Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
Çap edildi 24.08.2026
11

Geçen hepdäniň wakalary «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede öz beýanyny tapýan, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän özgertmeler maksatnamalarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysallary boldy.

19-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna baryp, goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyza 400 orunlyk täze şypahana binasynyň düýpli döwrebaplaşdyrylýan “A” hem-de “B” binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň, çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, dürli maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň, 4 gatly awtoulag duralgasynyň şekilleri görkezildi. Taslamalar bilen içgin tanşyp, hormatly Prezidentimiz olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde guraljak binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek meseleleri boýunça aýratyn tabşyryklar berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, şypahananyň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, bejeriş işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigi bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, olarda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şypahanalarda bolup, dynç alşyň hözirini görýändiklerini hem-de saglygyny berkidýändiklerini nazara alyp, bu ýere gelýänleriň sanynyň artýandygyny aýtdy we olara edilýän hyzmatlaryň derejesine üns bermegi tabşyrdy.

20-nji awgustda döwlet Baştutanymyz ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigi aýdyldy. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde-de özara medeni çäreleri guramak arkaly işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bolan özara ymtylyşy nazara almak bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

21-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, şunda otaglaryň sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglar bilen içgin tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz, ähli ugurlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda çagalaryň saglygyny dikeltmekde-de emeli aňyň mümkinçiliklerinden, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyna ünsi çekip, merkeziň otaglarynda gurnalan enjamlaryň netijeli, uzak möhletleýin esasda ulanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz merkeziň bölümlerinde ýerine ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny saklamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi geçirilen bejergileriň taryhy bilen islendik döwürde sanly ulgam arkaly tanyşmak mümkinçiligini üpjün eder. Bu bolsa lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça tejribe toplamaklarynda ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz merkeziň bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde, anyk netijäni nazarlaýan görnüşde geçirilmegi bilen bir hatarda, arassaçylyk ýagdaýyna-da möhüm üns bermegi tabşyrdy. Bölümleriň arassaçylygy, olarda howa çalşygynyň üpjün edilmegi saglygy goraýyş işgärlerine bildirilýän esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz bölümleriň enjamlaryny uzak möhletleýin esasda ulanmak maksady bilen, olary rejeli peýdalanmak işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini ýene-de bir gezek belledi. Şol bir wagtyň özünde, lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň özleşdirmekleri ugrunda ähli zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Bu barada anyk tabşyryklary berip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň daşyna çykdy we gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy.

22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän gününde açylmagy meýilleşdirilýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy we toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen tanyşlyk çäresine gatnaşan germaniýaly dünýä belli professor-lukmanlar Fritz Şpelsberg hem-de Sýuzanna Şpelsberg türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. GFR-iň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary şekil taslamalarynda görkezilýän enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň onkologiýa keseliniň öňüni almak hem-de bejermek bilen baglanyşykly mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.

Milli Liderimiz myhmanlar bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda onkologiýa, howply keselleriň öňüni almak we bejermek bilen bagly ugurlarda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Lukman Arkadagymyz bu gurama bilen 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamanyň taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dürli pudaklarda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolar.

Germaniýaly lukmanlar Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölümlerinde oturdylan enjamlaryň örän kämildigini aýratyn nygtadylar. Lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna, bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň, sanly tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagyna zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu işe şu günüň we geljegiň nukdaýnazaryndan garalmalydygyna ünsi çekdi. Merkezde işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi, onuň işine ýaş lukmanlaryň çekilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ylmy-kliniki merkezde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly amala aşyrmak, onkolog lukmanlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, oňa ýaşlary işjeň çekmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady. Şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary bilen bilelikde iş alyp barmagy wajypdyr. Enjamlaryň emeli aňyň mümkinçilikleri, sanly tehnologiýalar arkaly işleýändigi nazara alnanda, merkezde internetiň tizliginiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz ähli bölümlerde sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internetiň bökdençsiz işiniň ýola goýulmagy babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Milli Liderimiz merkeziň bölümlerinde arassaçylygyň, kadaly howa çalşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesine oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş babatda baý tejribe toplan germaniýaly lukmanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň bölümleri bilen tanyşlygyň dowamynda olaryň arasynda bir bitewi aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr. Adamlaryň öýünde oturan ýerinden gerek bolan maglumatlary alyp bilmegi üçin mümkinçilikler döredilmelidir. Mundan başga-da, näsaglaryň yzyndan geljekler üçin olaryň saglyk ýagdaýy baradaky we beýleki ugurlar boýunça maglumatlar elýeterli bolmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylmagy bilen, onuň bölümleriniň talabalaýyk işiniň ýola goýulmalydygyny, bu işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny aýtdy. Şeýle-de merkeziň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara bu ýerde täze saglyk şäherçesini döretmek bilen bagly meseleleri degişli düzümler bilen bilelikde maslahatlaşyp, içgin öwrenmek we bu barada hormatly Prezidentimize teklipleri hödürlemek boýunça maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň belleniljek günlerinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek we onuň yzysüre saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman meselelerini öz içine alýan halkara ylmy-amaly maslahaty guramak babatda hem maslahatlaryny berdi.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň 18 — 35 ýaşly dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ýeňijiler ýörite diplom we Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy, şeýle-de bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çagalardyr ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän meýdança bolan hem-de dört günläp dowam eden “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka hem geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. “Bu iri möçberli sergi-ýarmarka ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryna, bilim edaralaryna, halkara guramalara öz döwrebap önümlerini we hyzmatlaryny, häzirki zaman gazananlaryny hem-de geljekki ösüş ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik döreder” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Sergide Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işlerine, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümlerine bagyşlanan diwarlyklar uly gyzyklanma döretdi. Halkara sergi-ýarmarka täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ene-atalaryň çagalary üçin dürli görnüşli mekdep esbaplaryny we lybaslary satyn almaklary babatda hem amatly mümkinçilikleri döretdi. Şu ýylky serginiň esasy aýratynlygy ýaşajyk raýatlaryň işjeň gatnaşan interaktiw oýun zolaklarynyň döredilmegi boldy. Onuň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen küşt ýaryşy sportuň bu görnüşi boýunça iň zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Bu ýaryşa dünýäniň 10-a golaý ýurdundan ýaşajyk küştçüleriň gatnaşmagy onuň geriminiň giňdigini görkezýär. Şeýle hem sergide çagalar Halkara mekdep küşt federasiýasynyň tälimçileriniň we ussat grossmeýsterleriň küşt boýunça tälim berijilik sapaklaryna gatnaşdylar. Halkara sergi-ýarmarka ata-eneler, bilim-terbiýeçilik işine gatnaşýan hünärmenler üçin-de peýdaly çärelere baý boldy. Hususan-da, çagany geljekki hünärlere ugrukdyrmak, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy barada maslahat beriş geňeşmeleri geçirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Bu syýasatyň baş maksady ruhy gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmakdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan, halkymyzyň abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmakdan, Watanymyzyň halkara abraýyny berkitmekden ybaratdyr.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow