Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 17.06.2025
1545

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we doganlyk türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlamaga şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Biziň ýurtlarymyzy mäkäm baglanyşdyrýan dostlukly gatnaşyklaryň geljekki ýyllarda has-da pugtalandyryljakdygyna hem-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Tamim bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin we Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan musulman ymmatyna abadançylyk, rysgal-bereket dileýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Size berk jan saglyk we abadançylyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

MOHAMMED VI,
Marokkonyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymlydyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Abdulla bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan hem-de öz adymdan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymlydyr. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we ähli gowulyklary, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim AL TANI,
Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mübärek Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, türkmen halkyna bolsa abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş baradaky arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr. Beýik Biribardan rysgal-bereket, doganlyk ýurtlarymyza parahatçylyk we berkararlyk dileýärin. Baýramyňyz gutly bolsun!

Turki bin Mohammed bin Fahad bin ABDUL-AZIZ,
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow