Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2025-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2025-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 18.06.2025
67

Geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, hökümetara toparlaryň mejlisleri we beýleki çäreler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler we halkara guramalar bilen özara ynanyşykly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine goşant goşdy.

1 — 3-nji maýda Türkmenistanda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirildi. Bu medeni çäräniň çäklerinde paýtagtymyzda sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi. Şeýle hem dostlukly ýurduň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti, «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat geçirildi.

5-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa hem-de “Hedaýa” zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen geçirilen duşuşykda ÝB bilen howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maý aýynyň başynda Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre şu geçen döwürde «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak babatda ýurdumyzda ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga ýardam berdi.

6-njy maýda Daşary işler ministrliginde Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çägindäki özara hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň halkara bilermenlerinden ybarat baha beriş missiýasynyň agzalary bilen geçirilen gepleşiklerde häzirki wagtda bu düzüm bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hereket edýän özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda milli şähergurluşyk syýasatynyň ösdürilmegine, şol sanda ony düzgünleşdirmäge, meýilleşdirmäge, taslamalaşdyrmaga hem-de şäherlerde, oba ýerlerinde daşky gurşawy goramaga itergi berýär.

8-nji maýda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine hem garaldy.

12 — 16-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin ilkinji sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaş diplomatlarynyň, döwlet gullukçylarynyň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekden, tejribeleri hem-de bilimleri alyşmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, möhüm sebit meseleleriniň çözülmegi üçin umumy diplomatik tagallalaryň birleşdirilmeginden ybarat boldy.

Okuw maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de magistrantlarynyň arasynda “Halkara gatnaşyklar: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşik geçirildi. Ol halkara gatnaşyklar, syýasat, takyk we ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlary öz içine alyp, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, geljekki hünärmenleriň diplomatiýa ugrundaky bilimlerini çuňlaşdyrmaga ýardam bermek, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek ýaly maksada gönükdirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda medallar we diplomlar gowşuryldy.

13-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky hemişelik utgaşdyryjylary — BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Gazagystan Respublikasyndaky hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malli, Gyrgyz Respublikasyndaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Antje Grawe, Özbegistan Respublikasyndaky hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl bilen duşuşyk geçirildi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw we azyk howpsuzlygy, gender deňligi, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça BMG-niň köp sanly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança öwrüldi. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär.

13-14-nji maýda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň, ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Kataryň, Hytaýyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Pakistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň alymlary, professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Daşary ýurtly wekiller öz çykyşlarynda Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň köptaraply diplomatiýany, şol sanda ykdysady, energetika, ulag, suw, ylym-bilim, medeni, ynsanperwer, parlament, lukmançylyk, ekologiýa, ýaşlar, sport diplomatiýasyny ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dostluk, ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

BMG-niň biodürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakynda Konwensiýalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy Türkmenistanyň ählumumy ekologik meseleleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň mysalydyr. 13-14-nji maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen bilelikde guramagynda geçirilen howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatynda hem bu meseleler barada pikir alşyldy.

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy.

Aşgabatda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen geçirilen halkara derejeli duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak bilen, bu ugurda iri daşary ýurt kompaniýalary, işewür düzümler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi. Halkara duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnamalara gol çekildi.

15-nji maýda Daşary işler ministrliginiň binasynda Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçus bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle-de BMG-niň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy.

«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onda türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli pugtalandyrylýandygyna üns çekildi. Şol gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen bolan duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda netijeli ösdürilýändigi bellenildi.

18-19-njy maýda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde Tähran dialog forumy geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem gatnaşyp, öz çykyşynda ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy boýunça ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi. Çykyşda milli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygy, Hazar deňzinde port infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly ugurlara aýratyn üns çekildi. Şunda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň arasyndaky ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Tähran dialog forumynyň çäklerinde çärä gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-njy maýda Gahryman Arkadagymyz bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

19-20-nji maýda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal dünýä halklarynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmek, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ilerletmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Meşhur türkmen we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konserti, sergi, döredijilik duşuşygy, sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary üçin ussatlyk sapaklary festiwalyň maksatnamasynda orun aldy.

19-20-nji maýda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri girizildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň dostlukly ýurda saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, energetika ministri Abbas Aliabadi, nebit ministri Mohsen Paknejad bilen duşuşyklar geçirildi.

20-nji maýda türkmen wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, seljeriş we ylmy-barlag merkezleriniň bilermenleri, maliýe guramalarynyň, halkara hem-de sebit guramalarynyň wekilleri Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň «Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak» atly birinji mejlisine gatnaşdy. Onuň dowamynda howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady ösüşi üpjün etmekde hususy pudagyň we maliýe düzümleriniň ornuny berkitmek, ulag-logistika, energetika, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

21-nji maýda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi F.Paulýer bilen geçirilen duşuşykda BMG bilen ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandy barada pikir alşyldy. Nygtalyşy ýaly, BMG-niň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlary goldamaga gönükdirilen birnäçe kanunçylyk namalary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2025 — 2027-nji ýyllar üçin «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşyk, şeýle hem HHR-iň Başlygynyň orunbasary Han Çžen, Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň BMG-niň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandyklary we ýokary derejedäki ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda parlamentler derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegine hem aýratyn üns çekildi.

22-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň ýurdumyzdaky agentlikleriniň we sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine BMG bilen 2026 — 2030-njy ýyllarda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmegiň Çarçuwaly maksatnamasynyň täze tapgyry üçin Türkmenistanyň milli derejede ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrmagyň ýollaryny gözlemek ýaly meseleler girizildi.

23-nji maýda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda tehniki kömek, maslahat beriş goldawy hem-de işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Makroykdysady görkezijilere gözegçilik etmek, statistiki maglumatlary alyşmak, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi bilen baglylykda, düzümleýin özgertmeleri ilerletmek, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy babatdaky meselelere aýratyn üns çekildi.

24-25-nji maýda paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan sergi Watanymyzyň şähergurluşyk, senagat, innowasiýalar, ylym, medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny görkezýän netijeli meýdança öwrüldi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, giň gerimli şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň ösüşiň, gözelligiň hem-de geljegiň şäheri, sebitiň innowasiýa, ylym, bilim, medeni we senagat merkezi hökmünde dünýädäki at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.

26-njy maýda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda strategik hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji maýda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine häzirki wagtda hereket edýän Çarçuwaly maksatnamanyň ýerine ýetirilişine syn bermek, 2026 — 2030-njy ýyllar üçin maksatnamanyň indiki tapgyryna garamak, degişli döwür üçin BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň ýurt boýunça maksatnamalaryny tassyklamak ýaly meseleler girizildi.

28-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşykda guramaçylyk-protokol häsiýetli meseleleriň giň toplumy, şeýle-de BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy.

31-nji maýda Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilani bilen geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi hem-de bu gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, halkara düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Şeýlelikde, geçen aýyň dowamyndaky dürli çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan yzygiderli hem-de köpugurly işini, Türkmenistanyň durnukly ösüşiň ýolunda täze belentliklere tarap ynamly ädýän ädimlerini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
18.06
2025-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.06
Ýaş türkmenistanlylar küşt boýunça halkara ýaryşyň umumy medal hasabynda birinji orny eýelediler
17.06
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitindäki çykyşy
17.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow