Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýokary taýýarlykly hünärmenler — Watanymyzyň ygtybarly goragçylary
Jemgyýet
Ýokary taýýarlykly hünärmenler — Watanymyzyň ygtybarly goragçylary
Çap edildi 14.06.2025
91

Şu gün Harby akademiýanyň hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Däp bolşy ýaly, bu waka mynasybetli guralan çäreler görnükli mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň we içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Olaryň şöhratly ömür ýoly halkymyza we Watanymyza wepaly gulluk etmegiň, watansöýüjiligiň, edermenligiň aýdyň nusgasydyr. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyndaky “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine hem gül desseleri goýuldy.

Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ajaýyp gün ykbalyny Watanymyzyň goragyna bagyşlan ýaş serkerdeleriň hakydasynda hemişelik galar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlandy. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine, professor-mugallymlaryna şanly waka mynasybetli iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz harby uçurymlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň, çäk bitewüliginiň, konstitusion gurluşynyň, goranmak ukybynyň, döwlet serhetlerimiziň mizemezliginiň, ýurt howpsuzlygynyň, jemgyýetçilik asudalygynyň, milli kanunçylygymyzyň we hukuk tertibiniň ygtybarly goragyny üpjün etjek serkerdeler düzümini, işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmaklary hem-de zähmet ýoluna gadam basmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda — Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Watan goragynda täze menzillere gadam goýmagyňyz sizi ýurt goragynda täze belent sepgitlere ruhlandyrmalydyr. Çünki parasatly pederlerimiziň bize miras goýan parahatçylyk söýüjilik hem-de ynanyşmak ýörelgeleri asuda, erkana durmuşyň sakasydyr, Watana bolan belent söýginiň bütin adamzadyň bähbidi bilen utgaşmasydyr» diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda harby hünärmenleriň taýýarlygyna, Watan goragçylarynyň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi Watan gerçekleriniň başlangyç harby taýýarlygynyň kämil bolmagyna uly itergi berýär.

Häzirki döwürde döwrüň talabyna laýyklykda, ýaşlara berilýän bilimiň hili innowasion usullaryň, multimedia enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagynyň hasabyna yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde Watanymyzyň geljekki goragçylary söweş tilsimlerini ele alýarlar, öňdebaryjy harby tehnikalar bilen tanyşýarlar, dürli bilimleri özleşdirmek bilen, merdana pederlerimiziň iň gowy däplerini mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarlar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň goranmak ukyby diňe bir döwrebap ýaraglara we tehnikalara bagly bolman, eýsem, pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan esgerleridir serkerdeleri taýýarlamak ulgamyna hem baglydyr. Milli harby bilim ulgamy harby gullukçylarda söweşjeň ahlak häsiýetlerini terbiýelemäge, harby gullukçy hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlarda Watanyň ykbaly üçin jogapkärçilik duýgusyny kemala getirmäge esaslanýar.

...Dabaraly ýagdaýda Harby akademiýanyň diňleýjilerine ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar we döşe dakylýan nyşanlar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlanlara bolsa serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy. Kalby ata Watana buýsanç duýgusyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler.

Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çäräniň esasy gatnaşyjylarynyň dabaraly harby ýörişi her bir harby uçurymyň durmuşyndaky iň ähmiýetli pursatlaryň biriniň tamamlanýandygyny alamatlandyrdy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri barada edýän hemişelik aladasy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, konstitusion gurluşyny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak bilen, Watanymyza, halkymyza jan aýaman gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
16.06
Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşyjylara
15.06
Halkyň abadan durmuşynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
14.06
Ýokary taýýarlykly hünärmenler — Watanymyzyň ygtybarly goragçylary
13.06
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si
13.06
Türk­me­nis­ta­nyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry­na, ser­ker­de­le­ri­ne we pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­na
13.06
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
12.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
12.06
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy we döredijilik kuwwaty
top-arrow