Baş sahypa
\
Resmi
\
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Resmi
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Çap edildi 22.08.2026
4185

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny has-da ösdürmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikleri, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp etmek, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäheri boýunça:

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Şeker Şöhradowna Allagulyýewa;

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň telekommunikasiýalar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Täçmämmet Altymyradowiç Pürmämmedow;

Arkadag şäheri boýunça:

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy Ýusup Gaýgysyzowiç Baýjykow;

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 3-nji ýyl talyby Didarmuhammet Wepaýew;

Ahal welaýaty boýunça:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Merdanowna Jumabaýewa;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Yhlas Kakageldiýewiç Samadow;

Balkan welaýaty boýunça:

Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Güljemal Rejepmyradowna Çakanowa;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Öwezgeldi Baýramgeldiýewiç Gutlyýew;

Daşoguz welaýaty boýunça:

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Aýperi Begenjowna Artykowa;

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň saz sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Sahy Nepesowiç Täçmedow;

Lebap welaýaty boýunça:

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby Esen Bagtyýarowiç Atamuradow;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Jeýhun Ataniýazowiç Çaryýew;

Mary welaýaty boýunça:

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Oguljennet Bazarmyradowna Hojakowa;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýnäzli Maksatmyradowna Rahmanowa.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow