Baş sahypa
\
Sport
\
«Gyzgalaňly» hokkeý döwri
Sport
«Gyzgalaňly» hokkeý döwri
Çap edildi 15.01.2017
2312

Sport baradaky döwlet komitetinde Sportuň gyşky görnüşleri milli merkeziniň nobatdan daşary maslahaty boldy. Onda bu guramanyň täze ýolbaşçylyk düzümi saýlandy. Jora Hudaýberdiýew Merkeziň başlygy boldy. Häzirki wagtda Içeri işler ministrliginiň sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň müdiri bolup işleýän J.Hudaýberdiýewiň bu ulgamda uly iş tejribesi bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu sport toplumynyň mundan iki ýyl ozal açylandygyny belleýäis. Ondan bäri bu desgada hokkeý boýunça ençeme ýaryşlar geçirildi. Şeýle ýaryşlaryň biri bolan IIM-niň kubogy ugrundaky ýaryş golaýda tamamlandy. Ýaryşa jemi ýedi topar gatnaşdy. Olar iki topara bölündiler. Ýaryşyň aýgytly duşuşygynda «Galkan» bilen «Şir» toparlary öz aralarynda bäsleşdiler. Bu duşuşykda «Galkan» ýeňiş gazandy hem-de ýaryşyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň düzüminde garşydaşlarynyň derwezesine bäş gol geçiren Eziz Akmuhammedow tapawutlandy. Bu hokkeýçi ýaryşyň hem iň güýçli hüjümçisi diýlip yglan edildi. Şeýle hem degişlilikde iň gowy goragçy hem-de iň gowy derwezeban diýlip yglan edilen «Şir» toparyndan Ilýa Weliýew hem- de Kerimli Çaryýew («Galkan») ýaryşyň guramaçylarynyň ýörite baýragyna mynasyp boldular. IIM-niň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijisi bolan toparyň derwezebanynyň geljek aý Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçiriljek VIII gyşky Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndymyzyň agzasydygyny belleýäris. Biziň hokkeýçilerimiz şeýle ýokary derejeli halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş ederler. Türkmenistanyň ýygyndy topary ikinji diwizionyň «B» toparyna düşdi. Olar bu toparda Malaýziýanyň, Hytaý Makaosynyň, Indoneziýanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy toparlary bilen finala çykmak ugrunda bäsleşerler. Ikinji diwizionyň ýeňijileri indiki gyşky Aziada-da esasy toparda çykyş etmäge hukuk gazanar. Ilkinji gezek bürünç medala mynasyp bolan «Watançy» topary ýylyň başynda janköýerlerini begendirdi. Toparyň şeýle uly üstünlik gazanmagy onuň düzüminde çykyş etmäge tejribeli oýunçylaryň birnäçesiniň gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň Sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynda 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň we 16-ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aşgabadyň birinji çempionaty geçýär. Ýaryşyň ahyrky netijeleri şu ýylyň baharynda belli bolar. Geçen dynç günlerinde nobatdaky tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň arasynda çagalar toparynda «Şir» bilen «Oguzhanyň» arasynda geçen duşuşyk örän gyzykly boldy. Duşuşykda yzly-yzyna üç gezek tapawutlanan hüjümçi Hamid Wahydowyň ussatlygy netijesinde «Şir» garşydaşyny 4:3 hasabynda ýeňdi. «Şir» indi 9 utuk toplap, ýaryşda öňde barýan, 12 utuk toplan «Oguzhanyň» yzyndan ýetmäge golaýlady. Üçünji orunda «Bürgüt» barýar. Ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda 14 utuk toplan «Şir» ýaryş tertipnamasynyň öňüni çekýär. «Galkan» 12 utuk bilen ikinji, 11 utukly «Oguzhan» bolsa üçünji orunda barýarlar.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow