Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
Ykdysadyýet
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
Çap edildi 19.02.2025
371

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýylyň şygarynda parahatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Bu başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döwletara gatnaşyklarda täze filosofiýa hökmünde öňe sürlen başlangyjyň logiki dowamydyr. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bu syýasy-filosofik garaýşy «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjy hökmünde kabul edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny tassyklaýan degişli Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen kabul edildi. Şunlukda, ýurdumyz Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Ägirt uly taryhy ähmiýete eýe bolan bu waka häzirki zaman türkmen döwletiniň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu Kararnamanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň ähmiýetini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.

Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda gymmatly tejribeleri toplady. Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetiniň ählumumylaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ähmiýetli iri ulag ýollarynyň çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» Ylalaşygy, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we multimodal gatnawlary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde-de degişli işler alnyp barylýar.

Ulag ulgamynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Halkara raýat awiasiýasy guramasy, Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy, Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Köp şahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri, dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýar. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagy, ony bu guramanyň derejesine çykarmagyň wajypdygyny şertlendirýär.

Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada giň gerimli strategik maksatlara ýetmek göz öňünde tutulýar. Watanymyzyň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly bitewi multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hem Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyzda logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan sebit hem halkara ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýär. 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky ýyllarda öňe sürülýän başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yzygiderli goldanylýar.

Türkmenistan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirýär. Bu düzüm Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň Hökümetara topary, Ýol gurluşykçylarynyň hökümetara geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkez bilen bilelikde taýýarlanylan hem-de 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen çäreleriň çäklerinde döredildi. Toparyň alyp barýan işiniň maksady durnukly ulag ulgamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň anyk tekliplerini durmuşa geçirmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Wena hereketler maksatnamasyny amala aşyrmaga, BMG-niň «ýaşyl» ulag babatda Ählumumy howa maksatnamasynyň we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirýän tagallalaryna ýardam bermekden, ulag infrastrukturalaryny ösdürmekde maýa goýumlaryň innowasion gurallaryny ilerletmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli deňiz portunyň mümkinçiliklerini giňeltmek, gämi gurluşygyny ösdürmek, awtomobil ýollaryny, demir ýol köprülerini, howa menzillerini gurmak, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça birnäçe möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu babatda sebit hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde üstaşyr ulag, logistika ulgamlarynyň döredilmeginde wajyp orun eýeledi. Geçen ýylyň sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metre deň bolan demir ýol köprüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine girişilmegi ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini tassyklaýar.

Halkara howa gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin hem zerur şertler döredilip, dürli ýurtlara amala aşyrylýan uçuşlaryň sany artdyrylýar. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň Watanymyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga goşýan goşandynyň uludygyny görkezýär.

Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň gurluşygyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Geçen ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi ulanmaga berildi. Şeýlelikde, Türkmenistan häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan ulag-kommunikasiýa pudagy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly goşant goşýar.

Içerki ulag düzümini kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalardaky hereketleri işjeňleşdirmek milli ykdysadyýeti has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden bu meselelere diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem üns berilmeli ugurlar hökmünde aýratyn ünsi çekýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Bu resminamalar ýurdumyzda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Şunda ileri tutulýan iki strategik ugry durmuşa geçirmäge, ýagny energetika özgertmelerine we ulag arabaglanyşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda-da bu barada bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmegi teklip edendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň bu başlangyjy geçen ýylyň fewralynda Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde beýan edildi. Iri halkara forumlarda, ýokary derejeli duşuşyklarda-da ulag akymlaryny amatlylaşdyrmak we täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek babatda teklipler öňe sürüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň yklym ähmiýetli iri üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde eýeleýän ornuna esaslanýandygyny nygtamak zerur. Ulag-kommunikasiýa pudagynda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, Türkmenistan ählumumy ösüşiň häzirki zaman meýillerine laýyk gelýän täze geoykdysady hyzmatdaşlyk meýdançasynyň binýadynyň goýulmagyna möhüm goşant goşýar.

Soňky habarlar
20.02
Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
20.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
19.02
Ulag geçelgeleriniň we ählumumy logistikanyň kemala gelmeginde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň orny
19.02
“Miras” žurnaly: türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna alymlaryň garaýşy
18.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
18.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18.02
Parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň baş maksady
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow