Mähriban uçurymlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etjek ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlap, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz hem-de zähmet ýoluna gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Watan goragynda täze menzillere gadam goýmagyňyz sizi ýurt goragynda täze belent sepgitlere ruhlandyrmalydyr. Çünki parasatly pederlerimiziň bize miras goýan parahatçylyk söýüjilik hem-de ynanyşmak ýörelgeleri asuda, erkana durmuşyň sakasydyr, Watana bolan belent söýginiň bütin adamzadyň bähbidi bilen utgaşmasydyr. Şoňa görä-de, siz milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny hem-de döredijilikli zähmetini goramagy, türkmen jemgyýetinde kanunçylygy, hukuk tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy mukaddes borç hasaplap, ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini pugta berjaý etmelisiňiz.
Merdana Watan goragçylary!
Türkmen halky mertligi, edermenligi hem-de gaýratlylygy bilen tanalýar. Bu asylly häsiýetler hem-de ýörelgeler häzirki bagtyýar günlerde hem Watan goragçylary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Ynsan ömrüniň manysy onuň Watan, il-gün, geljek nesiller üçin bitiren işleri bilen ölçenilýär. Watan goragyna baglanan ömür bolsa nusgalykdyr, görelde alarlykdyr. Şonuň üçin hem Watan goragy ugrunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen pederlerimiziň, şol sanda ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew, Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany
Mälikguly Berdimuhamedow ýaly gerçekleriň ömür ýollary her bir Watan goragçysy üçin mertlik mekdebidir. Siz hem taryhda öçmejek yz galdyran merdana şahsyýetlerimiziň edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk ýörelgelerini özüňize nusga edinip, parasatly pederlerimiziň şöhratyny arşa götermelisiňiz. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna ýokary derejede ussatlyk bilen erk edip, Watany söýmegiň kämil nusgasyny görkezmelisiňiz. Halkymyzyň lebzihalallyk, mertlik, pespällik ýaly belent ruhy gymmatlyklaryny özüňizde jemläp, watanperwer gerçekleriň mynasyp dowamaty bolmalysyňyz.
Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar!
Ylym-bilimli, hünär taýdan taýýarlykly, beden we ruhy taýdan sagdyn hünärmenleri kemala getirmek ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda harby hünärmenleriň taýýarlygyna, Watan goragçylarynyň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Geçen ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň iň kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi şu günki Watan gerçekleriniň başlangyç harby taýýarlygynyň kämil bolmagyna uly itergi berdi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watan mukaddesliginiň gadyr-gymmatyna birkemsiz düşünýän, pederlerimiziň mertlik ýoluna eýerýän, harby sungatdan ussatlyk bilen baş çykarýan we harby tehnikalara ezberlik bilen erk edýän, mukaddes Watanymyzyň goranmak ukybyny, serhetlerimiziň mizemezligini pugtalandyrmaga, döwletimiziň howpsuzlygynyň we jemgyýetçilik asudalygynyň goragyny üpjün etmäge saldamly goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamakda serkerde-mugallymlara aýratyn orun degişlidir. Siziň bu işde yhlas-başarnyklaryňyzy gaýgyrman, giň gözýetimli, ýokary ahlakly we beden taýdan sagdyn, Watanymyza wepaly ýaşlary ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdigiňize berk ynanýaryn.
Hormatly uçurymlar!
Siziň ähliňizi ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.