassaçylyk düzgünleri yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynyň gezim meýdançalarynda iri şahly mallary synlady. Mallaryň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşmaklary üçin toplumyň bölümlerinde kadaly temperatura, çyglylyk derejesi üpjün edilýär. Şeýle hem wagtly-wagtynda ýörite meýdançalarda gezdirilip, olaryň kadaly gan aýlanyşygynyň bolmagy gazanylýar. Munuň özi iri şahly mallaryň et öndürijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylykdan alynýan azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak üçin esas bolup durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň ýaş göleleri hem-de ene mallary saklamak üçin niýetlenen bölümlerine baryp gördi. Bu ýerde täze doglan gölejikler üçin ýörite agyllar gurnalypdyr. Bu bölümde, şeýle-de ene mallary saklamak üçin niýetlenen bölümde olara hünärmen we weterinar gözegçiligi amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, sygyrlary saklamak üçin niýetlenen desgalaryň ähli zerur enjamlar, olary awtomatik usulda arassalaýan we mallary suwa ýakmaga niýetlenen gurallar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyz mallaryň baş sanyny artdyrmagyň maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ot-iým saklanýan ammara baryp, iýmleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Toplumda iri şahly mallar üçin ot-iýmleriň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Hünärmenler ot-iýmleriň ýokumlylyk derejesini gözegçilikde saklap, mallaryň aýratynlygyna görä berilmeli iýmleri hem-de olaryň möçberini kesgitleýärler. Oba hojalyk mallarynyň öndürijilik derejesi olaryň ähli zerur düzümleri, biologik taýdan işjeň maddalary öz içine alýan iýmler bilen iýmitlendirilmegine baglydyr. Bu babatda mallara niýetlenen dürli görnüşli iýmleri öndürýän kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi azyk bolçulygynyň senagat binýadyny berkitmäge, şol sanda maldarçylygy ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýeri gelende nygtasak, toplumyň umumy meýdany 375 gektara barabar bolup, şonuň 9 gektardan gowrak çäginde degişli desgalar ýerleşýär, 365 gektardan gowrak çäginde bolsa mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Toplumyň mallaryny ot-iým bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda 164 gektar meýdana däneli ekinler, 47 gektar meýdana bolsa ýorunja ekildi. 74 gektar ýere ekilen mekgejöwen orlup, silos ammaryna ýerleşdirildi we onuň ýerine däneli ekinler ekildi. Toplumda mallar üçin ýokumly ot-iýmleriň taýýarlanylmagy önümçiligiň yzygiderli artdyrylmagy, önümleriň ýokary hilli bolmagy üçin möhüm şerti üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminiň ýetip gelmegi bilen baglylykda, mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynyň ýolbaşçysyna täze satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň we awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şolaryň hatarynda ABŞ-nyň “John Deere” kompaniýasynyň kuwwatly traktorlary, däne ýygyjy we ot orujy kombaýnlary, dürli görnüşli oba hojalyk gurallary, Hytaý Halk Respublikasynda, Ýaponiýada öndürilen ýöriteleşdirilen awtoulaglar, tehnikalar hem-de ýeňil awtoulaglar bar. Bu döwrebap tehnikalar toplumyň işgärleriniň netijeli işlemeklleri üçin ýokary öndürijilik mümkinçiligine eýedir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tanyşlygyň dowamynda toplumyň kömekçi desgalaryny synlady. Olarda döredilen mümkinçilikler toplumyň işini ýokary derejede guramaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini tassyklaýar. Kuwwatly, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen oba hojalyk kärhanalarynyň döredilmegi ýurdumyzda azyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň weterinariýa bölümine baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde weterinar lukman bölümiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu bölüm mallary wagtlaýyn aýratynlykda saklamaga we bejermäge niýetlenendir. Onda bir wagtda 12 baş mala weterinariýa kömegini bermäge şert döredilipdir. Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy enjamlary ýokary arassa distillirlenen suwy öndürmäge, emeli tohumlandyrma işlerini ýokary hilli geçirmäge, iri şahly mallaryň toýnaklaryna ideg işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Weterinar lukman döwrebap maldarçylyk toplumyny açyp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz döwrebaplaşdyrylan maldarçylyk toplumy bilen tanyşlykdan soňra, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylmagyna köp möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, suw arassalaýjy desgalar, howdanlar gurlup ulanmaga berilýär. Bu işlerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Goşmaça suw gorlaryny döretmek, oba hojalyk ýerlerini suwarmak üçin gidrotehniki desgalar gurulýar.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde maldarçylyk pudagynyň täze desgasynyň işe girizilmeginiň, şeýle hem suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrjak täze tehnikalaryň satyn alynmagynyň aýratyn mana eýedigini belledi.
Wise-premýer hem-de welaýatlaryň häkimleri oba hojalyk pudagyny ösdürmäge döredýän şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, täze maldarçylyk toplumy hem-de suw hojalygyna degişli täze satyn alnan döwrebap tehnikalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyklykda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy.