Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Medeniýet
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Çap edildi 07.03.2023
2542

Şu gün Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.

Ýurdumyzda bu ajaýyp bahar baýramy halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda, mährem enelere bolan hormaty özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir.

Türkmen zenanlary asyrlaryň dowamynda haly dokamak, keçe basmak, keşdeçilik sungatyny dowam etdirip gelipdirler. Bu sungatlarda türkmen zenanlaryna mahsus çeperçilik öz beýanyny tapýar. Gadymy rowaýatlarda türkmen zenanlarynyň dutarda saz çalandyklary we kähalatlarda erkek bagşylardan hem ökde çykandyklary barada aýdylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda türkmen halyçy zenanlarynyň zehini bilen dutarda saz çalmak sungatynyň arasyndaky baglanyşyk inçeden beýan edilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlarynyň ruhy, aň-paýhas we ahlak mümkinçilikleri durmuş meselelerini çözmekde, medeni däpleri gorap saklamakda, ýaş nesli terbiýelemekde barha işjeň ulanylýar. Zenanlar baradaky alada, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli zenanlaryna — edara-kärhanalaryň işgärlerine, hormatly dynç alyşdaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri sarpalamak dabarasy boldy. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna täze, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.

Olaryň hemmesi Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular. Bu ýere Watanymyzyň dürli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar, «Ýylyň zenany — 2023» we beýleki döredijilik, hünär bäsleşikleriniň ýeňijileri bar. Şeýle hem baýramçylyk konsertine Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri çagyryldy.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyrylyp, onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň zenanlara bagyşlanan eserleri, ajaýyp el işleri zenanlar baýramy bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary görkezildi.

Baýramçylyk konserti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda goýlan aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Meşhur aýdymçylar, teatr artistleri, birleşen döredijilik-tans toparlary ene mukaddesligi, Watan, maşgala ojagy ýaly gymmatlyklary wasp etdiler.

Soňra «Güneş» çagalar hory, «Mukam» çagalar skripkaçylar hem-de «Şowhun» çagalar tans toparlary «Ejem jan» atly çykyşy ýerine ýetirdiler.

Çykyş eden aýdymçylar enelere, uýalara, gelin-gyzlara özleriniň iň gowy duýgularyny şatlyk bilen beýan etdiler. Meşhur opera we estrada aýdymçylary mähriban zenanlar üçin milli hem-de dünýäniň nusgawy aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Halk bagşylarynyň, folklor, tans toparlarynyň çykyşlarynda geçmişiň we häzirki zamanyň arabaglanyşygy aýdyňlygy bilen öz beýanyny tapdy. Çykyşlarda zenanlaryň gözelligi, wepalylygy, asyllylygy wasp edildi.

Şeýle-de konsertde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen «Ýadymda» atly aýdym belentden ýaňlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ajaýyp eserinde dünýäniň ähli gözelligini özünde jemleýän nurana söýgi wasp edilýär. Özüniň ýakymly sazy we çuňňur many-mazmunly sözleri bilen bu aýdym diňleýjileriň kalbynda uly orun aldy, şowhunly el çarpyşmalar bolsa onuň subutnamasy boldy.

Konsertde Watany wasp edýän owazlar, söýgi aýdymlary, halk aýdymlary, öz döredijiliginde türkmen zenanlarynyň gözelligini, ene mährini wasp edýän tanymal şahyrlaryň sözlerine döredilen eserler ýerine ýetirildi. Artistleriň ähli çykyşlary wideoşekiller bilen utgaşdyryldy. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna halk döredijiliginiň aýdyň nusgasy bolan gadymy küştdepdi tansy hem girizildi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk konserti Garaşsyz Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlaryny hem-de bu ajaýyp bahar baýramyny wasp edýän «Eziz Watan toý tutýar, gutlap baýramyňyzy!» atly aýdym bilen tamamlandy.

Baýramçylyk günlerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň esasy sahnalarynda hem-de konsert zallarynda geçirildi. Hemme ýerde mähriban zenanlarymyza parahatçylyk, şatlyk, abadançylyk baradaky arzuwlar belentden ýaňlanýar.

Soňky habarlar
22.05
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
22.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
22.05
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.05
Metbugat habary
22.05
Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili
21.05
Watanymyzyň mukaddes tugunyň astynda ösüşiň täze sepgitlerine tarap
21.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy
top-arrow