Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini çeper şöhlelendirýän döwrebap, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
1. Şu döredijilik işgärlerini edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we şu baýraklar bilen sylaglamaly:
Iň gowy goşgular we poemalar üçin:
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Purnepes Durdyýewiç Öwezliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Annasoltan Amannazarowna Nunnakowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy makalalar we oçerkler üçin:
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň çagalar bölüminiň diş lukmany-terapewti Gurbannazar Ataýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri Döwran Myratberdiýewiç Amanmyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Arzuw Rejepbaýewna Bekiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Maglumat-seljeriş müdirliginiň müdiriniň orunbasary — 1-nji bölüminiň müdiri Nazarmämmet Amanmämmedowiç Bäbişowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gurbanmyrat Muhammedowiç Muhammedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň mugallymy Güljemal Hatamowna Soltanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň demokratiýa meseleleri we halkara gatnaşyklary bölüminiň uly ylmy işgäri Gülälek Öremämmedowna Tangiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy Jeren Dörtgulyýewna Öwezowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar üçin:
Daşoguz şäheriniň prokurorynyň kazyýetiň kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik ugry boýunça uly kömekçisi Bibigül Baýramgulyýewna Ýagşymädowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri üçin:
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory (suratçy dizaýner) Batyr Aşyrowiç Mämmetgurbanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşliginiň Mekan obasynyň ýaşaýjysy, şahyr Bazarkul Şalyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy teleradio gepleşikler toplumy üçin:
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň baş redaktory Mukam Maksadowiç Ýazmyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň baş režissýory Parahat Owşyknyýazowiç Ýaranowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ogultäç Meretmuhammedowna Gulamanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ýunus Nurmuhammedowiç Allanazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» habarlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ýusupmyrat Agamyradowiç Muhammedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň režissýory Ogultäç Myradowna Berdiliýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň baş redaktory Sähra Baýramgeldiýewna Ahmedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň Estrada we orkestr toparynyň artisti Muhammetoraz Seýtmuhammedowiç Sähedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Leýla Ballyýewna Durdiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň arhiw bölüminiň hünärmeni Hojanepes Nurmuhammedowiç Rejepowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň Dolandyryş edarasynyň hünärmeni Gunça Kakalyýewna Režepowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Kemal Muhammetöwezowiç Annaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Akmyrat Gurbanmyradowiç Ýagmyrowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň arhiw bölüminiň müdiri Dünýa Jumaýewna Aşyrowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Seýrangeldi Gaýgysyzowiç Kakajanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň habarlar bölüminiň müdiri Gurbannepes Mämetjumaýewiç Aýjanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymynyň teleoperatory Halnyýaz Çaryýewiç Taganowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Akmämmet Esenmyradowiç Berdimämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Hoşgeldi Güýçgeldiýewiç Garabaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Atajan Täçmyradowiç Bekiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň baş hünärmeni Rustam Rozumowiç Atajanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň wideokameralar sehiniň hünärmeni Meýlis Hudaýgulyýewiç Öwliýägulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň 1-nji derejeli goýujy-kinorežissýorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maksat Şamuhammedowiç Gylyjowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Sahysalyh Agajumaýewiç Baýramowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň uly mugallymy Sülgün Eýeberdiýewna Orazmyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we çykyşlary üçin:
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Gündogar ýyldyzlary» oýunlar toparyny (Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş direktory Serdar Hojakulyýewiç Gurbangulyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti Wenera Amangeldiýewna Atajanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti Gülnabat Muradowna Abdullaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Gülsoltan Myratgeldiýewna Arazgeldiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Rahat Baýramowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy tans, halk döredijilik we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin:
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparyny (çeper ýolbaşçysy Maýsagül Gylyçmyradowna Eminowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor-tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Merdan Myratgulyýewiç Abaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň «Dürdäne» folklor toparyny (çeper ýolbaşçysy Merdan Hudaýberdiýewiç Orazmämmedow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,
Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby Dünýägözel Tirkeşowna Begaliýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Maksatmyrat Narmuhammedowiç Hojaberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Muhammetdurdy Sapardurdyýewiç Bäşiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Şamyrat Hojamyradowiç Hojagulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby Serdar Turanowiç Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň 2-nji derejeli tans artisti Bäşim Işangulyýewiç Ýolamanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň I derejeli artisti Laçyn Hudaýberdiýewna Hudaýgulyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Ahal welaýatynyň Tejen etrap medeniýet bölüminiň Altyn asyr şäher medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň I derejeli artisti (sazanda) Begmyrat Amandurdyýewiç Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Balkan welaýatynyň Bereket etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň sazandasy Röwşen Baýrammämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Balkan welaýatynyň Bereket etrap medeniýet bölüminiň Isgender oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Mergen Arazalyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gözel Rejepmyradowna Annahanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Altyn asyr» estrada orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Irada Islamowna Karamatowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Arçabil» estrada toparynyň 1-nji derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Seýran Gurbangulyýewiç Annaçaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli orkestriniň sazandasy Timur Anwerowiç Umirowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Oguzlar» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli artisti Baýrammyrat Hudaýberdiýewiç Hallyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti Pälwan Allamyradowiç Hojanyýazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň gullukçysy Raj Gurbanmuhammedowiç Orazmämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy aýdym-saz eserleri üçin:
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasynyň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň kömekçi toparynyň artisti Nagmat Haýdarmyradowiç Annageldiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Ahal welaýatynyň medeniýet müdirliginiň medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň II derejeli artisti (sazanda) Atamyrat Ýagşymyradowiç Bäşimowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Lebap welaýat medeniýet merkeziniň saz ugry boýunça esasy usulyýetçisi Ýazmyrat Ýagmyrowiç Derýaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede guramak üçin:
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň mugallymy Nobaraly Başimowiç Nobaralyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň iş diwanynyň Bagtyýarlyk etrabynyň medeniýet bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni Öwezemin Gurbanmuhammedowiç Öwezowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki Babarap oba medeniýet öýüniň medeni çäreleriniň guramaçysy Abadangözel Baýramowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Mary welaýat medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Guwanç Islamberdiýewiç Pendiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işleri üçin:
Aşgabat şäherinden erkin suratkeş Süleýman Baýramowiç Atamämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy Meýlis Orazgeldiýewiç Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 6-njy ýyl talyby Goçmämmet Çüriýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymy Şirmuhammet Rejepmyradowiç Jepbarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Baýrammämmet Berdimämmedowiç Nyýazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
Iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler üçin:
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Dünýä Kakageldiýewna Gelenowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Ýaşasyn Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan» atly boýy 12,20 metr, ini 24 metr halyny dokan toparyny (101 adam, ýolbaşçysy Laçyn Kakaýewna Oraznepesowa) 70 700 (ýetmiş müň ýedi ýüz) manat.
2. Türkmenistanyň Merkezi banky şu kararyň birinji böleginde görkezilen baýraklar üçin jemi 375 200 (üç ýüz ýetmiş bäş müň iki ýüz) manat möçberdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan tölemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry.