Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk resminamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasyna seretmek maslahatyň gün tertibindäki esasy mesele boldy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, esasy maliýe-hukuk resminamasy möhüm pudaklaryň durnukly ösüş depginini saklamagyň, sebitleri ösdürmegiň, umuman, ýurdumyzyň ägirt uly we köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň hasabyna giň gerimli özgertmeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Milli parlamentiň deputatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda, giň gerimli özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmekde, olary giňden wagyz etmekde öz tarapyndan ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.