Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen kikboksçylarynyň üstünligi
Sport
Türkmen kikboksçylarynyň üstünligi
Çap edildi 19.12.2016
2377

Türkmen kikboksçylary iri halkara ýaryşynda nobatdaky gezek uly üstünlik gazandylar. Bu gezek ildeşlerimiz Estoniýanyň paýtagty Tallinde geçen ýaryşda 14 medal (dokuz altyn, üç kümüş we iki bürünç) gazanmak bilen tapawutlandylar. “Full-kontakt” görnüşinde (el we aýaklar bilen diňe göwrä urgy geçirmek) 66 kilograma çenli agram derejesinde Şöhrat Hallyýew ýeňiş gazanmagy başardy. Bu baýrak Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talybynyň gazanan ilkinji baýragy däldir. Onuň üstünlikleriniň arasynda 2013-nji ýylda Inçhon şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda bürünç medal hem bar. Indi Şöhrat Aziada- 2017-de Türkmenistanyň düzüminde çykyş etmäge esasy dalaşgärleriň biri bolup durýar. Şeýle hem milli ýygyndymyzyň düzüminde çykyş etmäge Tallinde geçen halkara ýaryşynyň beýleki ýeňijileriniň hem oňat mümkinçiligi bar. Olar “full- kontakt” we “K-1” (ýapon kikboksinginiň görnüşi) görnüşlerinde çykyş eden Nurmuhammet Atabaýew, Şameret Hallyýew, Pygy Sylabow, Nariman Aýdogdyýew, Muhammet Altybaýew, Şöhrat Ýagmyrow, Azamat Jumakulyýew we Şöhrat Pirimanow dagydyr. Merdan Mämmedow, Goçmyrat Jumanyýazow we Seýitmuhammet Çaryýew kümüş medala mynasyp boldular. Çarygylyç Tagangylyjow hem-de Begjan Annagylyjow bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna galdylar. Türgenlerimiziň gazanan şeýle ýokary netijeleri gönüden-göni milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi ömrüniň 20 ýyldan gowrak wagtyny türkmen türgenlerine bagyşlan Aleksandr Snagowskiniň ady bilen baglanyşyklydyr. Onuň tälim beren türgenleriniň hatarynda dünýäniň çempiony bolan we dünýäniň kubogyny eýelän zehinli türkmen türgenleriniň birnäçe nesli bar. Bu gazanylan nobatdaky üstünlik Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň kikboksçylarynyň ýokary derejede taýýarlygyny tassyklaýar. A.Snagowsikiniň aýtmagyna görä, Aziada-2017-ä çenli galan wagtda türgenleşik işleri has hem güýçlendiriler. Geljek ýylyň dowamynda öňdebaryjy kikboksing mekdepleriniň binalarynda birnäçe halkara okuw türgenleşikleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow