Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 10.05.2023
2534

Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesini bermek we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň adyny dakmak hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň netijesinde gözel Diýarymyz bu gün taryhda görlüp-eşidilmedik ösüş derejelerine ýetdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende galdyrmakda ägirt uly tagallalary edýär we atçylyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berýär. Ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, milli atçylyk sportuny we at çapyşygynyň asylly ýörelgelerini wagyz etmekde, şeýle hem atşynaslar, seýisler üçin döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň taryhynda we halkyň hakydasynda aýratyn yz galdyran şahsyýetleriň adyny ebedileşdirmek babatda amala aşyrylýan işlerden ugur alyp, türkmen halkynyň gadymy atçylyk sungatyny ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň tohumynyň arassalygyny saklamakda we nesilden-nesle geçirmekde aýratyn goşant goşan, ussat atşynas, ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlaryny hem-de Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, şeýle hem «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesini bermeli we oňa ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi» diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

3. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 23-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellemeli.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy maýy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow