Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmeniistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamy döwrebaplaşdyrylýar
Sport
Türkmeniistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamy döwrebaplaşdyrylýar
Çap edildi 27.12.2016
2554

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda çäre geçirildi, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebinde täze fakulteti döretmek hem-da onuň üçin aýratyn binany gurmak barada kabul eden çözgüdi bilen baglylykda ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipelererine bagyşlandy. Dabaraly ýygnaga Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Demokratik partiýanyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, tälimçiler we esasy hünärmenler gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler, döwlet Baştutanymyz öz Gutlag hatynda ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejesindäki ýaryşlarda eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler diýip belledi. Bu bolsa, Garaşsyz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeler gazanylýan sporty ösdürmäge döwlet derejesinde ägirt uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Dabaraly ýygnakda çykyş edenler, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamynda meýillişdirilen özgertmeleriň möhüm ähmiýetini bellediler. Munuň özi milli sport hereketini has ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Täze fakultetiň binasynyň halkara ülňülerine laýyk derejede guruljakdygy hem-de iň häzirkizaman tehnikasy bilen enjamlaşdyryljakdygy nygtaldy. Şeýle hem sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin ähli şertler dörediler, olar türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda geljekde üstünlikli çykyş etmekleri üçin ygtybarly binýat bolmalydyrlar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda geçiriljek çäreleri göz öňünde tutup, geljek ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip atlandyrmagy teklip edendigi bellenildi. Täze ýyl Türkmenistan üçin baş sport çäresi bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bäsleşiklerine beslener, mälim bolşy ýaly, bu Oýunlar Aziýanyň çäklerinden hem çykar – oňa ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri hem gatnaşar. Munuň özi şu derejeli ýaryşlar üçin görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr. Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň 20-den gowrak bolmagy hem onuň aýratynlygydyr. Häzirki wagtda Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda ähli esasy işler tamamlanyp barýar. Onuň desgalarynda eýýäm dürli ýaryşlar, şol sanda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça Aziýa çempionatlary geçirildi. Munuň özi biziň paýtagtymyzyň iri halkara sport çäreleriniň geçilýän merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyzy türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin öz ähli gujur-gaýratlaryny we bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow