Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Resmi
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Çap edildi 12.06.2025
235

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

1. Şu ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2025-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we baýraklar bilen sylaglamaly:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy Şemşat Aşyrmuhammedowna Berdiýewany (1-nji orun — noutbuk);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň aspiranty Aýgözel Kakamyradowna Işadowany (1-nji orun — noutbuk);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy Jennet Myradowna Babaýewany (1-nji orun — noutbuk);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Leýla Raşidowna Meredowany (1-nji orun — noutbuk);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Parahat Aşirgeldiýewiç Rejepsähedowy (1-nji orun — noutbuk);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Şamyradowna Gaýlyýewany (1-nji orun — noutbuk);

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa we energetika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Nowça Aşyrdurdyýewna Sähedowany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy Mähri Myradowna Myradowany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ogulgerek Seýitmuhamedowna Abdykadyrowany (1-nji orun noutbuk);

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Mekan Saparmyradowiç Arlanowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ykjam we wideomaglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Ogulbibi Tekemyrat gyzy Rejebowany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Sylap Begenjowiç Atamyradowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň mugallymy Yhtiýar Meýmankulyýewiç Bazarowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi kafedrasynyň mugallymy Serdar Rahmanowiç Rahmanowy (1-nji orun — noutbuk);

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp sport klubunyň instruktory Tawus Durdyýewna Gordyýewany (1-nji orun — noutbuk);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň aspiranty Dinmuhammet Tekäýewi (1-nji oru — noutbuk);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Biotehnologiýalar barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri Pirnazar Baýramowiç Açylowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň tekstologiýa we edebi miras bölüminiň kiçi ylmy işgäri Aýgül Batyr gyzy Mämmetjumaýewany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergotaslama» institutynyň güýjenmesi 35 kW we ýokary bolan elektrik geçiriji ulgamlary taslamak boýunça bölüminiň esasy inženeri Göwher Garýagdyýewna Çopanowany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň sanly tehnologiýalar bölüminiň baş hünärmeni Ýusup Owganowiç Babaýewi (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Senagat müdirliginiň başlygy Allaberdi Iwraimowiç Bagşyýewi (1-nji orun — noutbuk);

Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň uly prokurory Göwher Täçgulyýewna Hydyrowany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri Patma Ýagşimyradowna Gökbaýewany (1-nji orun — noutbuk);

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň 2-nji derejeli inženeri Didar Annamuhammedowiç Gullarowy (1-nji orun — noutbuk);

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň matematika mugallymy Gülendam Arazdurdyýewna Hajyýewany (1-nji orun — noutbuk);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Didar Amanmuhammedowiç Amanmuhammedowy (2-nji orun — kompýuter);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Aýbölek Baýramgeldiýewna Goçyýewany (2-nji orun – kompýuter);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ymammuhammet Çaryýarmuhammedowiç Şamämmedowy (2-nji orun — kompýuter);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit kafedrasynyň mugallymy Mähri Bäşimowna Hojamuhammedowany (2-nji orun — kompýuter);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy Aýgözel Muhammetnazarowna Naýipowany (2-nji orun — kompýuter);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň kliniki ordinatory Göwherbibi Bazargeldiýewna Nurmyradowany (2-nji orun – kompýuter);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga hirurgiýasy kafedrasynyň kliniki ordinatory Aky Maksadowiç Akyýewi (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Enejan Gurbanmyradowna Hudaýberdiýewany (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň radioaragatnaşyk we radiotehniki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Atajan Myradowiç Nurýagdyýewi (2-nji orun — kompýuter);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymy Şirmuhammet Rejepmyradowiç Jepbarowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy Allaberdi Abdylmuhammet ogly Berdiýewi (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň jenaýat hukuk dersleri kafedrasynyň mugallymy Berdimyrat Nobatberdiýewiç Annagulyýewi (2-nji orun — kompýuter);

Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Amangül Narbaýewany (2-nji orun — kompýuter);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Enwer Nazargulyýewiç Meredowy (2-nji orun — kompýuter);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň himiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Gadam Guwanjowiç Amanowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Alternatiw energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalary we ölçeg serişdeleri barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri Aman Guýjowiç Pirmedowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň etnografiýa bölüminiň kiçi ylmy işgäri Tirkeşgeldi Ýusupgeldiýewiç Myratgeldiýewi (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärler bölüminiň işgärler boýunça baş hünärmeni Şamämmet Mämetgurbanowiç Täçjanowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwynyň 2-nji ýyl diňleýjisi Erkinmuhammet Saparmuhammedowiç Saryýewi (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça wekilhanasynyň üçünji sekretary Enegül Gurbanmyrat gyzy Kakajanowany (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygynyň işçisi Oguljeren Hudaýnazarowna Hudaýnazarowany (2-nji orun — kompýuter);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aýnur Isagulyýewna Semetowany (3-nji orun — telewizor);

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy Güljemal Çaryýewna Berdinazarowany (3-nji orun — telewizor);

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Mähri Gurbanowna Nurlyýewany (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Wepa Annamyradowiç Allaýarowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Ýazberdi Abdyllaýewiç Çaryýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Döwran Bazargeldiýewiç Rahyýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy Şirmyrat Gulmyradowiç Söýünowy (3-nji orun — telewizor);

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Annadurdy Sapardurdyýewiç Çaýyrowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýalary barlaghanasynyň esasy inženeri Mergen Döwranowiç Döwranowy (3-nji orun — telewizor);

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň ylmy işgäri Güljemal Merdanowna Mämmedowany (3-nji orun — telewizor);

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy Aýjahan Batyrowna Durdymeredowany (3-nji orun – telewizor);

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gülälek Toýmeredowna Söýeşowany (3-nji orun – telewizor);

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň Lebap ylmy-önümçilik synag hojalygynyň işçisi Kuwwat Serdarowy (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Mährijemal Berdimyradowna Gulgeldiýewany (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Gurban Handurdyýewiç Handurdyýewi (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Näzli Begmyradowna Amanowany (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Ahmet Muhammetmyradowiç Nazargulyýewi (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mähri Myradowna Myradowany (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 140-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mukam Myradowiç Ataýewi (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen Mustafa Kemal Atatürk adyndaky 57-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Dawut Şabahramowiç Ýagşymyradowy (3-nji orun — telewizor);

Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nurberdi Çerkezowiç Çerkezowy (3-nji orun — telewizor);

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nabat Janmyradowany (3-nji orun — telewizor);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Şatlyk Şamyradowiç Salamowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülbahar Hemraýewna Aşyrowany (1-nji orun — noutbuk);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şanazar Esenowiç Arazgeldiýewi (1-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şadyýan Merdanowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Arslan Azatowiç Şaimowy (1-nji orun — noutbuk);

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Yhlas Amangeldiýewiç Nazargylyjowy (1-nji orun — noutbuk);

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Täçjemal Tagandurdyýewna Agaýewany (1-nji orun — noutbuk);

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigy bilimleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jennet Begenç gyzy Aýtlyýewany (1-nji orun — noutbuk);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Begenç Baýrammyradowiç Amaşowy (2-nji orun — kompýuter);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýewiç Emirkulyýewi (2-nji orun — kompýuter);

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit senagaty (Balkanabat bölümi) fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Annagurban Beggeldiýewiç Annagurbanowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Bezirgen Gulmyradowiç Arazmyradowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Şasenem Meýlisowany (2-nji orun — kompýuter);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Allaberdiýewna Berdiýewany (2-nji orun — kompýuter);

Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gadam Şöhrat ogly Seýidowy (2-nji orun — kompýuter);

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksat Durdymuhammedowiç Nurmämmedowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ulaglar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bagtygül Şöhratowna Orazowany (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Hajymuhammet Täçmyradowiç Hamydowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Muhammetnur Orazdurdyýewiç Atagurbanowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň harby talyby Maksat Begmyradowiç Kakajanowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şirin Batyrowna Gurdowany (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Joşgun Rahymberdiýewiç Puhanowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň sanly dolandyryş ugrunyň 1-nji ýyl talyby Şirmyrat Guwançmyradowiç Kurtmyradowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Şageldi Begmyradowiç Salyhowy (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Selim Hojamkuliýewiç Rasulowy (2-nji orun — kompýuter);

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Amanýazowna Hojanazarowany (2-nji orun — kompýuter);

Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Bahar Bagtyýarowna Berdiýewany (2-nji orun — kompýuter);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Salyh Çaryýarmuhammedowiç Ataýewi (2-nji orun — kompýuter);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Akgyz Maksadowna Annaýewany (3-nji orun — telewizor);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Sähragül Geldimyradowna Garlyýewany (3-nji orun — telewizor);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýnur Gurbanbaý gyzy Orunbaýewany (3-nji orun — telewizor);

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Sähet Merdanowiç Saryýewi (3-nji orun — telewizor);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Abdyleziz Begençmyradowiç Saryýewi (3-nji orun — telewizor);

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Myrat Döwranowiç Myradowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň menejment fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ymamhasan Alladurdyýewiç Abaýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Leýli Rüstemowna Sapargeldiýewany (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň raýat goranyşy fakultetiniň 2-nji ýyl harby talyby Myhman Şakirjanowiç Şakirjanowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Azym Kerimowiç Kertiýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Rahmangylyç Penjiýewiç Annageldiýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Oguljennet Sazakowna Annaorazowany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Nurýagdy Ýagmyrmyradowiç Haýydowy (3-nji orun — telewizor);

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýusup Babamyradowiç Ýazgylyjowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň döwlet dolandyryş ugrunyň 1-nji ýyl talyby Gurbanmuhammet Öremuhammedowiç Hallyýewi (3-nji orun — telewizor);

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Guwanç Ýoldaş ogly Ýoldaşowy (3-nji orun — telewizor);

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Öwezmyrat Orazmyradowiç Aýdogdyýewi (3-nji orun — telewizor);

Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Orazgül Myratdurdyýewna Myratdurdyýewany (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Balkan Şamyradowiç Allanowy (3-nji orun — telewizor);

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň senagat-tehnologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ýolaman Kömekowiç Derýageldiýewi (3-nji orun — telewizor);

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Suhanberdi Täçberdi ogly Täçberdiýewi (3-nji orun — telewizor);

Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň başlangyç synplarda okatmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güljemile Saparmyradowna Bazarowany (3-nji orun — telewizor).

2. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen maksatlar üçin çykdajylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
12.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
12.06
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy we döredijilik kuwwaty
12.06
Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahat
12.06
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny gut­la­dy
12.06
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne hem-de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar» hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şyjylara­
12.06
Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne
12.06
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hor­mat­ly Ser­dar Berdimuhamedowa
11.06
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry
top-arrow