Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 14.07.2023
3414

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;

2) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;

3) talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmaly.

2. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2070 manat möçberde;

2) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 605 manat möçberde;

3) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 500 manat möçberde;

4) döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 470 manat möçberde bellemeli.

3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1280 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

4. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini şu Permana 1 — 7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly.

5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuly.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow