Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäheri — ýaşlygyň we gözelligiň şäheri
Jemgyýet
Arkadag şäheri — ýaşlygyň we gözelligiň şäheri
Çap edildi 23.05.2023
4969

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda gurlan medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljek günlerine halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Aýdylyşy ýaly, ynsanyň ady üç zat: ýetişdiren perzentleri, ýazan kitaplary, guran binalary bilen ebedi ýaşaýar. Arkadag şäheri — Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen ýazan kämil sungat eseri. Arkadag şäheri — milli binagärligiň merjeni, ajaýyp nusgasy. Arkadag şäheri — gojaman Köpetdagyň jana şypaly tebigy aýratynlyklarynyň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar hem-de özüniň gymmatly maslahatlaryny berýär. Ýaňy-ýakynda amala aşyran iş saparynyň barşynda bolsa Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň agşamky gözelliklerini synlady. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň agşamky görnüşlerinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar. Şäheriň owadan görnüşli yşyklandyryjylary özüniň älemgoşar öwüşginleri bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän görnüşleri döredýär. Bu künjegiň arassaçylyk derejesi, döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylan çäkleri şäheriň tyllaýy agşamlary bilen utgaşyp, sungat eserine çalymdaş gözelligi emele getirýär. Bu görnüşleriň agşamyň ýakymly howa gurşawy bilen sazlaşygy adamlaryň göwnüni göterýär, olary täze sepgitlere ruhlandyrýar. Aýratyn-da, şäheriň agşamky görnüşlerini guşuçar belentlikden synlanyňda, bu ýerde adam eli bilen döredilen täsin gözelligiň şaýady bolýarsyň. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen gurlan häzirki zaman şäheriniň bezeg aýratynlyklaryna we abadanlaşdyrylyşyna, yşyklandyryş ulgamynyň özboluşly gözelliginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar — döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Ýaşlyk, täzeçillik we gözellik! Ynsan durmuşyny özgerdýän bu güýçleriň gudratyny, özboluşly sazlaşygyny Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynda, döwrebap keşbinde görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de ýurdumyzda ýaş nesillere aýratyn ynam bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň badalga bermeginde Arkadag şäherinde eýýäm iki gezek köpçülikleýin bag ekmek çäreleri üstünlikli geçirildi. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamalarynda möhüm talapdyr.

Hawa, bagtyýar maşgalalaryň ýüzlerçesine täze jaýly, täze işli bolmagyň egsilmez şatlyk-buýsanjyny, nurana bagtyny peşgeş etjek Arkadag şäheri döwrümiziň ajaýyp aýratynlyklaryny özünde jemläp, köňüllere şatlyk paýlaýar. Şahyryň aýdyşy ýaly, binasy berk, belent-belent jaýlary özünde jemleýän döwrebap Arkadag şäheriniň gündizleri görkana, gijeleri nuranadyr. Bu şäheriň müň dürli öwüşginli yşyklary özünde jemleýän gijeki owadan görnüşleri göýä asmandan Zemine, gojaman Köpetdagyň etegine inen ýyldyzlardan düzülen monjuga çalym edýär.

Ýollaryň ýalkymly, gündizleriň şuglaly, gijeleriň hemişe nurly bolsun, döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri!

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow