Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli daşary syýasaty we abadançylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary we anyk işleri netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha belende galýar hem-de pugtalanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen häzirki wagtda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen uly üstünlikler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylky mejlisleriniň işine işjeň gatnaşýandygy aýratyn bellärliklidir.
Ýurdumyzyň BMG bilen ulag we kommunikasiýalar ýaly geljegi uly ugurlarda başlangyçly hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Köp şahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hem-de dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýar. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn uzak möhletleýin ugry hökmünde bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň ähmiýetini artdyrýar.
Durnukly ulag meseleleri boýunça Kararnamalaryň başlangyçlaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna yzygiderli hödürlemek tejribesini dowam etdirmek bilen, ýurdumyz öňde boljak 78-nji sessiýada «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamak teklibi bilen çykyş eder.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek möhümdir.
Ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň býurosynyň hem-de guramanyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy.
Bitarap Türkmenistan BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmak işlerinde işjeň orny eýelemek bilen, täze başlangyçlary öňe sürüp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär. Munuň özi Merkezi Aziýa we goňşy döwletleriň arasyndaky ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, uzak geljek üçin sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny goýmaga mümkinçilik berýär.
Çäk taýdan örän amatly ýerleşýän Türkmenistan soňky ýyllarda sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr hem-de logistik merkez hökmünde ornuny barha pugtalandyryp, özüniň ägirt uly kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar. Iri halkara forumlar bilelikdäki işiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, ulag ulgamynyň ählumumy ösüşine ýardam edýän hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny we usullaryny gözlemek üçin netijeli meýdança bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 16-njy maýynda kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistan 78-nji sessiýanyň çäklerinde BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde, 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabat prosesiniň çäklerinde Baş Assambleýanyň durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary derejeli mejlisini geçirmek teklibi bilen çykyş eder.
2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Onuň işiniň barşynda häzirki zaman ýagdaýlaryna we isleglerine laýyk gelýän hyzmatdaşlyga çemeleşmeler beýan edildi, geljegi uly meýilnamalar göz öňünde tutuldy, täze mümkinçilikler hödürlenildi, möhüm Jemleýji resminama kabul edildi.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan Aşgabat prosesine badalga berilmegi birinji ählumumy maslahatyň möhüm ähmiýetli netijeleriniň biri boldy.
Durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen nobatdaky forumy geçirmek boýunça başlangyjyň öňe sürülmegi ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ulag meselesi boýunça däp bolan netijeli gepleşikleriň zerurlygyny we yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini tassyklaýar.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty 2021-nji ýylyň oktýabrynda Hytaýyň paýtagty Pekinde «Durnukly ulag, durnukly ösüş» ady bilen geçirildi. Ýurdumyzyň sanly ulgam arkaly bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu syýasat bolsa parahatçylyk söýüjiligiň, deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmenistan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk üçin çäreleri durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň barşynda şu ýylyň dekabr aýynda Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň ýokary derejedäki birinji duşuşygyny geçirmek teklibi bilen çykyş eder.
Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACEKA) halkara ulag geçelgesiniň Hökümetara topary, Ýol gurluşykçylaryň hökümetara geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkez bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen çäreleriň çäklerinde döredilendigi bellärliklidir.
Dostlar toparynyň sanly ulgam arkaly geçirilen birinji duşuşygynda topara goşulyp, 11 döwletiň wekilleri çykyş etdiler. Olar häzirki wagtda durnukly ulagyň möhümdigi babatda habardarlygy ýokarlandyrmak, ählumumy, sebit we milli derejelerde bu ugurda özara pikirleridir tejribeleri alyşmak üçin şeýle meýdançanyň ähmiýetlidigini hem-de onuň öz wagtynda döredilendigini bellediler.
Toparyň alyp barýan işiniň maksady durnukly ulag ulgamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň anyk tekliplerini durmuşa geçirmäge, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Wena hereketler maksatnamasyny amala aşyrmaga, BMG-niň «ýaşyl» ulag babatynda Ählumumy howa maksatnamasynyň we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasynyň (BMG-Habitat) çäklerinde durmuşa geçirýän işlerine ýardam bermekden, ulag infrastrukturalaryny ösdürmekde maýa goýumlaryň innowasion gurallaryny ilerletmekden we beýlekilerden ybaratdyr.
BMG-niň Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň düzümi agzalarynyň artmagy we alyp barýan işiniň giňeldilmegi bilen täzelenip durýar. Hususan-da, topara şu ýyl Marokko Patyşalygy we Nikaragua Respublikasy hem goşuldy.
Ulag babatda möhüm nygtalmaly zatlaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjek BMG-niň Kigali (Ruanda) şäherinde geçirjek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleriniň çäginde 2024-nji ýylda Aşgabatda taýýarlyk maslahatyny geçirmek teklibi hem bar. Şunda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we berkitmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak» atly Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we ulag ulgamynda bu ýurtlaryň bähbitlerini ilerletmek boýunça BMG-niň ýörite iş toparyny döretmek babatda işlerini dowam etdirer.
Bu resminama döwletleriň bähbitlerine netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we düşünmäge ýardam etmek bilen, olary çözmek işinde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge mümkinçilik berer.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Bu forumy geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürlüp, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen Kararnamada berkidildi.
Foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çäre BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, Hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Pandemiýa döwründen soň infrastrukturalary maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni hem-de innowasion çemeleşmeleri — çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak, degişli döwletleriň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawy giňeltmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak forumyň meseleleriniň hatarynda boldy. Garaşylyşy ýaly, bu maslahatlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmaga gönükdiriler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň DÇBÖBD boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek üçünji maslahatynda beýan ediler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu halkara maslahatdaky sanly ulgam arkaly çykyşynda belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde agdyklyk edýän häzirki zaman ýagdaýlarynyň seljermesi ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmeginiň has möhüm we aýgytly ähmiýete eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär. Üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmek, çig maly we taýýar önümleri daşamagyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamyny gurmak, esasan hem, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin birleşdiriji şerte öwrülýär.
«Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişlidir» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulmagyna, Türkmenistanda multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Garaşsyz Watanymyz geografik taýdan amatly ýerleşmek bilen, yklymüsti ugurlaryň kesişýän esasy merkezleriniň birine öwrülýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzyň esasy ulag-üstaşyr merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak, täze üstaşyr ulag geçelgelerini we ugurdaş düzümleri döretmek üçin iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda howa gämileri yzygiderli satyn alynýar. Halkara howa menzilleriniň ulgamy giňeldilýär. Şeýlelikde, halkara howa gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegi üçin zerur şertler döredilýär. Milli demir ýol ulgamy goňşy ýurtlaryň demir ýol ulgamlaryna birikdirilip, bu ugurda aragatnaşygyň üznüksiz bolmagy üpjün edilýär.
Ýurdumyzda demir ýol düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan Hazar deňzindäki gatnawlara işjeň goşulyşmak bilen, bu ugurdaky mümkinçiligini doly derejede durmuşa geçirmäge çalyşýar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy milli deňiz flotuny giňeltmäge, ýük akymlarynyň we üstaşyr ýük daşamalaryň möçberlerini artdyrmaga, daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döretdi. Ýurdumyz daşary ýurtlardan gämileri satyn almak bilen çäklenmän, eýsem, olary gurmaga hem girişdi.
Ýurdumyzyň gündogar sebiti bilen merkezini birleşdirýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birikdirilmegi goňşy Özbegistan Respublikasynyň ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, şol ýerden bolsa deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder.
Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy iki ýurduň arasyndaky ulag we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder hem-de geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek «Gündogar — Günbatar» ulag geçelgesi işe giriziler.
Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ugry boýunça ulag geçelgesiniň döredilmegi sebitiň ähli ýurtlarynyň üns merkezinde durýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.
Ulag gatnawlaryny gowulandyrmak, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipler birnäçe iri halkara forumlaryň, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklaryň gün tertibine girizildi.
Şeýlelikde, ulag ulgamyndaky ileri tutulýan garaýyşlar, şeýle hem dürli halkara maslahatlarda öňe sürlen başlangyçlaryň we teklipleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň barşynda guramanyň agzasy bolan ähli döwletler, BMG-niň guramalary, edaralary, agentlikleri hem-de institutlary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň çemeleşmelerini işläp taýýarlamakda kesgitleýji bolar.
Ýokarda agzalanlary umumylaşdyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ulgamda alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasynda Merkezi Aziýa we Hazar sebitine yklym ähmiýetli iri üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýandygyny bellemek gerek.
Türkmenistan möhüm halkara başlangyçlary, şol sanda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen, ählumumy ösüşiň häzirki zaman meýillerine laýyk gelýän täze geoykdysady hyzmatdaşlyk giňişliginiň kemala getirilmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar.