Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Söwda toplumy: üstünlikler, innowasion tehnologiýalar, döwrebap hyzmatlar
Ykdysadyýet
Söwda toplumy: üstünlikler, innowasion tehnologiýalar, döwrebap hyzmatlar
Çap edildi 15.09.2023
1437

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýän söwda toplumy halk hojalygynyň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň söwda toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, durmuş ähmiýetli başlangyçlaryny bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mynasyp dowam etdirýär. Bu ulgam döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawlary netijesinde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi ýurdumyzyň önüm öndürijileri, zerur halatynda bolsa daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edip, ilatymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak, haryt bolçulygyny döretmek üçin gündelik işleri amala aşyrýar. Diýarymyzyň içerki bazarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi halkyň abadançylygynyň hem-de durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde milli söwda ulgamynda bölek we lomaý söwdany dolandyrmaga, alyjylara edilýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwrebap sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen maksatnamalaryň düzüminde ýurdumyzyň söwda mümkinçiliklerini giňeltmek, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak wezipeleri möhüm orny eýeleýär. Şunda ýurdumyzyň daşary söwda syýasatynda bu gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň BSG-ä synçy hökmünde gatnaşmagy bu gurama agza bolmak ugrundaky ilkinji ädim hökmünde milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagy üçin amatly şertleri döretmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi söwda we hyzmatlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarydyr taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýär. Bu abraýly gurama agza bolmak Türkmenistan üçin täze ýollary açar we ýurduň söwda ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ösdürmäge goşant goşjak halkara bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri döreder.

Söwda toplumynyň ýene bir ähmiýetli wakasy — şu ýylyň aprel aýynda toplumyň sergisiniň geçirilýän günlerinde Halkara söwda merkezi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň goldamagynda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portalynyň resmi taýdan işe girizilmegidir. Bu portalyň açylmagy Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan üçin serhetüsti söwda amallarynyň sanly ulgam arkaly elýeterliligine ýardam edýär.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijesinde, söwda we hyzmatlar ulgamy diwersifikasiýalaşdyrylýar, düýpli özgertmeler amala aşyrylýar hem-de ähli ulgamlarda innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Beýleki ulgamlar bilen birlikde, ösdürilmegi üçin ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýän söwda toplumy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda özgerdilýär. Muňa Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň söwda toplumynyň düzüm birlikleri tarapyndan birnäçe desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan söwda toplumyny mysal getirmek bolar. Söwda toplumynyň Arkadag şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine mynasyp goşantdygyny, olarda ilatyň ýokary hilli söwda hyzmatlaryndan peýdalanmagy, şäheriň myhmanlarynyň rahat dynç almaklary üçin zerur bolan mümkinçilikleriň ählisiniň döredilendigini aýtmak ýerliklidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda dokma pudagynda hem ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ugurda innowasion tehnologiýaly önümçilik düzümlerini döretmek, ýerli çig mal binýadynda bäsdeşlige ukyply dokma önümleriniň dürli görnüşleriniň möçberini artdyrmak babatda alnyp barylýan işler buýsandyryjydyr. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine dokma kärhanalary, hususan-da, pagta egriji, dokma, tikinçilik, gön önümlerini öndürýän kärhanalar hem saldamly goşant goşýarlar. Dokma pudagynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagy milli harytlaryň öndürilýän möçberini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümlerimiziň diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurt bazarlarynda-da eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ýokary netijeler gazanyldy. Häzirki döwürde «Gala», «Ýeňiş», «ADT», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Arwana», «Miras», «Şypaly», «Şapak», «Eýjejik», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» haryt nyşanly önümlere ilatymyz we daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna wajyp orun degişlidir. Eksport-import amallaryny düzgünleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirýän Döwlet haryt-çig mal biržasy öz işini döwrüň ösen talaplaryna laýyk kämilleşdirmek maksady bilen, maddy-tehniki binýadyny berkitmek, elektron tehnologiýalary ornaşdyrmak, birža tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak we elýeterliligini üpjün etmek ugrunda yzygiderli işleri amala aşyrýar. Biržanyň alyp barýan işleri haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna we çaltlandyrylmagyna gönükdirilip, bir tarapdan, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportynyň artdyrylmagy, beýleki tarapdan, içerki bazary halkyň sarp edýän harytlary, önümçilik-tehniki ähmiýetli önümler, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen enjamlar bilen üpjün etmek onuň strategik wezipesidir. Birža söwdalarynyň üsti bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlar dünýäniň onlarça döwletine eksport edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň milli mirasymyza bolan sarpasy bu günki gün haly sungatyna hem uly üstünlikleri getirdi. Türkmen halylary deňi-taýy bolmadyk gözelligi we ýokary hilliligi bilen dünýäniň köp ýurtlarynda meşhurdyr. Bu ugurda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny, gadymy haly nagyşlaryny hem-de irki haly önümlerini gaýtadan dikeltmekden ybarat. Birleşigiň Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän dürli nagyşly, şekilli halylar hem-de sowgatlyk önümler bilen bir hatarda, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa diňe bir içerki we daşarky bazarlarda bildirilýän islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň gymmatly mirasy bolan halylarymyzyň dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrýar. Bu ajaýyp sungatyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudratyndan döreýän nepis halylaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda berkararlygyň, bagtyýarlygyň hem-de beýik galkynyşlaryň röwşen ýoly bilen öňe barýan Diýarymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda hususy pudagyň ösüşleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bazar ykdysadyýetiniň depginli ösüşiniň möhüm şerti bolan telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we işewürligiň höweslendirilmegi hususy pudagyň rowaçlanmagyna badalga berdi. Söwda ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Geçen gysga döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Kanunlar kabul edildi. «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz sebit we ählumumy ýagdaýlaryň üýtgeýän şertlerini nazara alyp, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatynyň emele gelmegi üçin dünýä bazarynyň ulgamlaýyn derňelmeginiň möhümdigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýoludygyny belleýär. Şeýlelikde, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ulgamynda uly ösüşlere ýetildi. Munuň özi Watanymyzyň telekeçileriniň işleriniň ugurlaryny, ygtyýarlyklaryny giňeltdi, iri maýa goýum we döwlet taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklaryny şertlendirdi. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Türkmen telekeçileri söwda toplumynda, ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda, sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty ösdürmekde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýärler.

Täze taryhy döwürde «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň geriminiň giňeýän döwründe işleriň ileri tutulýan ugurlaryny, olary düzgünleşdirmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde, Türkmenistanyň söwda toplumynda daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmek boýunça çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Söwda ulgamynyň kuwwatyny pugtalandyrmakda, daşary ýurt işewürleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap, ýurdumyza maýa goýumlary çekmekde anyk netijeleri gazanmak üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Türkmenistan Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Halkara sergiler býurosyna agzalygynyň çäklerinde bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de Bütindünýä «EKSPO» sergilerine işjeň gatnaşýar. Şunda Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine, Ýaponiýanyň Osako şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine ýurdumyzyň öz milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek üçin guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakda uly mümkinçilikleri açýar.

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döredilýän ägirt uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň söwda toplumy hem yzygiderli ösdürilýär, kämilleşdirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk senesinde belent maksatlara beslenip, ösüşiň aýdyň ýolundan öňe barýan bu toplum mundan beýläk-de Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşar.

B.Atdaýew,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.

Soňky habarlar
27.07
Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
26.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.07
Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.07
M.B.Maşalow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.07
T.B.Kömekow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.07
Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
25.07
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow