Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň gerimli hyzmatdaşlyk strategiýasyny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär hem-de sebit we ählumumy derejede ynamly, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde öz abraýyny barha artdyrýar. Geçen hepde hem döwletimiziň durmuş-ykdysady we ruhy ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýan birnäçe möhüm daşary hem-de içeri syýasy wakalar bilen tapawutlandy.
5-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Arkadagyň ruhy metjidiniň gurluşygyna we bezeg işlerine, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň hem-de çagalar bagynyň synp otaglarynyň, lukmançylyk klasteriniň döwrebap enjamlar bilen üpjünçiligine, onuň çägini bagy-bossanlyga öwürmäge, şeýle hem ozal berlen maslahatlara laýyklykda işlenip taýýarlanylan sport toplumlarynyň dizaýn taslamalaryna aýratyn üns çekildi.
Bellenilişi ýaly, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, ýokary ekologiýa derejesi we ýaşaýyş jaýlarynyň mümkinçilikleri, şäheriň yşyklandyryş ulgamy döwrüň ösen talaplaryna mahsus derejede bolmalydyr. Şeýle hem täze şäheriň töweregindäki baglyklaryň meýdanyny giňeltmek we miweli baglaryň görnüşlerini köpeltmek bellenildi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli dabaralara hem-de beýleki uly baýramçylyk çärelerine, hususan-da, täze jaýlaryň eýelerine аçarlary gowşurmak dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi bellenildi.
Hatyra gününiň öňüsyrasynda amala aşyrylan saparyň dowamynda hajy Arkadagymyz Arkadagyň ruhy metjidini, sadaka berilýän binany we gurluşygy dowam edýän medresäni gözden geçirdi hem-de olaryň abadanlaşdyrylyşyny we bezeg işlerini yslam dininiň kadalaryna laýyklykda geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
Arkadagyň ruhy metjidiniň baş ymamy öten-geçenlerimiziň ruhunyň şat, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik maksatlary nazarlaýan ýagşy işleriniň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.
6-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy.
1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, döwlet Baştutanymyz «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.
Hatyra çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okalyp, sadakalar berildi.
6-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy we ol ýerde «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony mähirli garşylady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeldýärler. Şeýle hem ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklar özara bähbitli esasda durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem taraplar Hazar deňziniň kenaryndaky iri halkara çäreleriň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
7-nji oktýabrda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy giň ugurlar boýunça, şeýle hem BMG we GDA ýaly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdyklaryny belläp, öňde boljak duşuşyklaryň GDA-nyň giňişliginde netijeli dialogy has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine hem-de Hazar sebitiniň ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üç günläp dowam eden hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi beren halkara ähmiýetli çäreler boldy.
7-nji oktýabrda bu ýerde GDA ýurtlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň uzak möhletli netijeli hyzmatdaşlygy maksat edinýändiklerini görkezen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibi boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berdiler. Çykyşlarda öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de halkara durnuklylygy üpjün etmäge zenanlaryň işjeň gatnaşmagynyň sebitde uzak möhletleýin durnuklylyga we durmuş-ykdysady işlere gönüden-göni täsir edýändigi bellenildi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine seljerme bermek we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Onuň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň hem-de Belarus Respublikasynyň daşary işler ministrleri S.Lawrow we M.Ryženkow bilen duşuşyklarynyň dowamynda özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlary 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamalarynda öz beýanyny tapdy.
Awazanyň gepleşikler meýdançalarynda öňe sürlen teklipler GDA agza döwletleriň köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirildi. Öňde duran bilelikdäki işleriň gerimi özara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny — azyk howpsuzlygyndan we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakdan başlap, demografik amallary uzak möhletleýin durmuş-ykdysady meýilnamalara utgaşdyrmaga hem-de saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga çenli ugurlary öz içine alýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Döwletara maglumat pulunyň administratiw geňeşiniň mejlisinde Arkalaşygyň ýurtlarynyň özboluşlylygyny, olaryň taryhyny, milli däp-dessurlaryny we häzirki zamanyň gazananlaryny şöhlelendirýän maglumat we medeni mazmuny döretmek boýunça bilelikdäki işiň ähmiýeti nygtaldy.
8-nji oktýabrda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we bu sebit dialogyna ilkinji gezek resmi taýdan gatnaşan Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýokary derejeli çäreleriň dowamy boldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meseleleri duşuşygyň üns merkezinde boldy. Sebitiň uly mümkinçiliklerini açmaga ugrukdyrylan birnäçe strategik başlangyçlar beýan edildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň kadalaşdyryjy resminamalary hakynda çözgüde gol çekildi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň Baştutanlary, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmagyň dowamynda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan halklarynyň abadançylygyny hem-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynyň netijeleri boýunça strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşi döretmek hakynda Şertnama gol çekildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty özara düşünişmek ýagdaýynda we netijeli häsiýetde geçdi. Diplomatlar sebitara, ulag-logistika we energetika ugurlaryny birleşdirýän möhüm köpri hökmünde Hazar deňzi sebitiniň strategik ähmiýetini bellediler. Häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmäge yzygiderli utgaşdyrylan çemeleşmäni ulanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Giň möçberli halkara çäreleriň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda telewideniýe we kino sungatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.
8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeginde dabaraly konsert geçirildi. Oňa dostlukly döwletleriň Baştutanlary hem gatnaşdylar. Dabaranyň başynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginde «Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy» atly filmi bilen ýeňiji bolan russiýaly režissýor Robert Fransewe bäsleşigiň ýörite ýadygärlik heýkeli, diplomy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 10 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy. «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp bolan özbegistanly A.Mahmudowa bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — «ZEEKR X9» kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy.
Şol gün döwlet Baştutanlary we belent mertebeli myhmanlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalyna hem gatnaşdylar.
9-njy oktýabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi esasy wakalaryň biri boldy. Şeýle hem mejlise hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdy.
Ýokary derejede geçirilen mejlis GDA ýurtlarynyň ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryny görkezip, möhüm sebit we ählumumy meseleleri çözmekde türkmen diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini subut etdi. Çykyşlaryň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, köptaraply hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde duran döwür üçin özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işini tamamlansoň, bu gurama agza ýurtlaryň Baştutanlary hem-de mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti mejlisiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.
Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary sammiti geçirmek baradaky başlangyç üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdiler hem-de Hazaryň ekologiýa meselelerini, olaryň hatarynda deňziň suwunyň azalmagynyň öňüni almak, onuň ekoulgamyny we bioköpdürlüligini gorap saklamak meselelerini çözmekde bilelikdäki tagallalaryň wajypdygyny bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldady we toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmegi teklip etdi. Toparyň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmek teklip edildi.
Türkmenistan şeýle hem Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy goldady. Bu başlangyç Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň garaýşyna doly laýyk gelýär.
Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Çözgüdine gol çekildi hem-de Hazar ekologiýa sammitinde Başlyklyk edijiniň Beýannamasy kabul edildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde bu ulgama degişli desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýan şu ýyl hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şypahana sowgat berilýän awtoulaglaryň açaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk gününde geçirilen binagärlik açylyşlarynyň hatarynyň üstüni ýetirdi.
Täze lukmançylyk desgalary sebitde ýeke-täk bolan dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň ýokary tehnologik enjamlary bilen üpjün edilendir. 20-den gowrak ýöriteleşdirilen bölümleri özünde birleşdirýän 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzda ilkinji gezek süňk ýiliginiň transplantasiýasy, palliatiw kömek, şeýle hem himiýa bejeriş we radiofarmasewtiki serişdeleri öndürýän bölümler işe girizildi.
80 orunlyk täze Stomatologiýa merkezinde bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary «akylly» tehnologiýalar, robotlaşdyrylan kompýuter tomografiýasy hem-de CAD/CAM sanly laboratoriýanyň kompýuter goldawly taslama we önümçilik toplumlaryndan peýdalanmak arkaly ýerine ýetiriler.
160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi çagalarda we ýetginjeklerde keselleriň öňüni almaga, olary ýokary takyklyk bilen anyklamaga we bejermäge gönükdirilendir.
Dabaralaryň soňunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow lukmançylyk merkezlerine täze awtoulaglaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.
10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, «Bouygues» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig, «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz, Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo, Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, «Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi» federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko bilen duşuşyklar geçirildi.
Myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine, Aşgabat şäheriniň halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmündäki eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna ýokary baha berdiler hem-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna gönükdirilen ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Halkara serginiň çäklerinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi. Ýurdumyzyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebinde daşary ýurtly alym lukmanlara «Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory» alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy.
11-nji oktýabrda bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara bileleşik tarapyndan giňden goldanylýan başlangyçlarynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini, umumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň eýeleýän ornuny aýdyň görkezdi.