Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Syýasat habarlary
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Çap edildi 27.07.2024
801

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.

Mejlisde gün tertibindäki meseleler boýunça edilen çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hasabat döwründe öz işini 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda alyp barandygy bellenildi we bu ugurda maý aýynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine aýratyn üns çekildi.

Mälim bolşy ýaly, şol mejlisde TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygy Azerbaýjan Respublikasyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýändigi, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini hem bellemek gerek. Şular bilen birlikde, ÝUNESKO agza döwletler tarapyndan 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklip goldanylyp, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ukrainanyň goldamagynda bu gurama bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak hakyndaky hödürnama makullanyldy. Bularyň ählisi dünýä siwilizasiýasynyň we medeniýetiniň kemala gelmeginde türkmen halkynyň goşan goşandyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Şeýle-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň alty aýda ýerine ýetiren işleri babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary barada aýdylyp, hasabat döwründe ÝUNESKO hem-de guramanyň Almaty we Bangkok sebitleýin edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bilen duşuşyklaryň, onlaýn gepleşikleriň geçirilendigi, beýleki degişli işleriň alnyp barlandygy nygtaldy. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen çärelere-de üns çekildi. Hususan-da, hasabat döwründe toparyň sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde köp sanly wagyz-nesihat ugurly çäreler guraldy.

Milli mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek babatda degişli çäreleriň geçirilendigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy bilen bilelikde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny, ýurdumyzyň teklibi esasynda çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin Täjigistan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde taýýarlanan hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Sanly ylym” atly ÝUNESKO kafedrasyny açmak üçin taýýarlanylan resminamanyň hem guramanyň Sekretariatyna tabşyrylandygy aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Mahmyt Zamahşarynyň golýazmalaryny, Ybraýym Edhem baradaky dessanlary, Türkmenistanyň orta asyr taryhynda sopuçylyk we halk lukmançylygy ulgamynda düýpli yz galdyran Mäne baba, Gözli ata ýaly görnükli şahslar barada ýurdumyzda we daşary ýurtlarda saklanyp galan möhüm ýazuw çeşmelerini ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna gymmatly ýazuw ýadygärlikleri hökmünde girizmek boýunça hödürnamalar taýýarlanylýar. Şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamanyň deslapky nusgasy taýýarlanyldy. Hödürnamanyň gutarnykly nusgasyny ýakyn wagtda ÝUNESKO gowşurmak meýilleşdirilýär.

Soňra mejlisiň gün tertibindäki nobatdaky meselä geçilip, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, düýpli öwrenmek, konserwirlemek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda zerur işleriň alnyp barlandygy bellenilip, Amul galasynyň, Akjagala kerwensaraýynyň goragy güýçlendirmäge degişlidiginiň kesgitlenilendigine üns çekildi we käbir teklipler öňe sürüldi.

Mejlisde ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek we ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipelere degişli çykyş diňlenildi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazma gaznasynda ençeme gymmatly golýazmalaryň saklanylýandygyna üns çekilip, olaryň birnäçesini, hususan-da, Salar baba Gulaly ogly Hyrydarynyň XVI asyrda ýazan “Jamyg-ut taryh” atly golýazmasyny, Döwletmämmet Azadynyň öz eli bilen ýazan “Şerhil Muhteser wikaýe” atly golýazmasyny ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň sanawyna goşmak üçin degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Şonuň ýaly-da, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Peleňlizaw” gaýa ýazgysyny geljekde ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň sanawyna goşmak maksat edinilýär. Şeýle hem Muhammet ibn Muhammet Sarahsynyň “Muhyt” atly golýazmasyny, halk döredijiligine degişli «Ybraýym Edhem» dessanynyň golýazmasyny ÝUNESKO-nyň sebit boýunça milli mirasynyň sanawyna goşmak meýilleşdirilýär.

Mejlisde toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna geçirilendigi baradaky wezipelerden ugur alnyp, toparyň wagtlaýyn başlyklyk etjek döwründe ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy bilen baglylykda birnäçe teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda 1956-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň karary bilen döredilip, bütindünýä medeni gymmatlyklaryň ähli görnüşlerini gorap saklamak we dikeltmek boýunça iş alyp barýan ýeke-täk halkara düzüm bolan Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada teklip bar.

Mejlisde beýleki meseleler boýunça hem çykyş edilip, birnäçe teklipler diňlenildi. Hususan-da, Gadymy Amul galasyny goramak, düýpli öwrenmek we konserwasiýa etmek meseleleri boýunça; ÝUNESKO klublarynyň Düzgünnamasyny tassyklamak; ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynda ýokary netijeleri gazanmagy başaran şäherlerini ÝUNESKO-nyň öwrenýän şäherleriniň ählumumy toruna (Global Network of Learning Cities) hödürlemek; Türkmenistanyň çäklerinde milli geologik seýilgähleri döretmek; ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň Türkmenistan boýunça milli utgaşdyryjysyny bellemek barada teklipler beýan edildi.

Şeýlelikde, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, özara gatnaşyklaryň ýola goýlandan bäri geçen döwürde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzüminiň halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezýär. Uzak geljek üçin däp bolan özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň alyp barýan işlerinde hem aýdyň ýüze çykýar.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow