Geçen hepde milli we halkara derejedäki möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna pugta eýerýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly Watanymyz ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar.
27-nji martda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasyň gatnaşmaklary taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezdi. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri, ýakynda Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn we sebit derejesinde birnäçe bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şol sanda dürli derejeli duşuşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen forumlaryň guralýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde sanly ulgam, energetika we ekologiýa babatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça çärelere üns çekildi. Duşuşygyň jemleri boýunça “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki Beýanaty kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» atly utgaşykly maslahat, ministrler duşuşygyna gatnaşyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi. Taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe iri taslamalary amala aşyrmagyň meselelerine aýratyn ünsi çekdiler. Döwlet Baştutanymyz Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürilýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Duşuşyklaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we önümiň hilini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini çaltlandyrmak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak, pile öndürmek möwsümine gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryklar berildi. Şeýle-de ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, 8 — 10-njy aprel aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) Milli utgaşdyryjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna, Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler bar. Mejlisde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmagynyň guramaçylyk meseleleri, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabatlar diňlenildi. Mundan başga-da, şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi hakynda aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri goldady we birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Oraza baýramyny bellemek we 30-njy martdaky dynç gününi 31-nji marta — duşenbe gününe geçirmek baradaky Perman, Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakynda Karar bar.
Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, medeni-dynç alyş seýilgähiniň abadanlaşdyrylyşyna, çagalar seýilgähiniň oýun-güýmenje toplumynyň, seýilgähiň çäginde gurulmagy teklip edilýän amfiteatryň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna aýratyn ünsi çekdi. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmalydyr. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň germewleriniň bezeg işleri barada aýdyp, her bir şekiliň ölçeg babatda dürslügine-de möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. “Ahalteke atlary” şaýolunyň ýakasynda oturdyljak şöhratly bedewleriň heýkelleriniň binýadynda olaryň nesil ugruna, gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň anyk bolmagy hökmany talapdyr, bu şaýoluň ýakasy bilen çekiljek welosiped ýodasy we bedewler üçin niýetlenen ýoda häzirki zaman görkezijilerine laýyk gelmelidir.
Saparyň jemleri boýunça Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
30-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar. Türkiýäniň Prezidenti Milli Liderimizi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, bu taryhy üstünligiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige gönükdirilen syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, köpugurly we uzak möhletleýin türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk özara hormat goýmak, ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýär. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Geçen hepdäniň wakalaryna syny dowam etmek bilen, Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahatyň geçirilendigini bellemelidiris. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň halkymyza iberen Gutlagynda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň indi üçünji gezek ykrar edilmeginiň demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji, gurujy we parahatçylyk söýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä göterýändigi bellenilýär.
Maslahatda çykyş edenler bu ajaýyp waka bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de agzybir halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, munuň özi Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýanyň, “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyna, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Maslahata gatnaşan daşary ýurtly ilçiler BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly täze Kararnamany kabul etmegini “türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky taryhy üstünligi” diýip atlandyrdylar.
Geçen hepdede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Onda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açmak, “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi we ony geçirmegiň ähmiýeti, gaznanyň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigi geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiren işlerine, kabul eden ynsanperwer çözgütlerine, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri ýurdumyzyň metbugat neşirlerinde, teleradioýaýlymlarynda giňden beýan etmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahaty geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Bu giň möçberli çärä Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hindistanyň, Gruziýanyň, Ermenistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Awstriýanyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň esasy maksady çaganyň saglygyny goramak, çaga bilimi, maşgalada we jemgyýetde çaga terbiýesi, çaganyň fiziki, akyl mümkinçilikleriniň has giňişleýin açylmagy bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmä degişli meselelere garamakdan ybarat boldy.
Dabaraly çäreler Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde badalga aldy. Bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ippoterapiýa bejergisini alýan çagalaryň at üstünde ýerine ýetiren çykyşlary görkezildi. Bu usul Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylykda berýän halypalyk maslahatlarydyr teklipleri esasynda üstünlikli ulanylýar. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Halkara maslahata gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardylar we bu ýerde çagalaryň saglygyny dikeltmek üçin döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa forumda çykyş edip, Türkmenistanyň bu düzümiň beýleki döwletlerden, ynsanperwer ugurly halkara guramalardan bolan hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny berkitmegi maslahatyň maksatlarynyň biri hökmünde görýändigini belledi. “Biz bilelikdäki taslamalara we oňyn başlangyçlara gatnaşarys, Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda işlemek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam bereris. Siz biziň pikirdeşlerimiz bolup durýarsyňyz hem-de gaznanyň goldawyna bil baglap bilersiňiz” diýip, O.Atabaýewa nygtady. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ünsüni ýurdumyzyň ýaş nesillerine raýatlyk terbiýesini bermek üçin çagalar we ene-atalar bilen ýöriteleşdirilen taýýarlyk okuwlaryny geçirýän merkezleri döretmek boýunça taslamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak meselesine çekmek, Çagalaryň ekologiýa bilimi baradaky ýörite maksatnamany döretmek babatda teklipler beýan edildi.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýetilen sepgitlere ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, çagalary goramak, olaryň abadançylygyny üpjün etmek her bir döwletde esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Çünki çagalar ýurduň geljegidir, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy jemgyýetiň bagtyýarlygynyň kepilidir. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň ýerine ýetirýän işleriniň ähmiýetine üns çekildi. “Çagalar üçin abadan dünýäni döretmek”, “Çagalar üçin hemmetaraplaýyn bilim”, “Sagdyn çagalar — ýurduň geljegi”, “Çaganyň durmuşynda maşgala”, “Howanyň üýtgemegi we çagalar”, “Çagalaryň ösüşiniň çeşmeleri” atly mowzuklaýyn iş mejlisleriniň dowamynda forumda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meselelere jikme-jik seljerme berildi.
Maslahatyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olarda çagalaryň hukuklaryny, abadan durmuşyny üpjün etmekde halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ähmiýeti bellenilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa halkara foruma gatnaşyjylaryň birnäçesi, hususan-da, Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri Mihail Sarjweladze, Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri Mahinur Özdemir Göktaş, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda forumyň çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny döretmäge itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Forumyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili, Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowa bilen geçiren duşuşyklarynda hem halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdede ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler. Ýerlerde ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmek, soňky agrotehniki çäreleri geçirmek, şeýle hem bu möhüm möwsüme gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri, mynasyp dynç almaklary üçin zerur şertler döredildi.
Geçen hepdede Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda döwrebap suw we lagym arassalaýjy desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Suw desgalarynda döredilen şertler bu ulgamda bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Desgalar ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň döredilmegine-de mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli dialogy çuňlaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, rowaçlygyň bähbidine ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.