Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Syýasat habarlary
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 08.11.2023
913

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde, öňdebaryjy täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan «akylly» şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Bu ýerde milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Ähli babatda, şol sanda tebigata aýawly çemeleşmekde halkara ölçeglere laýyk gelýän degişli düzümler ýaşaýjylar üçin amatly we oňaýly şertleri üpjün edýär.

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Ýokary derejede guralýan serginiň hem-de ylmy maslahatyň öň ýanynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisleriniň geçirilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Ýokary derejedäki bu mejlisler halkara aragatnaşyk ulgamy bilen aýrylmaz bagly bolan gaýragoýulmasyz meseleleriň bähbitli ugurlaryny, çözgütlerini tapmaga ýardam etdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hem, öz gezeginde, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň ähmiýeti örän uludyr. Bu foruma telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürleriniň gatnaşmagy muny aýdyň görkezýär.

Türkmenistan öz çäginde halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasion merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam edýär. «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlary bilen öz döwründe Gündogaryň we Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki şertlerde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýar hem-de öz goşandyny goşýar.

Hormatly aragatnaşykçylar!
Gadyrly myhmanlar!

Ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Sizi telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
07.09
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy
07.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany ANNAMYRADOW Ş.H. hakynda
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany E.Ý.AŞYROW hakynda
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ö.A.GOŞJANOW hakynda
06.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
06.09
Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow