Baş sahypa
\
Resmi
\
«Arkadag» gazetiniň redaksiýasy döredildi
Resmi
«Arkadag» gazetiniň redaksiýasy döredildi
Çap edildi 02.04.2023
4451

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitlerini dünýä ýaýmak, wagyz etmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şeýle hem şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Arkadag” gazetiniň redaksiýasy ýuridik şahs hökmünde döredildi hem-de gazetiň redaksiýasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy. “Arkadag” gazetini 2023-nji ýylyň iýul aýyndan türkmen dilinde neşir edip başlamak hem-de hepdede bir gezek çap etmek bellenildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow