Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 12.06.2024
1575

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Awstraliýanyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şunda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem myhmana döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan, halkymyzyň bagtyýarlygyna, Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Milli parlamentiň düzümi, onuň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan giň gerimli işleri duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara derejede dialogy giňeltmegiň, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Türkmen-awstraliýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda taraplar netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýandygy aýdyldy.

Diplomat öz ýurdunyň dürli ugurlar boýunça işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn dialogyň üstünlikli ilerledilmegi üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Mejlisiň Başlygy hem-de Awstraliýanyň doly ygtyýarly wekili döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň ýakyn geljekde doly derejeli, häzirki döwrüň talaplaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyga öwrüljekdigine, ýurtlarymyzyň halklarynyň erk-islegine daýanyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Jon Uilýam Giringi Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri, başarnyklary hem-de borjuna wepalylygy özüne ynanylan wezipäni Siziň ynamyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Siziň Alyhezretiňize Awstraliýanyň adyndan aýtjak ähli zatlaryna, aýratyn-da, meniň Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Türkmenistana abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Dewid Hýorli,

Awstraliýanyň General-gubernatory.

Soňky habarlar
06.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
05.07
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.07
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
top-arrow