Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ulag ulgamynda zähmetiň halkara kadalary
Syýasy habarlar
Ulag ulgamynda zähmetiň halkara kadalary
Çap edildi 26.11.2026
5

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň zähmeti kadalaşdyrýan we iş üpjünçilik, ulag edaralarynyň, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, beýleki degişli düzümleriniň, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Arkalaşyga agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, her bir tarapyň milli bähbitlerini, umumy maksatlary nazara almak esasynda yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Halkara maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly Türkmenistan Arkalaşygyň giňişligindäki özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy hem-de öňe sürýän başlangyçlary munuň aýdyň güwäsidir. Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli çäreler geçirilýär. Bütindünýä durnukly ulag gününde Arkalaşyga agza döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynda şu gezekki maslahatyň geçirilmegi ulag ulgamynda zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde, ulag edaralarynyň işiniň guramaçylygyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Ol ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy, döwletleriň ulag-logistika taýdan özara baglanyşykly şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakda, zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA ýurtlarynyň, guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän we Arkalaşygyň döredilmegine 35 ýyl bolýan ýubileý ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle-de Arkalaşygyň halkara abraýyny has-da berkitmäge uly ähmiýet berýändigini görkezýär. GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew sanly ulgam arkaly çykyşynda foruma gatnaşyjylary ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy esasynda yglan edilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Ulag ulgamy Arkalaşyga agza döwletleriň ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm bölegini emele getirýär. Şoňa görä, S.Lebedew Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyr-makda, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde durmuşa geçirýän tagallalaryna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, oktýabr aýynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ähmiýeti bellenildi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyly “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ulag arabaglanyşygy ýyly” diýip yglan etmek hakynda Çözgüt hem bar. Munuň özi Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny yglan etmek boýunça başlangyjynyň çäginde BMG-niň we GDA-nyň tagallalaryny utgaşdyrmaga ýardam edýär.

Maslahata gatnaşyjylar Arkalaşyga agza döwletleriň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň we olaryň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmagyň, halkara guramalaryň gatnaşmagynda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, köpugurly, howpsuz halkara ulag geçelgelerini döretmegiň GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň hataryndadygyny nygtadylar. Şunda agza döwletleriň infrastruktura mümkinçiliklerini çekmek arkaly Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça utgaşdyrylan ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Dostlukly ýurtlaryň wekilleri çykyşlarynda ulag edaralarynda zähmet kadalaryny, amatly we howpsuz iş şertlerini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän işleri barada giňişleýin durup geçdiler.

Halkara maslahatda Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty amala aşyrmakda gazanan üstünlikleri tanyşdyryldy. Bu syýasat adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine berk eýermek esasynda alnyp barylýar. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň agzasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, zähmeti goramak, ýeňillikli iş we durmuş şertlerini döretmekde görülýän çäreler, degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk boýunça giňişleýin maglumat berildi.

Maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň Arkalaşygyň çäginde durmuş-zähmet pudagynda utgaşdyrylan syýasatyň amala aşyrylmagyna goşant goşjakdygyna, GDA-nyň giňişliginde ulag, zähmeti goramak edaralarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn esasda has-da giňeldilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, toplanan oňyn tejribäni yzygiderli alyşmagyň, GDA-nyň beýleki pudaklaýyn düzümleri bilen gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça ýakyn aragatnaşyk saklamagyň wajypdygy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
26.11
Ulag ulgamynda zähmetiň halkara kadalary
26.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
«Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
25.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
25.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi
25.11
Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ilerledilýär
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
24.11
Türkmenistan möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny berkidýär
24.11
Halkara hukuk ýylyna hem-de BMG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow