Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda geçirilen üçtaraplaýyn sammite we beýleki möhüm wakalara beslenen geçen hepde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň, parahatçylyk, ösüş we özgertmeler ýaly ählumumy maksatlara gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ýurtlaryň arasynda däbe öwrülen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň senenamasyna täze sahypany ýazdy. Munuň özi şeýle görnüşde geçirilen ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr we ony taryhy waka diýip atlandyrmak bolar.
Sammitiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşyklaryň dowamynda bilelikdäki ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy. Üçtaraplaýyn sammitiň gün tertibi, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň geljegi ara alnyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy.
Soňra paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri — Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerine, köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garaldy. Taraplar dürli ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine, parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, hökümetara we pudagara hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesine ýokary baha berdiler.
Şol gün paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine umumy sebit ösüşiniň wezipeleri bilen gönüden-göni baglanyşykly üç ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleleriň toplumy girizildi.
Sammitde çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn görnüşdäki ilkinji duşuşygynyň biziň hyzmatdaşlygymyzyň mazmunyna laýyk gelýän we onuň yzygiderli häsiýetini alamatlandyrýan möhüm ähmiýetli, kanunalaýyk wakadygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn nygtaýşy ýaly, bilelikdäki işlerde ileri tutulýan ugurlaryň ylalaşylmagy, ösüşiň meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagy halklarymyzyň düýpli bähbitlerine, milli ykdysadyýetleriň mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýär. Taraplaryň öz gatnaşyklaryny häzirki döwrüň ýörelgeleri esasynda guramak bilen, umumy ösüş binýadyna daýanýandygy, olaryň köpasyrlyk oňyn tejribäni ulanyp, häzirki döwrüň geosyýasy we ykdysady şertlerinde taryhy dowamatlylygy üpjün edýändigi wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz durnukly suw üpjünçiligini sebitiň ýurtlary üçin derwaýys meseleleriň hatarynda görkezip, suw serişdelerini rejeli dolandyrmagyň gurallaryny kemala getirmek, bu ugurda netijeli çäreleri görmek meselesiniň möhümdigini nygtady. Gürrüň, hususan-da, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, beýleki degişli çäreler hem-de biziň ýurtlarymyzyň suwa bolan isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berjek tehnologik çözgütler barada barýar. Suw turbageçiriji infrastrukturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak şeýle çözgütleriň biri bolup biler.
Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Ol üç ýurduň artýan energiýa isleglerini hem-de milli energiýa ulgamlarynyň ygtybarlylygynyň zerur ätiýaçlygyny üpjün eder. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz gaz pudagynda uzak möhletli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça degişli teklibi beýan etdi.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda ulag ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Biziň ýurtlarymyz Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ulag gatnawlarynda geografik taýdan möhüm orny eýeleýär. Munuň özi üç döwletiň çäginde Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirýän doly derejeli logistika merkezini döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde maksada okgunly amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu diplomatiýa ýöriteleşdirilen düzümler — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy bilen işleri işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Döwlet Baştutanymyz söwdany giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasy, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk, maýa goýum işini höweslendirmek ýaly üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hem çetde galmaly däldigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň taslamasyny bu ugurdaky geljegi uly başlangyçlaryň hatarynda görkezdi.
Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitde eden çykyşlarynda Türkmenistanyň döwletara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berlip, taraplaryň öňde goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy. Biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady, maýa goýumlar, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi. Oba we suw hojalygy hem möhüm ugurlar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe teklipler, şol sanda häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak işini sanlylaşdyrmak, bu meselelerde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň kuwwatyndan peýdalanmak, hyzmatdaşlyk guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklar babatda teklipler beýan edildi.
Yzygiderli ösdürilýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, biziň döwletlerimiz sebit we halkara derejede ysnyşykly, özara goldamak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyk edip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işine anyk goşant goşýarlar.
Sammitiň dowamynda çykyş eden BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary Filipp Saprykin soňky 30 ýylyň dowamynda sebitiň döwletleriniň ösüş babatda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa köp ugurlarda sebit hyzmatdaşlygynyň nusgasy bolup durýar. Merkezi Aziýa ýurtlary ählumumy wehimlere garşy durmaga uly goşant goşýarlar. BMG-niň Baş sekretary muňa jogap edip, Parahatçylyk üçin täze gün tertibini öňe sürdi.
Merkezi Aziýanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertleri bilen baglylykda, Aşgabat sammitiniň taraplaryň bu meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýändigi bellenildi. Suwdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar möhüm meseleleriň hatarynda görkezildi. Merkezi Aziýa ýurtlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikde uly işleri alyp bardylar we ýokarda agzalan hem-de beýleki ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça zerur bolan çäreleri durmuşa geçirýärler.
Ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan onuň netijeleri beýan edildi. Olar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahatyna Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ileri tutulýan ugurlaryň üçüsine, birinjiden, Amyderýanyň suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna; ikinjiden, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, bu pudakda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna; üçünjiden, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, üstaşyr ulag ugurlarynyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi. Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine jogapkärçilikli hem-de başlangyçlar esasynda çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Şol gün Özbegistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlary bilen duşuşykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menzilinden gelýän ýoluň ugrunda Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän köpriniň ýanynda saklanyp, bu ýerde ýollaryň ýakalarynda ornaşdyrylýan germewleri, olaryň bezeg serişdelerini synlady. Hormatly Arkadagymyz binalaryň we desgalaryň bezeglerine ünsi çekdi hem-de bu işde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmalydygyny nygtap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna birnäçe tabşyryklary berdi.
Geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda 31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny görkezmek bolar. Onda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekişi möwsümine taýýarlyk, beýleki oba hojalyk işleri barada hasabatlar diňlenildi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy hasabatlarda beýan edilen aýratyn mesele boldy.
Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ekiş möwsüminde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegini, oba hojalyk tehnikalaryny öňde boljak möhüm möwsüme taýýarlamagy, şeýle hem gowaça, şaly, gant şugundyry we beýleki ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýeti barada durup geçdi we Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe resminamalara gol çekdi. “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Duşenbe şäherinde gol çekilen Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk tassyklanyldy.
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara kuraş assosiasiýasy bilen bilelikde, 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara kuraş assosiasiýasy bilen ylalaşyp, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.
3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe gowşurdy. Türkmen halysynyň milli muzeýinde bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa we onuň agtyklaryna halkymyzyň gadymy ýörelgeleri, zenanlaryň el hünäri, halyçylygyň taryhy, olar hakyndaky rowaýatlar, halylaryň döreýiş aýratynlyklary barada gürrüň berildi.
Şol gün paýtagtymyzda ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan şygaryna bagyşlanyp, «Garaşsyz Diýaryň geljegi ýaşlar: berkarar döwlet, ösen jemgyýet, bagtyýar nesil» atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan guraldy. Forumda ýaş nesliň durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň ilerledilmeginde eýeleýän orny, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň ylmy-tehniki döredijiligini goldamak ýaly ýaşlar syýasatynyň möhüm meselelerine deglip geçildi.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, daşary döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen parahatçylyk we döredijilik strategiýasynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.