Baş sahypa
\
Resmi
\
Aşgabat şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeleri görkezen ýurdumyzyň türgenleri we tälimçi-mugallymlary awtouglar bilen sylaglanyldy
Resmi
Aşgabat şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeleri görkezen ýurdumyzyň türgenleri we tälimçi-mugallymlary awtouglar bilen sylaglanyldy
Çap edildi 27.12.2023
3636

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan netijelerini dünýä ýaýmaga, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda gazanan ýokary üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň kuraş görnüşi boýunça tälimçi-mugallymy Dörtguly Tejenowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagy;

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Şirin Permanowna Kubaýewa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagy;

Goranmak ministrliginiň Lebap welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyşynyň çärelerini meýilleşdirmek bölümçesiniň uly hünärmeni Wepa Ýadigarowiç Awlýakulyýewe 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 60 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy;

Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky 22-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Bagtyýarowiç Omirowa 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 81 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy;

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Dinara Rozykulowna Rozykulowa 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 63 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy;

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Lebap welaýat Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Dänew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň dzýudo göreşi boýunça tälimçi-mugallymy Mariýa Walerýewna Lohowa 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 70 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy;

Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Sabina Ruslanowna Kadyrowa 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 78 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli «Toyota Fortuner SR5» jip kysymly awtoulagy sowgat berildi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow