Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 06.02.2023
1397

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek işleri agrotehniki talaplary berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler guramaçylykly dowam edýär.

Öňümizdäki ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar edip goýmak hem-de suwdan rejeli peýdalanmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýarlanylýar. Şeýle hem häkim obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaýa ideg etmegiň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegi, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamagyň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky, binalardaky gurluşyk işleriniň barşyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar, ýazky oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary doly taýýar etmek, welaýatda suwdan tygşytly peýdalanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, welaýatyň pagta öndürijilerini ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň, welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap alynmagynyň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär, hususan-da, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleri güýçli depginde alnyp barylýar, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, öňümizdäki ýazky möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleri taýýarlanylýar, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi we şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekiljek ýerleri sürmek, tekizlemek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, pagta öndürijileriň ekişe çenli ýeterlik mukdarda ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly alnyp barylýar, 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär. Pagtaçy kärendeçileri ekişe çenli ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar gözden geçirilýär, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, şeýle hem welaýatyň çäginden geçýän derýalarda kadaly suw akymy alnyp, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän akabalary, ýaplary arassalamak işleri talabalaýyk guralýar. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň wajypdygyny belledi we gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň depginini güýçlendirmek, öňümizdäki möwsümde ulanyljak tehnikalary, gurallary taýýarlamak, ýazky ekişe çenli pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen doly üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, häkime degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, öňümizdäki oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalar, gurallar abatlanylýar, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, suwdan rejeli we netijeli peýdalanmak, hususan-da, suw howdanlaryny we akabalary arassalamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, häkim welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň taýýarlanylýandygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň bereketli hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine çenli taýýarlamak, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary gözden geçirmek, doly taýýar etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ak ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu işleriň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme doly taýýarlamak we işleriň depginini güýçlendirmek, ekişde ulanyljak tehnikalary hem-de gurallary abatlamak, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur işleriň geçirilmelidigini belledi we bu babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň, şu ýylyň hasyly üçin gowaçanyň hem-de ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň, ilatly ýerleriň elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň, obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly işiniň möhüm şerti bolan suwdan netijeli peýdalanmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
16.04
Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
16.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 2-nji tapgyryň netijeleri
top-arrow