Baş sahypa
\
Sport
\
Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy
Sport
Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlandy
Çap edildi 14.12.2016
2679

Skaýranning boýunça (iňlis dilinden terjime edilende “Belentlikdäki ylgaw” diýmegi aňladýar) Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemi jemlenildi. 2016-njy ýylda ýeňijileri iň soňky bäşinji tapgyr kesgitledi. Bu ýaryş paýtagtymyzyň Çandybil şaýolundan Saglyk ýolunyň gündogar bölegi boýunça “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine çenli 18 kilometrden gowrak aralyga geçirildi. Ýolda yzygiderli inişleriň we ýapyýokary bölekleriň bolandygy sebäpli, başlangyç pelleden ahyrky pellehana çenli türgenler 1320 metr belentlige galmaly bolýarlar. Ylgaw Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Arçabil etrap häkimligi tarapyndan guraldy. Ýoluň başy Köpetdagyň baýyrlyk gerişleriniň üstünden geçip, ýaryşa gatnaşyjylara ýyndamlykda bäsleşmäge mümkinçilik berdi. Ýaryşyň ýolunyň ahyrky böleginde ýapyýokarlygyna gidýän kötel hem-de ýapaşak eňňitler türgenleriň ahyrky netijede haýsy orunlary eýelejekdigini kesgitledi. Pellehana ilkinji bolup, uzak aralyga ylgamakda tejribeli türgen Perhat Annagylyjow geldi. Ol ýoly rekord netije bilen – 1 sagat 45 minut 13 sekuntda geçdi. Belentlikde geçirilen bu ýaryşda balkanabatly Ýazgeldi Ödenyýazow ondan 10 minut yza galyp, ikinji orny eýeledi. Ýazgeldi golaýda Uly Balkan dagynyň Arlan depesine geçirilen “ýapyýokary ylgaw” ýaryşynda ýeňiji bolupdy. Üçünji orny bu aralygy 2 sagat 5 minutdan gowrak wagtda geçen aşgabatly Alekper Ahmedow eýeledi. Zenanlaryň arasynda ýaryşda aşgabatly Anastasiýa Aýsina bäşinji tapgyryň ýeňijisi boldy. Bu ýerde “Saglyk ýolunyň” iň ýokary nokadynda, deňiz derejesinden bir müň metrden hem gowrak belentlikde 2016-njy ýylda skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Köpetdagyň we uly Balkanyň gerişlerinde geçirilen bäş ylgawyň jemi boýunça iň köp utuk toplan ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Onda hormat münberiniň ähli basgançaklaryny aşgabatly türgenler eýelediler. Olar tutuş möwsüminiň dowamynda yzygiderli ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. Eýýäm yzly-yzyna ikinji gezek “Agama” alpinistrler klubyndan Alekper Ahmedow Kuboga eýe bolýar. Ol hasaba alynýan ylgawlarda yzygiderli ýokary orunlary eýeledi. Ikinji orny Arslan Annamämmedow eýeledi. Dmitriý Winokurow bürünç medala mynasyp boldy. Zenanlaryň arasynda Rena Agahanowa ýeňiş gazandy, ikinji orna Najiýa Kostowa, üçünji orna bolsa Anastasiýa Aýsina mynasyp boldular. Alpinimiziň bir görnüşi bolan skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy eýýäm ikinji ýyl geçirilýär. Skaýranning güýçli depginler bilen ösüp, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde uly meşhurlyk gazanýar. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenler barha artýar.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow