Baş sahypa
\
Sport
\
Halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Sport
Halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Çap edildi 07.04.2023
2000

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylyň birinji çärýeginde geçirilen iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy guraldy.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen hem-de Bütindünýä saglyk güni bilen utgaşan dabaraly çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň barha belende galmagyna gönüden-göni ýardam berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi — ähli welaýatlarda zerur sport enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar we beýleki ugurdaş desgalar guruldy.

Aşgabatda Merkezi Aziýada iri, sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça häzirki zaman toplumlaryny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesiniň bina edilmegi türkmen sportunyň täze derejä çykmagyna ýardam berdi. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Ol türkmen sportunyň taryhynda täze sahypany açdy. Ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlygyny kämilleşdirmegi hem-de Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde derejesini pugtalandyrmak üçin 2018-nji ýylda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty uly ähmiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy hökmünde dünýäniň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli ýaryşlary guramak bilen, Olimpiýa hereketiniň giňeldilmegine hem-de wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem-de 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňeltmekde gazanan üstünliklerine dünýä bileleşiginiň beren ýokary bahasynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegine ýokary döwlet jogapkärçiligi nukdaýnazaryndan garamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty höweslendirmek, wagyz etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Işjeň dynç almak üçin zolaklaryň, sport meýdançalarynyň gurulmagy ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalarynda bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar. Munuň özi ilatyň, ozaly bilen, ýaş nesliň saglygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Bilim we mekdebe çenli edaralaryň gurluşygynda sport düzümleriniň göz öňünde tutulmagy üýtgewsiz talapdyr. Olar göwnejaý enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalarydyr ýüzülýän howdanlar, tennis meýdançalary we beýlekilerdir.

Geçirilýän işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaryşlardan başlap, sportuň tomusky we gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý oýnuny we figuralaýyn typmagy üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýanyň howa şertleriniň aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri hem ýurdumyzda uly ösüşe eýe boldy.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen Olimpiýa taglymlaryny berkarar edýärler. Şol sebäpli-de ussat türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak wezipesi “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň sport taryhy ajaýyp ýeňişlere beslenýär. Täze taryhy eýýamda uly sport üstünlikleri, şol sanda 2021-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ilkinji Olimpiýa kümüş medaly bilen onuň üsti ýetirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň häzirki nesliniň gazanýan uly üstünlikleri we ýeňişleri türkmenistanlylaryň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär. Ýaş türgenler özlerinden öňki halypalarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler.

Biziň türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we hemişe diýen ýaly medallara, şol sanda ýokary derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Sport toplumynyň esasy girelgesinde guralan ýörite sergide goýlan köp sanly kuboklar we medallar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik eden türgenleri sylaglamak indi asylly däbe öwrülip, bu dabara olaryň türkmen sportuny ösdürmäge goşýan goşandynyň ykrar edilmegidir.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalaryna — halkara ýaryşlaryň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sport üstünlikleri üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda nygtady.

Türgenleriň şanyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Şowhunly el çarpyşmalar astynda dabaraly ýagdaýda 2023-nji ýylda geçirilen halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, tapawutlanan türgenleriň köp sanlysyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Albaniýa Respublikasynyň Durres şäherinde 25-nji mart — 1-nji aprel aralygynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik eden agyr atletikaçylaryň hormatyna şowhunly el çarpyşmalar ýaňlandy.

Soňra Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde mart aýynyň başynda geçirilen suwda ýüzmek boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda dürli derejeli medallara mynasyp bolan türgenler sahna çagyryldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary 16 — 19-njy mart aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde taekwondo boýunça geçirilen Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler.

Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewoda 18-19-njy martda geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň kubogy ugrunda ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşikde baýrakly orunlary eýelän türgenlerimize hem gutlag sözleri aýdyldy.

Soňra Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde mart aýynyň ahyrynda geçirilen Sambony esaslandyryjylaryň kubogy atly halkara ýaryşda üstünlik gazanan türgenler sylaglanyldy.

Çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy topary 23 — 26-njy mart aralygynda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler.

Hokkeý boýunça 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda mart aýynyň ikinji ongünlüginde Ulan-Bator şäherinde geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň agzalary üstünlikli çykyş etdiler.

Soňra tennisçiler — 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Isa-Taun şäherinde (Bahreýn Patyşalygy) 9 — 20-nji ýanwar aralygynda guralan Günbatar we Merkezi Aziýanyň sebit saýlama ýaryşlarynda hem-de 13 — 18-nji fewral aralygynda Kolombo şäherinde (Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy) geçirilen tennis boýunça ýetginjekleriň halkara ýaryşynda baýrakly orunlary eýelänler sahna çagyryldy.

Türkmenistana “Karate 1 — Ýaşlaryň ligasy” karate-do boýunça 23 — 26-njy fewral aralygynda Fujeýra şäherinde (BAE) geçirilen halkara ýaryşda hem mynasyp wekilçilik edildi.

Şeýle hormat-sylaga mynasyp bolýanlaryň ählisi — geljegine umyt bildirilýän ýaş türgenler şu günki dabaranyň baş gahrymanlarydyr. Halkara ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän türgenler döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza özleriniň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berlendigi, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini hemişe wagyz edýändikleri, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilendigi üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Dabara gatnaşýan türgenler geljekde-de Türkmenistanyň sport abraýynyň belende göterilmegine, ýaşyl tugumyzyň dünýä derejeli iri ýaryşlarda belentde parlamagyna uly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Şu günki şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti, şeýle hem dzýudo, karate-do, sambo, taekwondo, grek-rim we erkin göreş, türkmen milli göreşi boýunça türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow