Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň 22-nji noýabrda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görülýär. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamasyny hem-de öň goşulan Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun taslamalaryna garalar. Şeýle-de “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, oňyn halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň nobatdaky maslahatyna we 59-njy plenar mejlisine, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde guralan sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň maslahaty esasynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, bu resminama ýurdumyzda sanly aktiwleriň bazarynyň ygtybarly esasda hereket etmegi üçin hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmegi göz öňünde tutup, bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk çäreleri, olaryň möhletlerini, jogapkär edaralary belleýär. “Ýol kartasynda” halkara tejribäni öwrenmek, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, energetika we aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, synag taslamalaryny geçirmek ýaly ugurlar kesgitlenilýär. Mundan başga-da, taslamada kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we degişli ugurlarda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ýol kartasynyň” taslamasy hem-de ýörite döwlet toparyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de ykdysadyýetimize sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserne degişli kärhanalarda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň hem-de ony daşarky bazarlara ygtybarly ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, Lebap welaýatynda şaly hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mary welaýatynda gant şugundyryny kabul edip almak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, howdanlara suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär. Möwsümiň dowamynda saýaly, pürli we miweli bag nahallaryny ekmek, olara ideg etmek, döredilen tokaý zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda degişli işler geçirilýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň özi zawodyň önümçiliginiň has-da ygtybarly işlemegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň netijeli işlemegini gazanmak maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny bökdençsiz we doly kuwwatynda işletmek üçin ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dokma senagaty pudagynyň önümçiliginiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, dokma kärhanalarynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň öndürilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz dokma kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag, rejeleýiş işleri üstünlikli dowam etdirildi. Hususan-da, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne Babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akjagala kerwensaraýynda degişli işler geçirildi.
Ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabaralaryny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlaryň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda bilim alýandyklaryny aýtdy hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Ýakyn goňşy ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýlandygy bellenildi. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilip, dürli ugurlary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan we Gazagystan abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi artýar. Şunda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny, iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmek we logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Munuň özi halkara ýük howa daşamalary ulgamynda Watanymyzyň ornuny berkitmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge, logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.