Baş sahypa
\
Sport
\
Sport institutynda täze fakultet açylar
Sport
Sport institutynda täze fakultet açylar
Çap edildi 24.12.2016
2649

Şu gün Türkmen Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda mejlis geçirildi. Onuň esasy meselesi ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýokary okuw mekdebiň enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak hem-de onda täze fakulteti açmak hakynda gol çeken kararynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Mejlise syýasy işgärler, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Demokratik partiýanyň, dürli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, tälimçiler hem-de öňdebaryjy türgenler gatnaşdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň belent ornuny bellediler. Şonuň netijesinde ýurdumyzda sport hereketi ösüşiň görlüp-eşidilmedik ýokary derejesine çykdy. Tutuş Türkmenistan boýunça häzirki zaman sport toplumlarynyň onlarçasy guruldy. Aşgabat iri halkara ýaryşlaryny, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aziýa çempionatlaryny barha ýygy-ýygydan kabul edýär. Geljek ýylyň sentýabrynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurulýan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şol ýaryşlara 62 ýurtdan 5 müňden gowrak türgenler gatnaşar. Munuň özi şunuň ýaly toplumlaýyn forumlar üçin täze uly görkezijidir. Şeýle hem täze kararyň durmuşa geçirilmeginiň sportda ýokary gazanylanlaryň maksadalaýyk ösüşiniň aýratyn derejesini ileri tutup, milli sport we Olimpiýa hereketiniň ösüşinde täze ugry kesgitlär. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar degişli guramalara Olimpiýa oýunlarynda we beýleki iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri, şeýle hem olaryň tälimçilerini höweslendirmek hakynda Kararyň taslamasyny hem-de degişli Düzgünnamany işläp taýýarlamaga we pul sylaglarynyň möçberlerini tassyklamaga çagyran döwlet Baştutanymyzyň öwüt-nesihatlary barada durup geçdiler. Mejlisiň ahyrynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow