Baş sahypa
\
Sport
\
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy
Sport
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy
Çap edildi 12.05.2025
65

Şu gün Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň “Arkadag” futbol toparynyň gazanan taryhy ýeňşi mynasybetli ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Halkara derejede ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göteren futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip, dabaranyň başlanýan ýerine geldiler. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. “Çagyryş ligasynyň çempiony” diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar.

Toparyň türgenleri Akhan, Aba Annaýew hem-de Kärizek şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna tarap ugradylar. Ýol ugrunda ajaýyp ýeňiş gazanyp, tutuş halkymyzy begendiren futbolçylary Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, janköýerler şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň nurana ýollarynyň ugrunda belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary “Arkadag” toparynyň taryhy ýeňşiniň waspyny ýetirdi.

Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanydyr. Şäheriň durnukly ösüş, ekologik taýdan arassalygy, innowasion çözgütleri üçin köp sanly halkara güwänamalara we baýraklara mynasyp bolmagy bu ýerde iri şähergurluşyk taslamasynyň ýokary derejede durmuşa geçirilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň başynda Milli Liderimiziň tagallasy bilen esaslandyrylan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda ajaýyp ýeňiş gazanyp, festiwalyň Altyn baýragyna hem-de beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli şanly wakalara, beýik ýeňişlere beslenýändiginiň beýanydyr.

“Arkadag” futbol toparynyň türgenleri 10 müň orunlyk stadionyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Ajaýyp ýeňiş gazanyp, halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşan futbolçylara türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, duz-çörek hödür edildi. Il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, ýaş türgenler futbolçylara ak ýol arzuw etdiler. Olaryň gazanan ýeňşi ýaş türgenler üçin nusgalyk göreldedir.

Bu ýerde guralan dabara täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara baý boldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler “Arkadag” toparynyň gazanan ýeňşiniň Gahryman Arkadagymyzyň milli sporty ösdürmek babatda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidigini nygtadylar.

“Arkadag” futbol klubunyň ýolbaşçysy A.Amanow öz toparyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara sport ýaryşynda çempion bolmagyň, abraýly Kubogy gazanmagyň miýesser edendigini belledi. Bu üstünligiň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri, şahsy göreldesi, uly yhlasy bardyr.

Ol Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Arkadag şäherinde sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, esaslandyrylanyna köp wagt geçmedik, «Arkadag» adyny uly buýsanç bilen göterýän toparyň gazanýan ýeňişleriniň munuň aýdyň güwäsidigini nygtady. “Futbol toparymyz AFK-nyň 2024-2025-nji ýyl möwsüminiň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmak bilen, Kuboga we pul baýragyna mynasyp boldy. Şu taryhy günde toparymyzyň agzybir türgenleridir tälimçileri, hünärmenleri bolup, ýaryşda gazanylan pul baýragyny Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmek üçin türkmen halkynyň Milli Liderine ýüz tutup bermegiňizi Sizden haýyş edýäris” diýip, A.Amanow Arkadag şäheriniň häkimine ýüzlendi.

Bellenilişi ýaly, bu ajaýyp ýeňiş Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak ugrunda edýän tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Täze şäheriň futbolçylary çempionatyň Kubogyna mynasyp bolup, türkmen sportunyň şan-şöhratyny belende göterdiler. Şeýle hem çykyş edenler “Arkadag” toparynyň türgenleriniň ýurdumyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýyny artdyrmak ugrunda mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdiler.

Arkadag şäheriniň futbol topary ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky bäsleşiklerde öňe saýlanmagy başardy. Munuň özi şäheriň sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigini, türgenleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny äşgär edýär. Futbolçylaryň yzly-yzyna ýeňiş gazanmaklary olaryň öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda edýän yhlasynyň aýdyň netijesidir.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň çäklerinde “Arkadag” futbol klubunyň ýolbaşçysy A.Amanow täze şäheriň futbolçylarynyň abraýly halkara ýaryşda çempion bolmagy bilen gazanan Kubogyny Arkadag şäheriniň häkimligine uly hormat bilen gowşurdy.

Soňra “Arkadag” toparynyň tälimçilerine we türgenlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Tälimçilerdir türgenler toparyň gazanan ýeňşine berlen ýokary baha üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Türgenler Milli Liderimiziň: “Ýeňiş gazanmak siz bilen, alkyşlamak biz bilen!” diýen jümlesinden ruhlanyp, halkara ýaryşlarda mundan beýläk-de üstünlikli çykyş etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra “Arkadag” toparynyň taryhy ýeňşiniň hormatyna belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlara, joşgunly tanslara giň orun berildi. Aýdym-sazlarda bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ösüşleri, milli sportumyzyň üstünlikleriniň waspy öz beýanyny tapdy.

Dabara köpöwüşginli feýerwerk bilen utgaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň milli sportunyň belent derejelere ýetmegi, “Arkadag” futbol toparynyň uly ýeňiş gazanmagy mynasybetli guralan dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Dürli öwüşginli yşyklardan dörän şekiller Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän täze şäheriň nurana asmanyny ýagtylandyryp, hemmelere Arkadag şäheriniň futbolçylarynyň gazanan ýeňşini buşlady.

Soňky habarlar
12.05
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.05
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy
12.05
«Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine we janköýerlerine
12.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
12.05
Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony «Arkadag» futbol toparyny sarpalamak dabarasy
12.05
Diplomatiýa boýunça sebit hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
12.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy
11.05
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen
11.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow