Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II bilen duşuşyk geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrýan bu sapary döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy, Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2015-nji ýylda ýola goýuldy. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryny Monakonyň yzygiderli goldap gelýändigini bellemek gerek.
...Milli Liderimiziň awtoulag kerweni Monakonyň Şazadasynyň köşgüne bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi garşylamak dabarasy boldy. Köşgüň “Hormat garawuly” otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Şazada Alber II-niň ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Alber II türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp, Monako gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde başlangyçly orny eýeleýändigini, munuň bolsa iki ýurduň arasyndaky dialogy özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda işjeňleşdirmek üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, halkara syýasatyň gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny, şol sanda ony abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Şeýle hem taraplar ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sirk sungaty babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, dünýä syýahatçylygynyň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasy nazara alnanda, Monakonyň syýahatçylyk ulgamynda ýeten sepgitleri bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de özara bähbitli tejribe alyşmaga itergi berip biler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Şazada Alber II iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwrüň talabyna hem-de dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmalydygyny nygtadylar.
Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II belent mertebeli myhmany hem-de ýurdumyzyň wekiliýetini mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sapar bilen gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Monakonyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy. Alber II Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň Monakoda goldanylýandygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Şazada Alber II-ä Monako Knýazlygyna gelmäge çakylygy hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we hormat üçin minnetdarlygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň salamyny, hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz 2015-nji ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynda Bütindünýä suw forumynyň çäklerinde Şazada Alber II bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, onuň örän peýdaly bolup, netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berendigini belledi. Nygtalyşy ýaly, şol duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ony ösdürmek üçin mümkinçilikler kesgitlenildi. Halk Maslahatynyň Başlygy 2015-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky karara gelinmeginiň şol gepleşikleriň möhüm netijeleriniň biri bolandygyny aýtdy.
Şeýlelikde, şu ýyl bu möhüm kararyň kabul edilmegine 10 ýyl dolýar we meniň pikirimçe, bu ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek, iki halkyň bähbidine anyk işler bilen onuň üstüni ýetirmek üçin gowy sebäp bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, täze howplara garşy göreşmek ugrunda bilelikde işlemek babatda mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň dürli ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Monako Knýazlygyna minnetdarlyk bildirip, munuň ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýändigini, özara düşünişmäge, hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna ünsi çekip, ýurdumyz tarapyndan bu döwürde dünýä syýasatynda parahatçylyk ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, dartgynlylygy peseltmek üçin şertleri döretmäge, möhüm meseleleri çözmekde jogapkärli hem-de netijeli çemeleşmelere geçmäge gönükdirilen birnäçe wekilçilikli halkara forumlaryň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Şazada Alber II-ni Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu forumyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljekdigine ünsi çekip, türkmen halkynyň gadyrly we hormatly myhmanlarynyň hatarynda Şazada Alber II-ni görmäge şat boljakdygyny aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşygyň birnäçe möhüm ugurlardaky özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda amatly pursat hasaplanýandygyny, şolaryň hatarynda daşky gurşawy goramak meselesini aýratyn belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Monakonyň “ýaşyl başlangyjy” durmuşa geçirip, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň ýolbaşçylygyndaky gaznanyň suw gurşawynda ummanlary we biodürlüligi goramak ugrunda köp işleri durmuşa geçirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň bütin dünýäde howanyň ýagdaýy boýunça gün tertibiniň şu we beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.
Hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry medeni-ynsanperwer ulgam bolup biler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygyny belledi. Milli Liderimiz söwda-ykdysady ulgam barada aýdyp, hususy telekeçilikde, syýahatçylyk, maliýe babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de hyzmatdaşlyk we iş gatnaşyklary üçin usullary döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi älem giňişligidir. 10 ýyl mundan ozal Monako Knýazlygy «TürkmenÄlem52oE» türkmen emeli hemrasynyň kosmosa çykmagy üçin uçjak ugruny beripdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn şertnamanyň möhletiniň 2030-njy ýylda dolýandygyny aýdyp, oňyn tejribä esaslanyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrany döretmegiň üstünde işleýändigini aýtdy we ony älem giňişligine çykarmaga taýýarlamakda bilelikde işlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Medeni hyzmatdaşlygyň wajypdygyna we ony ösdürmäge uly üns berýäris. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary şu günler Monte-Karloda dowam edýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýurdumyzyň bu gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze ugurlar bilen giňeltmäge taýýardygyny nygtap, başga-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň bardygyna ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sporty geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sporta uly üns berilýär. Ýurdumyzda iri sport çäreleri yzygiderli geçirilýär we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ençeme döwrebap toplumlar, desgalar guruldy. Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyz Şazada Alber II-niň sport hereketiniň we giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny, onuň tagallalary bilen Monako Knýazlygynyň 2025-nji ýylda “Dünýäniň sport paýtagty” diýen hormatly ada eýe bolandygyny nygtady hem-de bu möhüm ugurdaky tagallalary birleşdirmek üçin ýurtlarymyzda bar bolan mümkinçilikleri we tejribäni sporty ösdürmek babatda ulanmagy teklip etdi.
Sözüniň ahyrynda Milli Liderimiz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Monakonyň taryhyna, medeniýetine uly hormat goýýandygyny we halkara syýasat boýunça döredijilikli garaýyşlaryna ýokary baha berýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň ýakyn gatnaşyklara, özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Şazada Alber II çuň manyly çykyşy hem-de öňe süren teklipleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ol ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň ony täze ugurlar boýunça ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, sowgatlary alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň täze tapgyryna özboluşly badalga bermek bilen, birek-biregiň medeni mirasyna, däp-dessurlaryna gyzyklanma bildirmegiň hem-de özara hormat goýmagyň nyşanyna öwrüldi. Bu dabara beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni gatnaşyklaryň hem giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we Şazada Alber II resmi wekiliýetleriň agzalary bilen tanyşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň köşgüniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Okeanografiýa muzeýine baryp gördi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Okeanografiýa muzeýiniň taryhy, Monako Knýazlygynyň ozalky Şazadasy Alber I-niň okeanografiýa boýunça geçiren taryhy we ylmy işleri bilen tanyşdyryldy.
Monakonyň Okeanografiýa muzeýi 1910-njy ýylda Şazada Alber I tarapyndan döredildi we ol dünýäniň öňdebaryjy okeanografiýa hem biologiýa ugurly muzeýleriniň biri bolup durýar. Muzeý Ortaýer deňziniň kenaryndaky kert gaýada, 85 metr belentlikde ýerleşýär. Onuň içinde dürli ýöriteleşdirilen bölümler bar. Ummanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek hem-de goramak bu muzeýiň esasy maksadydyr.
Şazada Alber I öz döwrüniň görnükli alymy bolupdyr. Onuň ylmy-barlag işleri köp ulgamlary, şol sanda okeanografiýany, geografiýany, tebigy ylymlary öz içine alýar. Ol 1889-njy ýylda Monakoda Okeanografiýa stansiýasyny esaslandyrýar. Soňra bu stansiýa deňiz biologiýasyny we okeanografiýany ylmy taýdan öwrenmek üçin merkez bolýar. Şazada Alber deňiz çuňluklaryny öwrenmäge gönükdirilen ekspedisiýalary işjeň goldapdyr we olaryň birnäçesine özi hem gatnaşypdyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyza muzeýiň akwarium bölüminde dünýäniň dürli ýerlerinden getirilen balyklar, suwda ýaşaýan beýleki jandarlar we deňiz ösümlikleri barada gürrüň berilýär. Bu ýerde olaryň 6 müňden gowrak görnüşi bar. Deňiz ekoulgamlary bölüminde dürli ekoulgamlar, olaryň birek-birek hem-de daşky gurşaw bilen özara baglanyşygy barada gürrüň berýän eksponatlar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de muzeýde birnäçe sergi zallary, şol sanda deňiz ekoulgamlarynyň köpdürlüligi barada maglumat berýän, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ýaly meselelere bagyşlanan sergi zallary bar. Muzeý ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşyp, deňiz biologiýasyny öwrenmek, deňiz gurşawyny goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu ýerde ýaş alymlar üçin ummanlaryň haýwanat we ösümlik dünýäsini içgin öwrenmäge gönükdirilen açyk umumy sapaklar, okuw maslahatlary, ussatlyk sapaklary yzygiderli geçirilýär.
...Daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilmegi ugrunda tagalla edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki we geljek nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. Ýurdumyz bu ugurda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty amala aşyrýar.
Tebigatyň täsinligi bolan Hazar deňzi dünýäde umman gelip çykyşy bolan iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini, tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazar deňziniň ösümlik hem haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik, ýagny diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik dürlüliginiň gymmatly genofondyny düzýär. Hazar deňziniň sebitinde ýaşaýan halklaryň, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň beren bu peşgeşini gorap saklamak, ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň esasyny düzýär.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän birnäçe resminamalara, şol sanda BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýeti bolan suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasyna (Ramsar Konwensiýasy), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) goşulandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy, şol sanda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren teklipleriniň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibiň bardygyny nygtamak gerek. Şeýle hem ýurdumyz deňiz gurşawynyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazar deňziniň bioserişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky garaýyşlarynyň, bu ugurda bilelikde işlemegiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakynda ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.
Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana toplumynyň — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi sebitiň mineral-çig mal, biologiýa, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçilikleri peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Halkara ekologik talaplara laýyk gelmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky şypahanalaryň we myhmanhanalaryň, senagat kärhanalarynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu ýerde täze seýilgähleriň, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi netijesinde has amatly howa gurşawy emele gelýär.
...Gahryman Arkadagymyz muzeýiň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Nissa şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Milli Liderimiz Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş eden «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.
Hormatly Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolýan günlerinde at üstündäki oýunlar topary halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Milli Liderimiz Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynyň türkmen halkyny diýseň buýsandyrýandygyny, behişdi bedewlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşleriniň beýanyna öwrülendigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» diýen parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işi bu günki günde has-da kämilleşdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler.
Milli Liderimiz bu toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterendigini, dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ynha, bu gün hem Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp bolduňyz. Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýdyňyz. Siziň geljekde hem halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, milli atçylyk sungatymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi, beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz tarapyndan 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy bolup işlän, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, ýeňişleri gazanandygyny hem-de bu ýeňişleriň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidigini buýsanç bilen belledi.
Nygtalyşy ýaly, “Galkynyş” topary birnäçe ýyllap Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp, onda ýeňiş gazanmagyň arzuwynda bolupdy. Bu gün bolsa yzygiderli yhlasyň, irginsiz türgenleşigiň netijesinde şol arzuw hasyl boldy hem-de Türkmenistanyň ýaşyl tugy belentde parladyldy. Gahryman Arkadagymyzyň toparyň agzalary bilen duşuşyp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlamagy toparyň türgenlerini uly üstünliklere ganatlandyryp, çäksiz buýsanç döretdi.
P.Baýramdurdyýew pursatdan peýdalanyp, toparyň ähli agzalarynyň adyndan Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gazanylan ýeňiş bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hoşallyklaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny gazanan ajaýyp ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň hem-de onuň dowamynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu sapar Ýewropa ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder hem-de Türkmenistanyň we Monakonyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açar. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, bu saparyň hem-de onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidigini aýdyp, bu babatda metbugat wekilleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny aýratyn nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.