Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Çap edildi 24.11.2025
2503

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Dünýäniň energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan wagtyndan bäri köp sanly ylalaşyklary öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassyklaýan esasy resminama bolup durýar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli dialogy saklaýarlar. Ýurtlarymyz halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldap çykyş edýärler. Gazagystan Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini üýtgewsiz goldap, oňa sebitde durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň netijeli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurtlarymyz özara haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmagy maksat edinýärler. Uglewodorod serişdelerini iri eksport ediji Türkmenistan hem-de Gazagystan nebitgaz ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň bazarlaryny baglanyşdyrýan we ählumumy energetika ugurlaryna çykýan turba geçiriji infrastrukturasy bu hyzmatdaşlykda wajyp orny eýeleýär. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistan hem-de Gazagystan Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny Pars aýlagy we Hind ummany bilen baglanyşdyrýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça işjeň tagalla edýärler. Bu ulag geçelgesiniň düzümine girýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga ýardam berýän taslamadyr.

Ýurtlarymyz kenarýaka döwletler hökmünde Hazar deňziniň biodürlüligini goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. 2018-nji ýylda Aktau şäherinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa bu hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Türkmen hem-de gazak halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär. Milli sungaty, däp-dessurlary wagyz etmäge gönükdirilen özara Medeniýet günleriniň, bilelikdäki maslahatlaryň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, akademiki, ylmy alyşmalar munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar.

...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow