Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 12.10.2026
33

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary hem-de kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär.

Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýewe söz berildi. Häkim, ilki bilen, Balkanabat şäherinde birnäçe saglygy goraýyş düzümleriniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak boýunça işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime pagta ýygymynyň hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur çäreler görülýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär.

Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde hem-de netijeli işledilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şaly hasylyny ýygnamak işlerine girişilip, möwsümi öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmagynyň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalaryny bökdençsiz işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsüminde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işlere ünsi çekdi we häkime bu işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginleriniň güýçlendirilmegini hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häkim, ilki bilen, Mary şäherinde saglygy goraýyş desgasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň babadaýhanlary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýygym möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmäge, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmäge aýratyn üns berilýär.

Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak we kadaly gögeriş almak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek hem-de gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz boýunça bugdaý ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edip, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň öz wagtynda hem-de ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we wise-premýere ýurdumyz boýunça bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň hem-de bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýygymyň depginini güýçlendirmegi, hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri geçirmegi, bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
top-arrow